Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


OTAMAKLYK [otomokluk], iş ady. Otamak  ýagdaýy.  OTAR


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet269/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   265   266   267   268   269   270   271   272   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OTAMAKLYK [otomokluk], iş ady. Otamak 
ýagdaýy. 
OTAR [otor], at, gepl.d., ser. Otlag
Oglanlardan biri: 

Şu gün otarda gezip ýörkäm, bir 
aýagy döwük towşan gördüm, arman tutup 
bilmedim

 diýdi (A. Gowşudow). 
OTARMA [otormo], iş ady. Otarmak ýagdaýy. 
OTARMAK [otormok], işl. Maly meýdana 
goýberip bakmak, mallary örüde otlatmak. Birden 
aşak seretse, baýyň inerlerini otaryp ýörene gözi 
düşýär (

Türkmen halk ertekileri

). 
OTARMAKLYK [otormokluk], iş ady. Otarmak 
ýagdaýy. 
OTARTMAK 
[otortmok], 
işl. 
Otarmaga 
mümkinçilik bermek. Mallary otartmak. 
OTARYBERMEK [otoruvermek], işl. Mallary 
örüde otladybermek. 
OTARYLMAK [otorulmok], işl. Mallar örä 
goýberilip otladylmak. Mallar otarylyp getirildi. 
OTARYŞ [otoruş], iş ady. Otarmak ýagdaýy. 
OTAŞDYRMAK [otoşdurmok], işl. Ähli ýeri 
otamak, köp ýeri otap çykmak. 
OTAŞMAK [otoşmok], işl. 1. Otamaga kömek 
etmek. 2. Birnäçe bolup otamak. Adamlar gowaça 
ekilen meýdanda otag otaşyp ýördüler
OTATMAK [ototmok], işl. Otamaga mejbur 
etmek; otamak işini başga birine etdirmek, birine 
otamaga ýol bermek, mümkinçilik döretmek. Kaka, 
maňa-da otag otatsana! Kelem otatmak. Sogan 
otatmak. 
OTAÝYŞ [otoýuş], iş ady. Otamak ýagdaýy. Otag 
otaýşyň nähili? 
OTBAŞ [o:tba:ş], at. Adamyň, köplenç, boýnunda 
döreýän ýara, gijilewükli baş. 
OT-ÇÖP, at. 1. Her hili ösümlikler, otlar. Ot-
çöpem baharda jana gelýär (B. Annageldiýew). 2
Mal üçin iýmlik ot-iým. Gyşda mal iýer ýaly ot-
çöpümiz ýeterlik. 
OTÇULYK [otçuluk], 1at, ser. Otluk 1. 2syp. 
Ot taýýarlamak bilen meşgullanýan, ot-iým 
taýýarlaýan iş ugry. Maldarlarymyzyň we otçulyk 
toparynyň agzalarynyň bütin güýji häzir şu işe 
gönükdirildi. 
OT-ELEK [o:d-elek]: ot-elek bolmak ýetişiksiz 
günde iki-baka ylgaşlamak. 


149 
OT-EPGEK [o:d-epgek], syp. Yssy. Ot-epgegiň 
içinde beýdip horlanyp ýörmezler. 
OT-IÝM, at. Mallar iýer ýaly iýmitiň umumy 
ady. Kimse goluny çermäp, gapyda odun aýyrýardy, 
kimse mal-gara ot-iým berýärdi (G. Kulyýew). 
OT-IÝMLIK, syp. Mallara iým bolarlyk, mal 
iýmitlendirmek üçin gerekli. Ot-iýmlik üçin üýşürilip 
goýlan saman. 
OTLAG [otloğ], at. Mal bakylýan otluk ýer, öri 
meýdan, öri, otar. Bahar bolsa çarwadarlar çykarlar, 
Otlagynda ner, maýalar bakarlar (Misgingylyç). Goý 
indi gül öwüssin çölüň, otlagyň (R. Seýidow). 
OTLAMA [otlomo], iş ady. Otlamak ýagdaýy. 
OTLAMA [o:tlomo], iş ady. Otlamak ýagdaýy. 
OTLAMAK [otlomok], işl. Meýdanda ot iýip 
iýmitlenmek, ot iýmek. Düýe aýdar otlar men, Otlan 
ýerim ýatlar men (Magtymguly). 
OTLAMAK [o:tlomok], işl. 1. Ot bermek, ot 
aldyrmak, ýakmak, ýandyrmak. Juda bir gyssag işi 
çykaýmasa, tüsseli çyrajygyny otlap, nebit hem sarp 
etmeýärdi (A. Gowşudow). Tokaý otla, at gazan 
(Nakyl). 2. Herekete getirmek, işletmek, ýöretmek 
(içinden ot alýan hereketlendirijiler hakynda). Sürüji 
maşyny otlady. 3. Atmak, tüpeňlemek.  

Otlap goýbermek harydy hakyky nyrhyndan 
has gymmat satyp, biriniň işini görmek, jürüni 
dikmek, çürkemek. Olar-a seni ýene otlap 
goýberipdir, alan zadyň beren puluňa degenok 
ahyry?! 
OTLAMAKLYK [o:tlomokluk], iş ady. Otlamak 
hereketi. 
OTLANMAK [o:tlonmok], işl. 1. Öz-özünden ot 
almak, ýanmak, tutaşmak. Öl bedäni küde bassaň, öz-
özünden otlanar. 2. Biri tarapyndan ot berilmek
ýakylmak. 3. Çekjek çilimiňi otlamak. Çilim 
otlanmak. 4. Hereket edip, işläp başlamak. Men açary 
ýarym öwrüm towlanymdan, maşyn otlandy. 
OTLAP-SUWLAMAK [otla:p-suwlomok], işl. 
Bir ýerde ýaşamak. Onuň nirede otlap-suwlaýanyny 
alla bilýär (B. Kerbabaýew).
OTLAŞDYRMAK [o:tloşdurmok], işl. Otlap 
çykmak, ýakyşdyrmak, bir ýanyndan otlamak. 
Peçleri otlaşdyrmak. 
OTLAŞMAK [otloşmok], işl. Bary, hemmesi 
otlap ýörmek. Bu giň meýdanyň göwsünde geçi, 
goýun, düýe, sygyr ýaly mallar mydama ýaýraşyp, 
otlaşyp ýörerdiler (H. Derýaýew). 
OTLAŞMAK [o:tloşmok], işl. 1. Otlamaga 
kömek etmek. Üýşürilen saplyk-süplükleri otlaşmak. 
2. Bilelikde otlamak. Olar meýdandaky hapa-
hupalary otlaşyp ýördüler. 
OTLATMAK 
[otlotmok], 
işl. 
Otlamaga 
mümkinçilik bermek, otlamaga goýbermek. Mahal-
mahal düşläp, düýelerini otladyp, olar alty gün 
ýörediler (

Edebiýat we sungat

). 
OTLATMAK [o:tlotmok], işl. Otlamaga ýol 
bermek; otlamaga mejbur etmek. 
OTLAÝYŞ [otloýuş], iş ady. Otlamak ýagdaýy. 
OTLAÝYŞ [o:tloýuş], iş ady. Otlamak ýagdaýy. 
OTLUÇÖP [o:tluçöp], at. Ot ýakmak üçin 
ulanylýan bir ujy ýanýan jisimli inçejik çöpjagaz, 
kükürt. 
OTLUK, at. Otuň köp ýeri, otly meýdan, 
çemenlik. Bular gidip barýarkalar, bir otluk ýer 
tapypdyrlar (Halk ertekisinden). 
OTLUK [o:tluk], at. Semawaryň turbasynyň 
düýbündäki gözenekli ot ýanýan ýeri. 
OTLUKLY [o:tlukly]: otlukly ýaly darsyldap 
edilýän dogumly hereket. Ýöräniňde otlukly ýaly 
ýöräp, gepläňde şänik döwlen ýaly etmelisiň (A. 
Durdyýew). 
OTLUK-SUWLUK, at. Oty we suwy bol ýer, 
bag-bakjaly lälezar ýer. Bu ülkede otluk-suwluk ýerler 
köp. 
OTLY [o:tly] Iat, gepl.d.Demir ýol bilen hereket 
edýän tirkegli ýük we ýolagçy ulag düzümi. Gatbar-
gatbar jaýlar ýoluň ýeňsesi, Uzakdan eşidilýär 
otlynyň sesi (A. Kekilow). 
OTLY [o:tly] IIsyp. 1. Ujunda, aşagynda, içinde 
ot ýanyp duran. Ol ýanyp duran otly kesindini eline 
aldy. 2. Örän gyzgyn, howurly, jöwzaly, gaty yssy. 
Otly tomusdan soň jomart güýz geldi.  

Otly köýnek geýmek kalbyňa howul düşmek, 
howsala düşmek, başyňy nirä urjagyňy bilmezlik. 
Gitdiler, indi men yzlarynda otly köýnek geýip otyryn 
(H. Derýaýew). Otly tagana atarmak oda atmak, 
ýakmak, ýandyrmak, gynamak, ejir çekdirmek.  Aýna 
näme bolanyny bilmän, otly tagana ataryljagyma 
gözüm ýetse-de, men ony taşlap gitmen (B. 
Kerbabaýew). 
OT-OJAK [o:d-o:jok], at. Ot ýakylýan ojak. 
Ýigitleriň birnäçesi ot-ojak gazmak işi bilen meşgul 
boldular. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   265   266   267   268   269   270   271   272   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling