Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet267/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   263   264   265   266   267   268   269   270   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

gorsamak. 2) birsyhly ok atyp durmak, yzyny 
kesmän gülle, ok ýagdyrmak. Ot almak 1) ýanmak, 
otlanmak. Ýandak küdesi ot alypdyr. 2) öz garaşyşy 
ýaly bolmansoň, sabyr-takatyny ýitirip, gaty 
öjükmek, ýüregini eline almak. Ol bu sözleri eşidip, 
ot alaýdy (

Edebiýat we sungat

). Ot basylan ýaly 
gaty täsirli, galjaňlyk döredýän (duýgy, täsir we ş.m. 
hakynda). Olaryň aýagyna edil ot basylan ýalydy (B. 
Seýtäkow). Ot bermek 1) bir ýan ujundan otlamak. 
2) meçew bermek, öjükdirmek, küşgürmek,
gyzdyrmak. 3) gyzykdyrmak, isleg döretmek; 
odukdyrmak. Bu mata gyzlara ot berdi. Ot bilen 
ýalyn örän gymmat, nyrhy öte ýokary. Ot bolup 
geçmek (ötmek) jasladyp parran geçmek, ýüregiňi 
gobsundyrmak; kalbyňa ornamak. Gözleri içimden ot 
bolup geçdi, Gözel görki ýüregimde ýer tutdy (A. 
Kekilow). Ot-da gara gan bolmak ýetişiksiz gara 
günde iki-baka ylgaşlamak, bir işi çalt edip gutarjak, 
bitirjek bolmak.Ot-da gara gan bolup, her näçe 
haýdasam-da, işimi bolup bilemok. Ot gorsamak 1) 
betlik, bezzatlyk, ýakymsyzlyk etmek, ulukjyn 
açdyrmak, dek oturmazlyk, guduz açmak. Ol oglan 
gaty bet, uzynly gün ot gorsaýdy. 2) alyp-ýolup 
barmak, hars urup, işläp gazanç etmek. Iliň seniň ýaly 
ýigit ýeten ogullary ot gorsaýarlar (A. Durdyýew). 
Ot-elek bolmak gyssagly hereket etmek, gyssanmak, 
howlukmak, galagoplyga düşmek. Ýeri, siz ne beýle 
aldyranyňyz bar ýaly ot-elek bolýarsyňyz?! Ot 
sowurmak 1) ser. Ot açmak 2) ýakymsyzlyk, 
bezzatlyk etmek, goh turuzmak. Çagalar iki ýana 
ylgaşyp ot sowurýarlar. 3) çendenaşa gyzmak, ýakyp-
ýandyrmak, bişirip barmak. Ýene birki sagatdan soň, 
gün ot sowrup başlajak (A. Gowşudow). Otdan alyp, 
suwa salmak beterinden beterini etmek. Bu duýgy 
ony bir begendirýärdi, bir gynandyrýardy, otdan 
alyp, suwa salýardy. Otdan-suwdan gaýtmazlyk her 
bir işiň hötdesinden gelip bilmeklik, hiç bir zatdan 
heder etmezlik, dogumlylyk. Seniň ýanyňdakylar 
seniň üçin otdan-suwdan gaýtmazlar (B. Seýtäkow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   263   264   265   266   267   268   269   270   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling