Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet273/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   269   270   271   272   273   274   275   276   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OWAZLANDYRMAK [owa:zlannyrmak], işl. 
Owaz çykarmak. 
OWAZLANMA 
[owa:zlanma], 
iş 
ady. 
Owazlanmak ýagdaýy. 
OWAZLANMAK [owa:zlanmak], işl. Owazly 
ses çykmak, ýaňlanmak. Märekäniň gopgun-gowgasy 
çar tarapa owazlanyp gidýär (G. Kulyýew). 
OWAZLANMAKLYK [owa:zlanmaklyk], iş ady. 
Owazlanmak ýagdaýy. 
OWAZLANYŞ 
[owa:zlanyş], 
iş 
ady. 
Owazlanmak ýagdaýy. 
OWAZLATMAK [owa:zlatmak], işl., ser. 
Owazlandyrmak.Murtlak 
pyýada 
goşa 
kirşi 
başardygyça sazlaşykly owazladyp, üç-dört heň 
gaçyrdy (G. Kulyýew). 
OWAZLY [owa:zly], syp. Owazy bar bolan, hoş 
ýakýan sesli, ýakymly, mylaýym, şirin sesli, labyzly. 
Hoş owazly bilbilimden, şirin güftardan aýryldym 
(Magtymguly). 
OWAZLYLYK [owa:zlylyk], at. Owazy barlyk, 
owazly bolmaklyk. Bu dutaryň owazlylygy beýlekiden 
gowy eken. 
OWDURMAK [owdurmok], işl. Birine bir zady 
owkalap, mynçgalap ýumşatdyrmak. Gurt owdurmak. 
OWF, üml.1. Bir zatdan allaniçigsi bolup, 
howpurganyňda aýdylýar. Owf, heý beýle-de bir yssy 
bolarmy? 2. Agyryny, ýadawlygy, darykmagy, 
ynjalyksyzlygy we ş.m. aňladýar. 
OWGAN [owğa:n], ser. Owganlar
OWGANLAR [owğa:nlar], at. Owganystanyň 
ýerli ilaty. 
OWHAL [owha:l], at, gepl.d. Hal, ýagdaý. 
Ýatsam, sen-sen owhalym, Tursam golumda sazym
Köýen dertli ýürekden Çyksyn otly beýazym 
(Mollanepes). 
OWJUN, at. Boýuntyrygyň aşagyndan goýulýan 
keçe. Owjun goýmasaň, öküziň boýnuny boýunturuk 
ýara edýär. 

Owjun ýüp azalyň okuny boýuntyryga 
daňmak, berkitmek üçin ýüp. 
OWKALABERMEK 
[owkola:vermek], 
işl. 
Owkalap 
başlamak; 
eliň 
bilen 
gysyşdyryp 
owubermek. 


152 
OWKALAMA [owkolomo], iş ady. Owkalamak 
ýagdaýy. 
OWKALAMAK [owkolomok], işl. 1. Bedeniň 
bir ýerini el bilen gysyşdyryp basyşdyrmak. Enebaý 
eje bu goh-galmaga oýanyp, ýorganlarynyň üstünde 
oýaly-ukuly gözlerini owkalap oturan Aba bilen 
Ýusupberdä: – Balalam, ogul jigiňiz boldy – diýip, 
lak atdy-da, täze dogan çaganyň sesi çasly çykýan 
tama tarap döndi (Gurbanguly Berdimuhamedow, 
Älem içre at gezer, 10 s.). Elleri bilen ýüzüni owkalap 
pallady-da, 

hak-ýeý toba

diýip, ýerinden turup, 
tamyna ýüzlendi (A. Durdyýew). 2. Bir zady eliň 
aýasyna salyp mynjyratmak, eliň bilen gysyşdyryp 
owratmak, owmak. 3. Eýini ýetirmek üçin çekişdirip 
ýumşatmak, el bilen owmak (eýlenýän deri hakynda). 
OWKALAMAKLYK [owkolomokluk], iş ady. 
Owkalamak ýagdaýy. 
OWKALANMAK [owkolonmok], işl. Biri 
tarapyndan 
mynçgalanmak. 
El-aýagy 
kemsiz 
owkalanan syrkawyň jany aram tapdy. 
OWKALAŞDYRMAK [owkoloşdurmok], işl. 
Owkalap çykmak, öwran-öwran owkalamak. Tumar 
agyran goşarlaryny taýly sapar owkalaşdyrdy-da, 
haýdap ýola düşdi (T. Gurbanow). 
OWKALAŞMAK 
[owkoloşmok], 
işl. 
1
Owkalamaga kömek etmek. 2. Birnäçe bolup 
owkalamak.
OWKALATDYRMAK [owkolotdurmok], işl. 
Başga 
birine 
owkalatmak. 
Eýlenen 
derini 
owkalatdyrmak. 
OWKALATMAK 
[owkolotmok], 
işl. 
Owkalamak işini başga birine etdirmek, owkalamaga 
mejbur etmek; owkalamaga ýol bermek. Arkaňy 
maňa owkaladaý. 
OWKAT [owka:t], at. 1. Gün-güzeran, eklenç. 
Meni öňki owkadymdan aýrarsyň (

Görogly

). 3
gepl.d.Nahar. Olar owkady dadanlaryndan soň, 
pälwan ýigit topraga elini urup, ýüzüne sylýardy 
(

Edebiýat we sungat

). 

 Gün-owkat bermezlik ser. Gün bermezlik. 
OWLAK [owlok], at. 1. Geçiniň, keýigiň entek 
alty aý ýaşamadyk çagasy. Bir jeren aldyrsa elden 
owlagyn, 
Mäleý-mäleý 
gözlemeýen 
bolarmy? 
(Magtymguly). 2. Gyza dakylýan at. 
OWLAK-GUZY [owlok-guzy], at. Owlak hem 
guzy, ownuk mal, dowar. Meniň owlak-guzy bakýan 
oglan wagtymdy (B. Kerbabaýew).
OWLAKLAMA 
[owloklomo], 
iş 
ady. 
Owlaklamak ýagdaýy. 
OWLAKLAMAK [owloklomok], işl. Guzlamak 
(geçi, keýik hakynda). 
OWLAKLAMAKLYK [owloklomokluk], iş ady. 
Owlaklamak ýagdaýy. 
OWLAKLAÝYŞ 
[owlokloýuş], 
iş 
ady. 
Owlaklamak ýagdaýy. 
OWMA [owmo], iş ady. Owmak ýagdaýy. 
OWMAÇ [owmoç], at. Ýaňy bişen gyzgyn çörek 
dogralyp, üstüne ýag guýlup, owlup, mynçgalyp 
taýýarlanylýan iýmit. Unumy tükeden unaş, ýagymy 
tükeden  owmaç (Aýtgy). 
OWMAÇLABERMEK [owmoşla:vermek], işl. 
Mynjyradybermek, 
mum-helim 
edibermek, 
owubermek. 
OWMAÇLAMA 
[owmoşlomo], 
iş 
ady. 
Owmaçlamak ýagdaýy. 
OWMAÇLAMAK [owmoşlomok], işl. Owmak, 
mynjyratmak, mum-helim etmek. 
OWMAÇLAMAKLYK [owmoşlomokluk], iş 
ady. Owmaçlamak ýagdaýy. 
OWMAÇLANMAK 
[owmoşlonmok], 
işl. 
Owulmak, mynjyradylmak, mum-helim edilmek. Bir 
ýandan ýag bilen owmaçlanan gyzgyn çöregiň ysy 
geldi. 
OWMAÇLATMAK 
[owmoşlotmok], 
işl. 
Owmaçlamagy başga birine etdirmek. 
OWMAÇLAÝYŞ 
[owmoşloýuş], 
iş 
ady. 
Owmaçlamak ýagdaýy. 
OWMAK [owmok], işl. 1. Gurdy owkalap 
ezmek, ýumşadyp ýazmak. – Hawa, tagsyr, sen 
gurduňy owup ýetişdirseň, men köjäni döwüp 
ýetişerin – diýýär (Kemine). 2gepl.d. Mazaly urmak, 
ýençmek, endam-janyny kül etmek. 3. Keçe bişirilen 
mahalynda ony ezip, aýak bilen iki ýana itelemek, 
düýrleşdirip basmak. 
OWMAKLYK [owmokluk], iş ady. Owmak 
ýagdaýy. 
OWNABERMEK [owna:vermek], işl. Ownap 
başlamak, ownuk bolup başlamak. 
OWNAMA [ownomo], iş ady. Ownamak 
ýagdaýy. 
OWNAMAK [ownomok], işl. 1. Ownuk 
böleklere bölünmek, owranmak, maýdalanmak, külke 
bolmak. 2. Kiçelip galmak, kiçelmek. 3. göç.m. 
Gylyk-häsiýet taýdan jinnekçi bolmak, ownukçyl 
bolmak. Men näme üçin beýle ownadymkam? (B. 
Seýtäkow). 4. göç.m. Ähmiýeti gaçmak, ugry 
bolmazlyk. Pahaý, gürrüňimiz-ä juda ownad-ow (A. 
Gowşudow). 
OWNAMAKLYK 
[ownomokluk], 
iş ady. 
Ownamak ýagdaýy. 
OWNAŞMAK [ownoşmok], işl. 1. Gylyk-häsiýet 
taýdan kem-kemden maýdaçyl bolup başlamak. 2
Kiçelip, ownuk bolup başlamak. Adamlar gitdigiçe 
ownaşýan ýaly. 
OWNATDYRMAK [ownotdurmok], işl. Ownar 
ýaly etdirmek, böleklere böldürtmek, külkeletdirmek. 
OWNATMAK [ownotmok], işl. Ownar ýaly 
etmek, böldürmek, külkeletmek. 
OWNAÝYŞ [ownoýuş], iş ady. Ownamak 
ýagdaýy. 
OWNUKsyp. 1.Gabarasy, müçesi iri bolmadyk
uly däl. 2. Maýda, uşak, kiçi. Aýsoltanyň näzik 
dodaklary bolsa, endigan ownuk dişlerini güjeňläp, 
näz ediji, özüne çekiji bir ýagdaýda ýylgyrýar (B. 
Kerbabaýew). 3. Düzümindäki sany köp bolmadyk, 
kiçi. 4göç.m. Möhüm, wajyp bolmadyk, ähmiýetsiz; 
bolgusyz, ugursyz.

