Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet270/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   266   267   268   269   270   271   272   273   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OTSÖNDÜRGIÇ [o:ssönnürğüç], at. Ýangyn 
söndürilýän ýörite enjam. 
OTUGYBERMEK [otuğuvermek], işl. Otugyp 
başlamak, özbaşdak ot iýip başlamak.
OTUGYŞ [otuğuş], iş ady. Otukmak ýagdaýy. 
OTUKDYRMAK [otukdurmok], işl. Otlamagy 
öwretmek, ot-iým iýmegi öwretmek. Täze bolan 
göläni otukdyrmak. 
OTUKMA [otukmo], iş ady. Otukmak ýagdaýy. 
OTUKMAK 
[otukmok], 
işl. 
Otlamagy 
öwrenmek, ot-iým iýmegi öwrenmek, ot-iým iýip 
başlamak. Oglum, tanaň otugandyr (

Görogly

). 
OTUKMAKLYK 
[otukmokluk], 
iş 
ady. 
Otukmak ýagdaýy. 
OTUR,at. Belli bir kada boýunça sözlemdäki 
sözleriň arasynda goýulýan dyngy belgi (,). 
OTURA [oturo], syp. Aýagy ysmaz, şel bolup 
ýerinden galyp bilmeýän, maýyp. Ol onuň otura 
bolanlygyny bileninden soň, öz-özünden derdinmäge 
oturdy (N. Saryhanow). Goja kyn düşse-de ýöremäge 
çalyşýardy, ýöremese, aýakdan galyp, otura bolaryn 
öýdýärdi.
OTURAN [oturon], at, gepl.d. Neşekeş bolan 
adam. Gynançly ýeri, olam oturanyň biri. 


150 
OTURDAŞ [oturdoş], at. Kazyýetde raýat ýa-da 
jenaýat işlerine garamaklyga gatnaşmak üçin kanun 
boýunça saýlanan wekil. 
OTURDAŞLYK [oturdoşluk], at. Oturdaşyň 
wezipesi, ýagdaýy. 
OTURDYLMAK [oturdulmok], işl. 1. Nahal, 
agaç ekilmek. Tohum sepilmeli we nahal oturdylmaly 
ýerler çuň sürüldi, tekizlenildi. 2. Bir zat nirädir bir 
ýere dykylmak, gurulmak, goýulmak. Gülýakany 
owadanlaýan esasy serişde bolsa oňa oturdylýan 
gaşlardyr (

Edebiýat we sungat

). 
OTURGYÇ [oturğuç] I, at. Oturmak üçin 
agaçdan, demirden we ş.m. ýasalýan enjam. 
OTURGYÇ [oturğuç] II, at, dokm. Küjini 
göterip, saklap durmak üçin toýun palçykdan 
galdyrgyç. 
OTURMA [oturmo], iş ady. Oturmak ýagdaýy. 
OTURMAK [oturmok], işl. 1. Iki dyzyňy epip, 
bir ýerde ornaşmak, bir ýerde ýerleşmek. Wepa bilen 
Kelje bolup duran wakany synlap, bir gapdalda 
oturdylar (A. Gowşudow). 2. Bir ýerde ýerleşip 
ýaşamak. Olar Garagöl obasynda oturýardylar (B. 
Kerbabaýew). 3. gepl.d.Neşä özüňi aldyrmak, 
barypýatan neşekeş bolmak. 4. Ýerleşmek. Galanyň 
ileri günbatar gapdalynda bir garaja oraça otyrdy(A. 
Gowşudow). 5. Hal işligiň -yp, -ip, -up, -üp, -p
goşulmasyny kabul eden işlikden soň oturmak 
kömekçi işligi gelip, täze manyly düzümli işlikler 
ýasalýar: Gülüp oturmak oturan ýerinden dowamly 
gülmek. Gidip oturmak gitmegini dowam etdirmek.  
OTURMAKLYK [oturmokluk], iş ady. Oturmak 
ýagdaýy. 
OTURSA-TURSA [oturso-turso], hal. Hemişe, 
elmydama, häli-şindi, birsyhly. Enäniň otursa-
tursa bar aladasy ogludy. 
OTURTMA [oturtmo], 1. iş ady. Oturtmak 
ýagdaýy. Ony ýeňsede oturtmaň-a birhili. 2. syp. 
Düýbi oturdylyp ekilen. Oturtma sogan. 
OTURTMAK [oturtmok], işl. 1. Oturmagyny 
haýyş etmek, oturmaga kömek etmek ýa-da mejbur 
etmek. 2. Ösümligi köki, düýbi bilen ýere ekmek, 
sançmak, dürtmek. 3. Bir zady bir ýerde berkidip, 
gurup goýmak. Jaýyň üstünde çanak antenna 
oturtmak. 
OTUR-TUR,at. Ownuk is, içeriniň hysyrdyly 
ojuk-bujuk işi. Ol girdi-çykdy, otur-tur bilen özüni 
ýadatdy (B. Soltannyýazow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   266   267   268   269   270   271   272   273   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling