Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet276/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   272   273   274   275   276   277   278   279   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OÝKABERMEK [oýka:vermek], işl. Bir zady 
başga 
bir 
zada 
sürtübermek, 
süýkäbermek, 
oýkalabermek. 
OÝKALAMAK [oýkolomok], işl., ser. Yzly-
yzyna oýkamak, dowamly oýkamak.
OÝKALAŞDYRMAK [oýkoloşdurmok], işl. 
Oýkalap çykmak, ählisini oýkalamak. Kerim agzyny 
Zybanyň gulagynyň ýanyna eltdi-de, burnuny onuň 
gür saçlaryna oýkalaşdyrdy (Ý. Mämmediýew). 
OÝKALMAK [oýkolmok], işl. 1. Bir zat başga 
bir zada degrilip süýkelmek. 2. Bir zadyň ýüzüne
başga bir zat sürtülmek, çalynmak, çyrşalmak. 
OÝKAMA [oýkomo], iş ady. Oýkamak ýagdaýy. 
OÝKAMAK [oýkomok], işl. 1. Bir zady başga 
bir zada degrip süýkemek. Ýadymda, eje jan, 
ýadymda bary, Donuny bagryňa oýkan günleriň (Ý. 
Durdyýew). 2. Bir zadyň ýüzüne başga bir zady 
sürtmek, çalmak, çyrşamak. Ejesi ogluna: 

Ýüzüňe, 
gözüňe gazanyň garasyny oýkap geldiňmi?

 diýdi.
OÝKAMAKLYK 
[oýkomokluk], 
iş 
ady. 
Oýkamak ýagdaýy. 
OÝKANJYRAMAK [oýkonjuromok], işl. 1
Eýläk-beýläk gymyldap oturmak, oýkanyp oturmak, 
ynjalyksyz oturmak. Ýerinden galmaga gurbatynyň 
çatyp-çatmajagyny synap görýän ýaly, iki-bakan 
oýkanjyrady (G. Kulyýew). 2. Bir işi ýerine 
ýetirmegi kyn görmek, kyn görüp ýaýdanmak, 
ýaltalyk edip ikirjiňlenmek. Düşmezlige salyp, 
oýkanjyrap otyr zaňňar (

Görogly

). 
OÝKANJYRAŞMAK [oýkonjuroşmok], işl. 
Birnäçe bolup oýkanjyramak. Oýkanjyrap oturmaň-
da, işiňiz bilen boluň! 
OÝKANMA [oýkonmo], iş ady. Oýkanmak 
ýagdaýy. 
OÝKANMAK [oýkonmok], işl. 1. Arkaňy ýa-da 
bedeniň başga bir ýerini bir zada degrip oýkamak, 
süýkäp gaşamak. Dor alaşa dähedem-dessem golaý 
geldi-de, 
Artyga 
oýkanmakçy 
boldy 
(B. 
Kerbabaýew). Ýaplanyp oturan kepbesine oýkanyp, 
ýagyrnysynyň gijisini köşetdi (H. Derýaýew). 2
Näme etjegiňi bilmän, ýaýdanyp oýkanjyrap 
durmak. Umsagül ýerinden galmakçy boldy, emma 
aşagy ýumurtgaly towuk ýaly galyp bilmän oýkandy 
(B. Kerbabaýew). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   272   273   274   275   276   277   278   279   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling