Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ORUNLY, syp. Ýolagçy ulaglarynda, tomaşa  jaýlarynda we ş.m.-lerde ýeri, orny bolan.  ORUNLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet265/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   261   262   263   264   265   266   267   268   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ORUNLY, syp. Ýolagçy ulaglarynda, tomaşa 
jaýlarynda we ş.m.-lerde ýeri, orny bolan. 
ORUNLYK [orunluk], syp. Bir ýa-da birnäçe 
orun üçin niýetlenen (awtoulag, uçar, gämi we ş.m.). 
ORUNSYZ [orunsuz], syp. 1. Orny bolmadyk
orny bellenmedik, ýersiz. Biletleri elime alyp 
seretsem, olar orunsyz biletler eken (

Edebiýat we 
sungat

). 2. göç.m. Ähmiýetsiz, biderek, ýerliksiz. 
Olaryň başlaryndan başly-barat pikirleri şemal 
degen akbaş tozgasy ýaly tozady, orunsyz ökünçler 
sowuldy (B. Kerbabaýew). 
ORUNSYZLYK [orunsuzluk], at. 1. Orny 
ýokluk, ýersizlik. 2göç.m. Derege alynmazlyk, sana 
goşulmazlyk, sansyzlyk. 
ORUŞiş ady. Ormak ýagdaýy. 
ORUŞMAK [oruşmok], işl. Ormaga kömek 
etmek. Tomus döwründe daýhan birleşigine orak 
oruşdyk. 
OSAL [osol], hal. Ahmal, bilmän, bilmezden. 
Osal bolsaň asarlar, ýuwaş bolsaň basarlar, orta-
miýana bolsaň, il agasy ýasarlar (Nakyl). Geçen 
ýylky osal edilen işler indi gaýtalanmaz (G. 
Kulyýew). 
OSETIN [oseti:n], at, ser. Osetinler
OSETINLER [oseti:nler], at. Demirgazyk 
Osetiýanyň we Günorta Osetiýanyň esasy ilatyny 
düzýän halk. 
OSLAGSYZ [osloğsuz], syp. Garaşylmadyk 
ýerden, birden, duýdansyz. Nar ýaly ýaňaklaryndan 
syrygýan monjuk-monjuk deri ýeňi bilen syrdy-da, 
kakasyna oslagsyz sorag berdi (G. Ezizow). 
OSLAMA [oslomo], iş ady. Oslamak ýagdaýy. 
OSLAMAK [oslomok], işl. Bir zadyň, edilen 
hereketiň we ş.m. aňyrsynda kimdir biri bardyr 
öýtmek.  
OSLAMAKLYK [oslomokluk], iş ady. Oslamak 
ýagdaýy. 
OSLAMAZLYK [oslomozluk], işl. Bir zadyň, 
edilen hereketiň we ş.m. aňyrsynda kimdir biri 
bardyr öýdüp çaklamazlyk, pikir etmezlik. Ondan 
beýle zady oslamaýardyk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   261   262   263   264   265   266   267   268   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling