Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ONUNJY [o:nunjy], san. 10 sanyndan ýasalan  tertip san. ONY-MUNY


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet256/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   252   253   254   255   256   257   258   259   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ONUNJY [o:nunjy], san. 10 sanyndan ýasalan 
tertip san.
ONY-MUNY [onu-muny], çal. Kim-de bolsa 
birini, haýsydyr bir zady (ser. O-bu). Ony-muny 
soramak. 
ONÝANÇA [onýa:nça:], hal. Hereketiň amala 
aşmaly wagtynyň öň ýany, öňinçäsi. Onýança 
kepbäniň ilersinden at aýagynyň sesi eşidildi (H. 
Derýaýew). Ol basym gelmeli bolsa, onýança men şu 
ýerde garaşaýaýyn. 
ONÝYLLYK [o:nýyllyk], at. On ýyl üçin 
niýetlenen.
OŇ Isyp. Haýyrlyşowly, ugruna, oňat, peýdaly. 
Ykballynyň ugran işi oň görner, Dünýä ýüzi ele girse, 
taň görner (Magtymguly). Şu oň işi düzetmek 
hakynda maňa kömek ber! (A. Gowşudow).

Oň bolsun! şowly, haýyrly, başlanan işiň şowly, 
ugruna bolmagy arzuw edilip aýdylýan alkyş sözi. 
OŇ IIsyp., kön.s. Sag, çep däl.
OŇALGA [oňolğo], at. Oňňut, gün-güzeran, 
ýaşaýyş üçin azyk önümleri. 
OŇALGALY [oňolğoly], syp. Oňňut, günema, 
ýaşaýyş üçin zerur serişdesi bar bolan. 
OŇALGALYK [oňolğoluk], syp. Oňňut etmek 
üçin ýeterlik zat. 
OŇALGASYZ [oňolğosuz], syp. Oňňut, günema, 
ýaşaýyş üçin zerur serişdesi bolmadyk. 
OŇALGASYZLYK 
[oňolğosuzluk], 
at. 
Oňalgasy ýokluk, oňalgasy bolmazlyk. 
OŇALMA [oňolmo], iş ady. Oňalmak ýagdaýy. 
OŇALMAK [oňolmok], işl. 1. Düzgüne girmek,
gowulaşmak, oňatlaşmak. Orsgeldiniň durmuşy, 
ýagdaýy oňalyp başlady (A. Gowşudow). 2
Sagalmak, gurplanmak, daýanmak, aýňalmak. Ýeri 
sazdyr, hassa bolan sagalar, Arryk müflis, garyp 
bolan oňalar (Magtymguly). 4. Biriniň gylyk-häsiýeti 
düzelmek, gowulanmak.
OŇALMAKLYK [oňolmokluk], iş ady. Oňalmak 
ýagdaýy. 
OŇALMAZLYK [oňolmozluk], işl. Biriniň 
gylyk-häsiýeti düzelmezlik, gowulanmazlyk. Senem 
ulalyp oňalmadyklaryň biri bolupsyň-da!?  
OŇALTMAK [oňoltmok], işl. Oňalar ýaly 
etmek. 
OŇALYŞ [oňoluş], iş ady. Oňalmak ýagdaýy. 
OŇALYŞMAK [oňoluşmok], işl. Dura-bara 
oňalmak (oňalmak sözüniň ähli manylary boýunça). 


142 
OŇA-MUŇA [oňo-muňo], çal. O ýere, bu ýere, 
eýlesine-beýlesine. Dükana girenler oňa-muňa 
seredişip, esli durdular. 
OŇARMA [oňormo], iş ady. Oňarmak ýagdaýy. 
OŇARMAK [oňormok], işl. 1. Bir işi başarmak, 
ýerine ýetirip bilmek, hötdesinden gelmek. 2. Bir 
zady düzetmek, bejermek. Soňundan bolsa men 
oňaraýyn, soňunyň çigit ýaly pikirini çekme (H. 
Derýaýew). 3. gepl.d. Ýerinde diýmek, wagtynda
aýtmak; duzlamak. – Sen, bolsa-da, ony oňardyň! – 
Päheý, sen-ä oňardyň-ow! – diýip, keýp edip güldi. 
OŇARMAKLYK 
[oňormokluk], 
iş 
ady. 
Oňarmak ýagdaýy. 
OŇARMAZLYK [oňormozluk], at. Bir zady 
oňaryp, başaryp, ýerine ýetirip bilmezlik. 
OŇAR-OŇMAZ [oňor-oňmoz], syp. Gün-
güzeranyny ýetde-gütdelikde geçirýän, bir garny aç, 
bir garny dok. Oňar-oňmaz güzeran. 
OŇARTDYRMAK [oňortdurmok], işl. Oňarmak 
işini başga birine etdirtmek. 
OŇARTMAK [oňortmok], işl. Oňarmak işini 
birine etdirmek. Kätmeni ussa äkidip oňartmak 
gerek. 
OŇARYLMAK [oňorulmok], işl., gepl.d. Bir zat 
tertibe 
salynmak, 
bejerilmek, 
düzedilmek.  
Okaberseňiz, işläberseňiz özi oňarylar gider (H. 
Ysmaýylow).
OŇARYŞ [oňoruş], iş ady. Oňarmak ýagdaýy. 
OŇARYŞDYRMAK 
[oňoruşdurmok], 
işl. 
Birnäçe zady bir ýanyndan oňaryp çykmak. 
OŇARYŞMAK [oňoruşmok], işl. Oňarmaga, 
bejermäge, düzetmäge kömekleşmek. 
OŇAT [oňot], syp. Hil taýdan gowy, ýagşy, erbet 
däl.
OŇATÇYLYK [oňotçuluk], at, ser. Oňatlyk
OŇATLANDYRMAK [oňotlonnurmok], işl. 
Gowulandyrmak, öňküsinden gowy etmek. Işi 
mundan hem has oňatlandyrmak üçin diňe bir ýol 
bar (N. Pomma). 
OŇATLANMAK [oňotlonmok], işl. Oňat 
bolmak, 
gowulanmak, düzelmek. 
Öýüň içi 
oňatlanan, ýagtylan ýaly boldy. 
OŇATLAŞMAK [oňotloşmok], işl. Gowy bolup 
başlamak, gowulaşmak, ýagşylaşmak. 
OŇATLAŞYBERMEK [oňotloşuvermek], işl. 
Gowulaşyp başlamak, ýagşylaşybermek. 
OŇATLYK [oňotluk], at. Gowulyk, ýagşylyk, 
erbet dällik. Her zadam bolsa, bolan gep-gürrüňi 
oňatlyga ýormaga çalyşdy (

Edebiýat we sungat

). 
OŇAÝ [oňoý], syp. 1. Bir işi etmegiň täri, ugry, 
ýoly, usuly, çeme. Her bir zadyň oňaýyny bilmek. 2
Jaýlaşykly, ynjalykly. Oňaýym ýok. 
OŇAÝLY [oňoýly], syp. 1. Amatly, çemeli, 
gowy, oňat. 2. gepl.d. Jaýlaşykly, ynjalykly, 
ornaşykly. Kerimiň ýerleşen ýeri oňaýlydy (Ý. 
Mämmediýew). 
OŇAÝLYLYK [oňoýluluk], at. 1. Amatlylyk, 
çemelilik, 
gowulyk. 
2
gepl.d. 
Jaýlylyk, 
jaýlaşyklylyk, ynjalyklylyk, ornaşyklylyk. 
OŇAÝSYZ [oňoýsuz], syp. 1. Amatsyz, çemesiz, 
ýaramaz. Oňaýsyz ýagdaýa düşenini bildirmezlik 
üçin, soragynyň yzyny ýetirdi (

Edebiýat we 
sungat

). 2. gepl.d. Jaýlaşykly däl, ynjalyksyz, 
ornaşykly däl. Haly düşek üstüne adatlanmadyk 
oňaýsyz aýaklary sandyrady (B. Kerbabaýew). 
OŇAÝSYZLYK [oňoýsuzluk], at. Oňaýsyz 
bolmaklyk, onaýly dällik, onaýy ýokluk. Şu 
pursatyň özünde bir hili oňaýsyzlyk peýda bolýar (B. 
Seýtäkow).Ol bir hili oňaýsyzlyga düşen ýaly boldy. 
OŇDURMAK [oňdurmok], işl. Oňmaga mejbur 
etmek, oňşuk üçin zerur zatlary çäklendirmek. Gyşda 
mallary nädip ýataksyz oňdurjak? 
OŇLAMA [oňlomo], iş ady. Oňlamak ýagdaýy. 
OŇLAMAK [oňlomok], işl. Haýsydyr bir işi, 
başlangyjy makul bilmek, dogry hasaplamak, 
makullamak. Onuň sözüni hemmämiz oňladyk. Il 
oňlasa, atyňy soý (Nakyl). 
OŇLAMAKLYK [oňlomokluk], iş ady. Oňlamak 
ýagdaýy. 
OŇLAMAZLYK [oňlomozluk], at. Makul 
bilmezlik, makullamazlyk. Kakasy oglunyň işden 
çykjak diýen sözüni oňlamandyr.
OŇLANMAK [oňlonmok], işl. Makul görülmek, 
makul tapylmak. Metbugatda oňlanyşy ýaly, bu eser 
maňa-da ýarady. 
OŇLAÝYŞ [oňloýuş], iş ady. Oňlamak ýagdaýy. 
OŇLUK, at. Gowy zatlar, ýagşy zatlar, oňlulyk, 
eýgilik. Oňluk bolsun, Aman jan! (R. Seýidow). Men-
menlik hiç haçan hem oňluga eltmeýär (N. 
Jumaýew). 
OŇLULYK [oňluluk], at, ser. Oňluk. Bu ýerde 
bulara hiç hili oňlulyk garaşmaýardy (B. Seýtäkow). 
OŇLURAK [oňlura:k], syp. Biraz, az-kem oňly, 
birneme gowurak. 
OŇLY,syp. 1. Gowy, oňat, göwnejaý, kadaly. 
Gijelikde gözüm oňly görenok. 2. Tertipli, edepli. 
Ejesi kiçi ogluna: 

Oňly bol!

 diýip gygyrdy. 
OŇMA [oňmo], iş ady. Oňmak ýagdaýy. Naharyň 
duzuny dadyp oňmaňa birhiliräk ýa düýbünden işdäň 
ýokmudy? 
OŇMAK [oňmok], işl. 1. Bolanyna razy bolup
başga zat islemezlik, islegiňi çäklendirmek. Gazsyz, 
toksuz oňup boljagyna göz ýetirip bilemok. Iki çuwal 
bugdaý berseler oňýaňmy? 2. Oň bolmak, ugruna 
bolmak, şowly bolmak, şowuna düşmek. Wüşi jan, 
alan gelniň gutly bolsun, aýagy düşümli bolsun, bu 
örän oňan iş! (A. Gowşudow). 3göç.m. Sözüňi bes 
etmek, gutarmak, bir zatlar aýdyp çäklenmek. 
Merdanyň kakasy: – Hawa şeýle! – diýdi-de oňaýdy. 
OŇMAKLYK [oňmokluk], iş ady. Oňmak 
ýagdaýy. 
OŇMAZLYK [oňmozluk], işl. 1. Özüňde 
bolanyndan başga ýene islemek. Kakasynyň ogluna 
gahary gelip: 

Berenim bilen oňmasaň doňaý

 
diýdi. 2. Işiň ýol almazlyk, ugruna bolmazlyk. Işimiz-
ä oňmady, enesi. 
OŇŇUTat. Maddy taýdan oňşuk, oňalga. 
OŇŇUTLYK [oňňutluk], ser. Oňalgalyk.  
OŇON, at. Geçmişde adamlaryň garyndaşlyk 
gatnaşygy bolan toparynyň arasynda sežde edilen 


143 
haýwan, ösümlik, bir zat ýa-da tebigat hadysasy, 
şonuň ýaly-da, şol toparyň nyşany.
OŇRUBERMEK [oňruvermek], işl. Oňrup 
başlamak, oňurmak hereketini dowam etdirmek. 
OŇRULMAK 
[oňrulmok], 
işl. 
Gaňrylyp 
bogundan ýazdyrylmak. Türkmen bolsa, kesekä 
boýun egenden, boýnunyň oňrulanyny ybaly görýän 
halk! (B. Kerbabaýew). 
OŇRUŞ,iş ady. Oňurmak ýagdaýy. 
OŇŞUK,at. 1. ser. Oňalga. Tüweleme, indi 
ýigidiň oňşugy erbet däl (B. Seýtäkow). 2
Agzybirlik, ylalaşyk, arkalaşyklylyk. Oňşugy bolmaz 
goňşy bilen-de, Senem özi bilen dawagär eýlär 
(Baýly şahyr). Gurt öz içinden: 

Bu adam bir oňşuk 
ederçe adam barmyka?

diýip pikir etdi (A. 
Gowşudow). 
OŇŞUKLY,syp. 
Agzybirligi 
saklaýan, 
ylalaşykly, 
agzybir. 
Bu 
gün 
halkymyz 
Türkmenistanyň 
Konstitusiýasynda 
kesgitlenen 
mizemez 
hukuklaryna 
daýanyp, 
Magtymguly 
Pyragynyň agzybir, parahat, oňşukly ýaşamak 
baradaky ündewlerine ygrarlydygyny subut etdi 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, 
Garaşsyzlyga 
guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). 
OŇŞUKLYLYK [oňşukluluk], at., Oňşukly 
bolmaklyk, agzybirlik, ylalaşyklylyk, arkalaşyklylyk. 
Maşgala arasynda oňşuklylyk bolsa gowy. 
OŇŞUKSYZ [oňşuksuz], syp. Oňşugy ýok, 
oňşukly däl. Kim bilýär, belki hem meniň özüm 
oňşuksyz murdardyryn (B. Kerbabaýew). 
OŇŞUKSYZLYK [oňşuksuzluk], at. Oňşugy 
ýokluk, oňşukly dällik. 
OŇUBERMEK [oňuvermek], işl. Bolşuna görä 
mydar edibermek, oňşuk edibermek. 
OŇULMAK [oňulmok], işl. Özüňde bar zat 
bilen mydar edilmek, oňşuk edilmek. Öň oňlan 
bolnup ýörlüşine haýran galýarsyň (

Edebiýat we 
sungat

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   252   253   254   255   256   257   258   259   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling