ORNAŞYK [ornoşuk], at. Jaýlaşykly ýerleşiş,
oňaýly, amatly ýerleşiş.
ORNAŞYKLY [ornoşukly], hal. Jaýlaşykly,
ynjalykly, oňaýly, ýerleşikli. Ýigit dolanyp öýe girdi-
de, stoluň
başynda
ornaşykly
oturdy
(B.
Soltannyýazow).
ORNAŞYKLYLYK
[ornoşukluluk],
at.
Jaýlaşykly, ornaşykly ýerleşiş ýagdaýy.
ORNATMAK [ornotmok], işl. Ornar ýaly etmek.
ORNUKLY, syp., gepl.d. Öz ornuny bilýän,
ýerlikli, tutanýerli. Ornukly adam.
ORRAMSY [orromsy], at,göd. s. Ahlak taýdan
bozulan, azgyn, haramy adam, pes gylykly adam.
Ogry hem özüni osar – orramsy hem (Nakyl).
ORRAMSYLYK [orromsuluk], at. Ahlak taýdan
bozuklyk, azgynlyk, haramylyk, pes gylyklylyk.
Orruk: orruk orta arasy ortasy, merkezi.
Obanyň orruk orta arasynda iki gat ak jaý bardyr.
ORTA [orto], at. 1. Bir zadyň merkezi, bir zady
deň ikä bölýän aralyk ýer. Obany iki bölüp,
ortasyndan ýap geçýärdi. 2. Uzyn bilen gysganyň
aralygy. Orta boýly ýigit. 3. Bir zadyň başlanýan ýeri
bilen ahyrynyň aralygy, adamyň ömrüniň ýarysy.
Orta ýolda atyň ölmesin, orta ýaşda – aýalyň (Atalar
sözi). 4. Bir zadyň hiliniň kanagatlanarlyk derejesi.5.
Köpçüligiň, märekäniň we ş.m. içi, aralyk. Gün
batyp, garaňky düşenden soň, bagşy orta geldi (B.
Seýtäkow).
Orta almak 1) töweregine aýlanmak, daşyna
üýşmek. 2) ýerli-ýerden käýemek, daşyna geçmek,
tankyt etmek. Orta asyr gadymyýetiň taryhynda
soňky, ýagny V asyryň ahyryndan tä XVII asyryň
ortalaryna çenli dowam eden bütindünýä taryhyny öz
içine alýan döwür. Orta atmak 1) bir meseläni
maslahata goýmak, bir meseläni köpçüligiň
garamagyna,geňeşine goýmak. Kim bilýär, belki, ol
üçünji bir teklibi orta atsa-da atar! (N. Saryhanow).
Do'stlaringiz bilan baham: |