Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet279/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   275   276   277   278   279   280   281   282   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OÝTARYBERMEK [o:ýtoruvermek], işl. Oý 
bolup, oýulyp başlamak. 
OÝTARYŞ [o:ýtoruş], iş ady. Oýtarmak 
ýagdaýy. 
OÝTARYŞMAK [o:ýtoruşmok], işl.1. Oý bolup 
galmak, pesräk, çukurrak bolup galmak. Çopan 
çatmalarynyň ýerleri oýtaryşyp galypdyr (K. 
Berdiýew). 2. göç.m. Bilelikde oýtarmak. 
OÝTUM [o:ýtum], at. Pes, oý ýer, çukur ýer. 
Dagyň gamyşly-gargyly çygjaryp görünýän topbak 
çöpli oýtumynda suw bar bolmaga çemeli (B. 
Soltannyýazow).  


158 
OÝTURAKLAMA [o:ýturaklama], iş ady. 
Oýturaklamak ýagdaýy. 
OÝTURAKLAMAK [o:ýturaklamak], işl., ser. 
Oýtarmak 2. Ol ýanyma gelensoň, golaýrakda 
oýturaklap durdy. 
OÝTURAKLAŞMAK [o:ýturaklaşmak], işl., ser. 
Oýtaryşmak 2. Aýal-gyzlar hem ony görenlerinde 
oýturaklaşyp geçýärler (N. Pomma). 
OÝTURAKLAÝYŞ [o:ýturaklaýyş], iş ady. 
Oýturaklamak ýagdaýy. 
OÝUK [o:ýuk], syp.1. Oý edilen, oýulan, 
gazylan; oý, çöket (ýer). Oýuklary gum döküp 
düzlemek. 2. Deşik emele gelen, ullakan deşigi bolan, 
deşik, ýyrtyk. Ortasy oýuk keçe. 
OÝUK-OÝUK [o:ýug-o:ýuk], syp. 1. Köp sanda 
oýy, oýugy bolan, köp oýukly. 2. Deşik-deşik, köp 
ýerinde ýyrtygy, deşigi bolan. Gurçuklar ýapraklary 
oýuk-oýuk edip iýipdirler. 
OÝULMAK [o:ýulmok], işl. Oý bolmak, oý 
emele gelmek. Olar gaýdyp ýürekden-ýatdan 
çykmaýar, oýulyp daşa ýazylan gadymy hatlar kimi 
ömürlik galýar (A. Atajanow).
OÝULYBERMEK [o:ýuluvermek], işl. Oý 
bolup başlamak, oý emele gelip başlamak. 
OÝUN,at. 1. Adamlaryň aýratyn tertipde, 
düzgünde boş wagtlary iki tarap ýa-da köpçülik bolup 
gurýan tomaşalary. 

Kim bilmeşek



Wellem-şaha

 
oýnunda, Guw kimin ýüzüşiň ýadyma düşdi (A. 
Kowusow). 2. Sahnada oýnalýan tomaşa, spektakl. 
Olaryň köpüsi ol oýny telim sapar gaýtalap-gaýtalap 
görüpdiler (

Edebiýat we sungat

). 3. Degişme, 
bälçireşme. Oýun bir, maza iki (Nakyl). 4. Belli bir 
maksady arap, bilkastdan guralýan hileli hereketler, 
pyrryldaklar, betpäl pirimler.

Oýnuň deň gelmezlik iş salyşýan, baş 
dalaşjak bolýan adamyň özüňden ökde çykmak. 
Üstün çykaryn öýdüp, onuň bilen gidişme, oýnuň deň 
gelmez

Oýun etmek birine çynyň bilen däl-de, 
ýalandan bir zat etmek, degişmek üçin bir zat 
diýmek.Oýun etse, ogly ýeňer, çynyrgatsa – atasy 
(Nakyl). Oýun görkezmek başyna itiň gününi 
salmak, her hili aldawlara duçar etmek, her hili 
pyrryldaklar etmek, başyny aýlamak. Indi biz 
Nyşapur patyşasynyň eden emelinden ökderäk oýun 
görkezäýmesek, onuň dişinde et galar-da, birsyhly 
üstümize sürner durar (

Görogly

). Oýun götermek 
degişmede gaty görmezlik, oýna çydamak, oýna-
çyna düşünmek. Oýun salmak ser. Baş. Oýun 
turuzmak ser. Oýun görkezmek. Oýunlyga 
salmak degişmä salyp, diýjegiňi diýmek, oýun eden 
bolup, aýtjak zadyňy aýtmak 
OÝUNBAZ [oýunma:z], at, ser. Oýunçy
OÝUNBAZLYK [oýunma:zlyk], at. Bälçiklik, 
degişgenlik, alçaklyk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   275   276   277   278   279   280   281   282   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling