Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet252/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   248   249   250   251   252   253   254   255   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OLARLYK [olorluk], at. 1. Olaryň tarapynda 
bolmaklyk, olaryň tarapdary. 
Sizem olarlyk 
bolduňyzmy? 2. Olara dahylly, olara degişli. Biziň 
olarlyk işimiz çykdy. 
OLARYŇKYÇA [oloruňkuço], hal, ser. Olarça 
1.
OL-BU [ol-vu / ol-vü], Dürli zatlardyr 
ahwalatlaryň, işlerdir gürrüňleriň we ş.m. sanawyna 
derek ulanyp bolýan tirkeş söz. Gelnime ol-bu işleri 
tabşyrasym gelýär (O. Ödäýew). 
OLDURYK [olluruk], at. Aýakgabyň içine laýyk 
edilip goýulýan keçe ýa-da deri bölegi, petek. Akja 
keçeden olduryk kesip oturan Gulgeldi ýene 
käýinjiräp ugrady (N. Hojageldiýew). 

Olduryk ýaly azajyk. Maňa olduryk ýaly 
zadyňam dözen dälsiň. 
OLDURYKLAŞMAK [ollurukloşmok], işl. 
1.Olduryklamaga kömekleşmek. 
2. Bilelikde 
olduryklamak.


139 
OLDURYKLATMAK [olluruklotmok], işl. 
Birine aýakgabyň içine olduryk saldyrmak. Çokaýy 
olduryklatmak. 
OLDURYKLYK [ollurukluk], at. Olduryk 
etmäge ýaramly keçe, deri bölegi, peteklik. Ata köne 
keçeden olduryklyk kesindi. 
OLIMPIA [olimpiý:a], at. kön.s. Olimpiadanyň 
ilkinji geçirilen şäheriniň ady. 
OLIMPIADA [olimpiýa:da], at. 1.Gadymy 
greklerde Olimpiýa şäherinde geçirilen sport 
ýaryşlary. 2. Olimpiýa oýunlarynyň dört ýyldan bir 
gezek geçirilýän halkara sport ýaryşy.
OLJA [oljo], at. 1. Duşmandan üstün çykylanda 
ýa-da bir oba, ýurt talananda alynýan zatlar. 2
göç.m. Aňsatlyk bilen düşen zat, gazanç, ýeňil 
düşewünt. –Bu oljany bize hudaý berdi, Görogly  
diýip, Köse zaňňar telpegini atyp-atyp ýere urýar 
(

Görogly

). Molla Kemine, sen-ä bir oljanyň 
üstünden barypsyň öýdýän (Keminäniň adyna 
aýdylýan şorta sözlerden). 

Oljasy oňmak oňat düşewünt düşmek, bir zady 
ele salmak; işiň bitip, keýpiň kök bolmak. Onuň 
aýdym sesini eşidenler: – Sary körüň oljasy 
oňupdyr-ow! – diýşerdiler (A. Gowşudow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   248   249   250   251   252   253   254   255   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling