Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


OÝNATMAK [oýnotmok], işl. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet278/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   274   275   276   277   278   279   280   281   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OÝNATMAK [oýnotmok], işl. 1. Oýna 
güýmemek, oýun etdirmek, oýnamaga mümkinçilik 
bermek. Bir pyýada at üstünde çagajygyny oýnadyp, 
onuň eýjejik ýüzüni mähir bilen synlaýardy (G. 
Kulyýew). 2. Bir zady hereket etdirmek. Garry 
bagşy barmaklaryny näçe oýnatdygyça, mukam 
şonça ýakymly ýaňlanýar (A. Gowşudow).3
Üstüňden güldürmek. Men özümi oýnadýan däldirin. 
OÝNAWAÇ [oýnowa:ç], at1. Çagalar oýnamak 
üçin ýasalan gurjak we ş.m. her dürli zatlar. Dürli 
oýnawaçlar oýnap öz-özi, Käte bir zat diýip kesýärdi 
sözi (A. Kekilow). 2. göç.m. Başga biriniň erki 
boýunça hereket edýän adam, oýnatgy adam. Meni 
oýnawaç hasaplaýarmyka? (A. Nazarow). 
OÝNAÝYŞ [oýnoýuş], iş ady. Oýnamak 
ýagdaýy. 
OÝ-PIKIR [o:ý-pikir], at. Pikir, paýhas, küý, 
paýhaslanyş; oý-hyýal. Berdi şol oturan ýerinden 
ullakan oý-pikire gitdi (H. Derýaýew). 
OÝTAK [o:ýtok], syp. 1. Birneme pesräk, oýrak, 
çökedräk (ýer hakynda). Myrat öz güjügini iň 
soňunda gür ýandagyň içindäki oýtak bir ýerden 
tapdy (B. Kerbabaýew). 2at.Sil, ýagyş suwy bilen 
doldurylyp, tagta gelensoň sürlüp, düme gawun 
ekilýän oý ýer. Oýtak gawuny süýji bolýar. 
OÝTAKLYK [o:ýtokluk], at, serOýtak 2. 
OÝTARMA [o:ýtormo], iş ady. Oýtarmak 
ýagdaýy. 
OÝTARMAK [o:ýtormok], işl. 1. Oý bolup 
durmak, pesräk, çukurrak bolup durmak. 2. göç.m. 
Üşerilmek, töweregiňe diň salyp, ýaltak-ýultak 
etmek, 
garanjaklamak, 
oýturaklamak 
(ser
Oýlukmak). 
OÝTARMAKLYK [o:ýtormokluk], iş ady. 
Oýtarmak ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   274   275   276   277   278   279   280   281   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling