Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


OKAMAKLYK [okomokluk], iş ady. Okamak  ýagdaýy.  OKAMAZLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet247/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   243   244   245   246   247   248   249   250   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OKAMAKLYK [okomokluk], iş ady. Okamak 
ýagdaýy. 
OKAMAZLYK [okomozluk], işl. Okamak işini 
berjaý etmezlik, ýerine ýetirmezlik, okaman durmak, 
okaman oturmak. 
OKARA [okoro], at. Nahar iýilýän kiçiräk agaç 
gap. Bar, okaram, gel, okaram, barmasaň, gelmeseň, 
ara ýolda döwül, okaram (Sanawaç).

Okaraňy getir süýt bereýin kekene. Okara 
ýaly ullakan, balkyldap duran (göz hakynda). Onuň 
okara ýaly owadan gözleri bardy.  
OKARALAMA 
[okorolomo], 
iş 
ady. 
Okaralamak ýagdaýy. 
OKARALAMAK [okorolomok], işl. Bir zat 
alnyp-berlende ölçeg hökmünde okarany ulanmak
okara bilen almak, bermek, ölçemek. 
OKARALAÝYŞ 
[okoroloýuş], 
iş 
ady. 
Okaralamak ýagdaýy. 
OKARA-OKARA [okor(o)-okoro], at. Birnäçe 
okara, köp sanly okara. Okara-okara agaran içeňde 
gaňşyrawugyňy tütedýän gorly çal Amanyň agzyna 
has-da ýakymlyrak degýärdi (B. Kerbabaýew).
OKARYK [oka:ryk], at. Keşlere suwy gyradeň
goýbermek üçin keşleriň gapdalyndan keseligine 
gazylýan ýap. 
OKAŞDYRMAK [okoşdurmok], işl. Okap 
çykmak, hemmesini okamak. 
OKAŞMAK [okoşmok], işl. 1. Bir haty we ş.m. 
okamaga kömek etmek. Men oňa köne golýazmany 
okaşdym. 2. Birnäçe bolup, bilelikde okamak.


137 
Olaryň hemmesi Rejebiň ýoldaşlary, agşamlaryna 
bile kitap okaşan, işleşen çagalarydy (H. 
Ysmaýylow). Oglan-gyzlar okaşyp ýör garyşyp, 
Yhlas bilen ylym alýar ýaryşyp (N. Annagylyjow). 2
Çalt we çeper okamakda ýaryşmak. Iki dost oglan 
biri-birinden ökde çykjak bolup, goşgy okaşdylar

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   243   244   245   246   247   248   249   250   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling