ORFOGRAFIÝA [orfogyra:fyýa], at, dil.b. Her
bir diliň sözleriniň umumy kabul edilen ýazylyş
kadalar ulgamy, dürs ýazuw.
ORGAN [o:rğon], at. Jemgyýetçilik durmuşynyň
aýry-aýry ugurlarynda kesgitli wezipeleri ýerine
ýetirýän gurama, edara. Türkmenistanda kanun
çykaryjy organlara yzygiderli geçirilýän saýlawlar
demokratiýanyň
berjaý
edilýändigine
şübhe
döretmeýär
(Gurbanguly
Berdimuhamedow.
Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek
bagtdyr).
ORKESTR
[arke:stir],
at.
Dürli
saz
gurallaryndan düzülen sazandalar topary.
ORLABERMEK [orla:vermek], işl. Gaty ses
bilen aglabermek.
ORLAMA[orlomo], iş ady. Orlamak ýagdaýy.
ORLAMAK [orlomok], işl. Gaty ses bilen
aglamak.
ORLAMAKLYK [orlomokluk], iş ady. Orlamak
ýagdaýy.
ORLAŞMAK [orloşmok], işl. 1. Birden köp
bolup, köpçülik bolup orlamak, bile orlamak. 2.
göç.m. Uly goh turuzmak, zenzele etmek.
ORLAŞYK [orloşuk], at. Köpçülikleýin agy (ýas
ýerinde).
ORLAÝYŞ [orloýuş], iş ady. Orlamak ýagdaýy.
ORMA [ormo], iş ady. Ormak ýagdaýy.
ORMAÇ, at,gepl.d. Süýt, ýag salynýan iki ýa-da
dört gulply küýze; golça. Aýhanym bir görseň süýt
sagylýan ormajy elinden gaçyrýar, bir görseň suw
kädisini gaçyrýar (B. Seýtäkow).
ORMA [ormo], iş ady. Ormak ýagdaýy. Oglankak
orak ormany hem gördük, ýandak ýatyrmany hem.
ORMAK [ormok], işl. Hasylyny almak üçin
bugdaý, arpa ýaly ak ekinleri orak we ş.m. bilen
ýygmak. Her kim öz ekenini orar (Nakyl). Ýumruksyz
ýüzer sen, ýüpsüz asar sen, Oraksyz orar sen, tygsyz
keser sen (Magtymguly).
Do'stlaringiz bilan baham: |