Ownuk adam ownukçyl, jinnekçi, bolgusyz 
adam. Ownuk mal goýun, geçi ýaly mallar, dowar. 


153 
OWNUKÇYL [ownukçul], syp. Sähelçe zada üns 
berýän, ownuk zatlara baş agyrdýan, maýdaçyl, 
jinnekçi. Men seniň ownukçyl, diňe öz peýdasyna 
çapyp ýören adam däldigiňi bilýärin (B. Seýtäkow).
OWNUKÇYLLYK [ownukçulluk], at. Sähelçe 
zada üns berijilik, maýdaçyllyk, jinnekçilik. Söwdada 
ownukçyllyk edip durmazlar. 
OWNUKLAMA 
[ownuklomo], 
iş 
ady. 
Ownuklamak ýagdaýy. 
OWNUKLAMAK [ownuklomok], işl. 1. Ownap 
başlamak, maýdalanmak, kiçelmek. Iri damjalar 
barha ownuklap, hakyky siňňitli ýagşa öwrüldi. 2
göç.m. Ownukçyl bolmak, jinnekçi, bolgusyz, 
maýdaçyl bolmak, ownuk-uşak zada üns bermek. 
OWNUKLAÝYŞ 
[ownukloýuş], 
iş 
ady. 
Ownuklamak ýagdaýy. 
OWNUKLY-IRILI [ownukl(y)-i:rili], syp. 1
Uly we kiçi gatyşyk, ululy-kiçili, beýikli-pesli. Şol 
mahal hem ownukly-irili keýik sürüsi ökje göterip, 
gözden ýitip gidýär (A. Gowşudow). 2. göç.m. Uly 
ähmiýeti bolmadyk, ownuk-uşak ähmiýetli, ownuk 
häsiýetli, uly bolmadyk. Ownukly-irili kemçilik 
bolsa, günübirin düzetmeli. 
OWNUKLYK [ownukluk], at. 1. Iri dällik, 
maýdalyk, külkelik. Tüwiniň ownuklygy hiç. 2. ser. 
Ownukçyllyk
OWNUK-UŞAK [ownuğ-uşok], syp. 1. Her hili, 
uly bolmadyk, bölek-büçek, maýda-çüýde. Ownuk-
uşak agaç ýonuşgalaryny, çöp-çalamlary bir ýere 
ýygnaşdyran bolýardy (B. Seýtäkow). 2. Kiçi ýaşly.
Ownuk-uşak çaga görmedim-le!? Onçakly ähmiýeti 
bolmadyk, kiçi-kirim, ikinji derejeli. Ownuk-uşak 
meseläňiz bolsa aýdyberiň
OWRADYLMAK [owrodulmok], işl. Biri 
tarapyndan ownuk böleklere bölünmek. Odun 
owradylyp goýlupdyr. 
OWRADYŞDYRMAK [owroduşdurmok], işl
Bir ýan ujundan owradyp çykmak, döwüşdirmek. Ol 
sazaklary owradyşdyryp goýdy. 
OWRADYŞMAK [owroduşmok], işl1. Bir zady 
owratmaga kömek etmek. 2. Bilelikde owratmak. 
OWRAM [owrom]: kül-owram bolmak döwlüp
çym-pytrak bolmak. Ümmülmez ýogyn agaçlar gara 
ört bolup küle dönüpdir, kül-owram bolup pytrapdyr 
(A. Gowşudow). 
OWRAM-OWRAM 
[owrom-owrom], 
hal. 
Birnäçe bölek, köp bölek. Agajy owram-owram 
etmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   269   270   271   272   273   274   275   276   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling