Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet287/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   283   284   285   286   287   288   289   290   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

gulagy göründen ýaňa). 
ÖLÇEGAGAÇ [ölçöğağaç], at. Ýer ölçemekde 
ulanylýan esbap, atanak. 
ÖLÇEGDEŞ [ölçöğdöş], syp. Ölçegi deň bolan, 
bir ölçegde bolan, ölçegi boýunça bir-birine deň 
gelýän. 
ÖLÇEGDEŞLIK [ölçöğdöşlük], at. Ölçegdeş 
bolmaklyk, bir ölçegde bolmaklyk, ölçegi boýunça 
biri-birine laýyk gelmeklik. 
ÖLÇEGIÇ [ölçöğüç], at. Tizligi ölçemek üçin 
gural, ölçeýji enjam.
ÖLÇEGLI [ölçöğlü], syp. 1. Belli ölçegi bar 
bolan, ölçegi kesgitlenen. Ölçegli mata. 2. Çäkli. 
Biziň wagtymyz ölçegli. 
ÖLÇEGLIJE [ölçöğlüjö], syp. Sähelçe, azajyk, 
çäklije. Şonuň üçin, oglanlaryň hukuklarynyň serhedi 
bolman, 
gyzlaryňky 
örän 
ölçeglijedi 
(B. 
Kerbabaýew). 
ÖLÇEGLILIK [ölçöğlülük], at. 1. Belli ölçegi 
bar bolmaklyk, ölçegi kesgitlenen ýagdaýda 
bolmaklyk, ölçegi barlyk. 2. Çäklilik. Wagtymyň 
ölçegliligi bilenem öwrenişip gidipdirin. 
ÖLÇEGSIZ [ölçöğsüz], syp. 1. Belli ölçegi 
bolmadyk, ölçegi kesgitlenmedik. Ölçegsiz baýlyk. 2
Çendenaşa güýçli, çensiz-çaksyz, çäksiz. Meniň 
diýenim bolýan bolsa, siziň ýüregiňizde meni 
söýmäge ölçegsiz söýgi dörederdim (H. Derýaýew). 
ÖLÇEGSIZLIK [ölçöğsüzlük], syp. Belli ölçegi 
bolmazlyk, ölçegsiz bolmaklyk, ölçegi ýokluk, 
ölçegli dällik.
ÖLÇELIP-BIÇILMEK [ölçölüp-biçilmek], işl. 
Hertaraplaýyn pikirlenilip, oýlanylyp görülmek, öňli-
soňly ölçerilip görülmek.
ÖLÇELMEK [ölçölmök], işl. Bir zadyň 
gabarasy, agramy, uzynlygy kesgitlenmek.
ÖLÇEME [ölçömö], iş ady. Ölçemek ýagdaýy.
ÖLÇEMEK [ölçömök], işl. 1. Ölçegini almak,
agramyny, gabarasyny, uzynlygyny we ş.m. kesgitläp 
bilmek, çekmek. Onuň agramyny ölçemäge şu älemiň 
daglarynyň daşlary-da ýetmejek ýalydy (A. 
Gowşudow). 2. göç.m. Bir zat hakynda pikirlenip
oýlanyp görmek, kelläňde aýlap görmek. Men bir 
düzme ýazdym durmuş barada, Gymmatyn ölçemek 
wezipäň seniň (G. Ezizow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   283   284   285   286   287   288   289   290   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling