Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet266/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   262   263   264   265   266   267   268   269   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OSLANMAZLYK [oslonmozluk], işl. 1. Bir 
zadyň, edilen hereketiň we ş.m. aňyrsynda kimdir biri 
bardyr öýdülip çaklanmazlyk. 2. Bolar öýdülmedik, 
garaşylmadyk. Wah, bu bir oslanmadyk iş boldy (H. 
Derýaýew). 
OSLAÝYŞ [osloýuş], iş ady. Oslamak ýagdaýy. 
OSMA [osmo], iş ady. Osmak ýagdaýy. 
OSMAK [osmok], işl. Özi ýalydyr öýtmek, özi 
ýaly hasaplamak, özüne meňzetmek, deňemek. 
Ogram özüni asar, orramsam (Nakyl).
OSMAKÇY 
[osmokçy], 
at. 
Guda 
bolunmazyndan öň, gyzyň ýa-da oglanyň maşgala 
ýagdaýyny, gylyk-häsiýetini bilmek üçin ýörite 
iberilýän adam. Nurgözel daýzalar Berdilere 
osmakçy ugradypdyr. 
OSMAKLADYŞ 
[osmokloduş], 
iş 
ady. 
Osmaklatmak ýagdaýy. 
OSMAKLATMAK [osmoklotmok], isl. Biljek 
bolýan zady hakynda hiç zat gürlemän, gürrüňdeşini 
ugruna goýberip, gepinden, gep urşundan bilesi 
gelýän zadyny anjak bolmak. Wepa bu syry 
osmakladyp bilmekçi bolup, ahyry okuwyň iň soňky 
güni aňlady (A. Gowşudow). Keminäniň myhman 
bolan ýerine gelip, olaryň oglanjyklaryndan 
osmakladyp: Heý, et iýdiňizmi? diýip soraýar 
(Keminäniň adyna aýdylýan şorta sözlerden).
OSMAKLYK [osmokluk], iş ady. Osmak 
ýagdaýy. 
OSMUKLATMAK [osmuklotmok], işl., ser. 
Osmaklatmak. Beýdip osmukladyp oturma-da, 
bilesiň gelýän zadyňy gönüläp soraber. 
OTat. Inçe gök baldakly uly bolmadyk ösümlik. 
Ýaz oty. Haşal otlar. Dermanlyk otlar. 
OT [o:t], at. Ýanýan zatdan çykýan alaw, ýalyn.

Oda basan ýaly bir zady gyssanmaç, howlugyp 
hereket edýän adam hakynda ulanylýan durnukly 
aňlatma. Oda düşmek. ser. Oda-köze düşmek
Yzynda bir oda düşüp ýöreni bar bolsa gerek (Ý. 
Mämmediýew).Oda gaçmak haýsydyr bir harydyň 
bahasy gaty ýokary galmak, gaty gymmatlamak, ot 
bilen ýalyn bolmak. Oda-köze düşmek bir zadyň 
ugrunda howsalaly, aljyraňňy ýagdaýda bolmak, 
alňasamak, howsala düşmek. Oda salsaň tütemez 
hor-homsy gün görýän, halys lüti düşük (adam 
hakynda). Ody bilen girip, küli bilen çykmak tüýs 
ýürekden hyzmatynda durmak, hyzmatyny etmek
Goý, odum bilen girip, külüm bilen çyksyn (B. 
Seýtäkow). Oduna çoýunmak birinden bir zady gaty 
gymmat bahadan satyn almak. Ol ak bazara çykyp 
bilmänsoň, hemişe obalaryndaky bir süýthoryň oduna 
çoýunmaly bolýardy. Oduny ölçermek biriniň 


148 
derdini gozgamak, janyna batmaýan köne gürrüňi 
ýatlamak. Ot açmak (sowurmak) 1) ser. Ot 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   262   263   264   265   266   267   268   269   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling