Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


OKATDYRMAK [okotdurmok], işl. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet248/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   244   245   246   247   248   249   250   251   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OKATDYRMAK [okotdurmok], işl. 1. Kitaby, 
haty we ş.m. başga birine okatmak. Ejem onuň ýazan 
hatlaryny tapyp, okatdyryp eşidýärdi. 2. Möý, ary, 
içýan, ýylan çakanda biler-bilimsege doga okatmak. 
OKATMAK [okotmok], işl. 1. Okamak işini 
başga birine etdirmek.Şahyr ýaňyja ýazan goşgusyny 
okatmak üçin dostuna uzatdy. 2.Birine sowat 
öwretmek, bilim bermek. 3. Okamaga mümkinçilik 
bermek, rugsat etmek. Ol gyzyny uniwersitetde 
okadýar.
OKAÝYŞ [okoýuş], iş ady. Okamak ýagdaýy
Onuň goşgyny labyzly okaýşy oturan adamlara 
ýarady. 
OKAÝJY [okoýjy], at. Çap etmek üçin ýygnalan 
ýazgyny okaýan, asyl nusgasy bilen barlap, deňeş-
dirýän çaphana, neşirýat, metbugat işgäri. 
OKÇY,at. 1. Ýaýyň okuny atmaga ökde mergen. 
2. Mergen. – Eý, Saýat han, okçy bolsaň, şu almany 
urgul  diýdi (

Saýatly – Hemra

). 
OKDAN [okda:n], at, harby. 1. Ok gutusy, 
oklaryň ýerleşýän gaby; sagdak. 2. Seçme, däri 
salynýan teletin gap. 
OK-DÄRI [ok-dä:ri], at. Ok hem däri, ot açýan 
ýaragy atmak üçin gerek bolan serişdeler. 
OKDURYLMA 
[okdurulmo], 
iş 
ady. 
Okdurylmak ýagdaýy. 
OKDURYLMAK [okdurulmok], işl. 1. Biriniň 
ýa-da bir zadyň üstüne hyjuwly, çalasyn topulmak. 
Möjegiň kellesine gözi düşen badyna Perman atyna 
baka okduryldy (A. Gowşudow). 2. Çalt hereket 
etmek, okgunly gitmek. Akar suw täzeräk arçalan 
ýabyň içi bilen yňdarylyp, aşaklygyna bakan 
okduryldy (Ý. Mämmediýew). 
OKDURYLMAKLYK [okdurulmokluk], iş ady. 
Okdurylmak ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   244   245   246   247   248   249   250   251   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling