Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÖÇÜRIŞ [öçürüş], iş ady. Öçürmek ýagdaýy.  ÖÇÜRIŞDIRMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet283/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   279   280   281   282   283   284   285   286   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖÇÜRIŞ [öçürüş], iş ady. Öçürmek ýagdaýy. 
ÖÇÜRIŞDIRMEK 
[öçürüşdürmök], 
işl. 
Ugurdaş, meňzeş zatlary bir ýanyndan yzly-yzyna 
öçürmek, öçürip çykmak. Çyralary öçürişdirdim. 
ÖÇÜRIŞMEK [öçürüşmök], işl. 1. Söndürmäge 
kömek etmek. Biz Myrada ody öçürişmäge kömek 


160 
etdik. 2. Birnäçe bolup bilelikde söndürmek. Howa 
ýagtylansoň, olar çyralary öçürişdirdiler. 
ÖÇÜRME [öçürmö],iş ady. Öçürmek ýagdaýy. 
ÖÇÜRMEK [öçürmök], iş. 1. Ýanyp duran zady 
söndürmek. Kömek ýüzüniň ugruna ody aýagy bilen 
basyp öçürdi (N. Jumaýew). 2Işläp duran ulagyň we 
ş.m. hereketini ýatyrmak, duruzmak. Ol traktory 
öçürdi.3. Sürtüp bozmak, bozup aýyrmak (hat, ýazgy 
hakynda).Ýalňyş sanlary öçürip, dogrusyny ýazaýan-
da näme bor?(N. Jumaýew). 4. Üstünden çyzmak, 
çyzyk çekmek. Sanawda görkezilen adyny öçürmek
ÖÇÜRMEKLIK [öçürmöklük], iş ady. Öçürmek 
ýagdaýy. 
ÖÇÜRMEZLIK [öçürmözlük], işl. Öçürmek 
işini etmezlik. 
ÖÇÜRTMEK [öçürtmök], işl. Öçürmek işini 
başga birine etdirmek. Ol ojakdaky ody öçürtdi. 
Tagtanyň ýüzündäki ýazgylary öçürtmek. 
ÖÇÜŞ,iş ady. Öçmek ýagdaýy.Çyranyň gerekli 
wagty öçüşi birhili. 
ÖÇÜŞMEK [öçüşmök], işl. 1. Dura-bara 
sönmek, sönüşmek, sönüp başlamak. Meýdandaky 
ýanýan çyralaryň yşygy bir-biriniň yzyndan öçüşdi 
(B.Gurbanow). 2. Nury, şöhlesi peselişmek, 
şöhlesiniň ýitiligi kemelişmek. Ýyldyzlar kem-
kemden öçüşip, asmanyň ýüzünden ýitýärdiler. 3
Güýji azalmak, täsiri ýitişmek. Günüň howry biraz 
öçüşipdi. 
ÖDELMEK [ö:dölmök], işl. 1. Bildirilen ynama, 
maksada laýyk iş edilmek. 2. Çykarylan harajatyň 
ýeri, öwezi doldurylmak. Biderek ýerden tama 
edilenok, ol ödeljegini bilip tama edýär (

Edebiýat 
we sungat

). 
ÖDEME [ö:dömö], iş ady. Ödemek ýagdaýy. 
Harytlaryň özüni ödemesine ödär weli, näme peýda 
görüp biljegiňi bilemok. 
ÖDEMEK [ö:dömök], işl. 1. Ynanylan bir zada, 
ada we ş.m. mynasyp bolmak, islendik maksada 
laýyk iş etmek. Meniň ýagşylygym sizden alan sag 
bolsunymy ödeýän bolsa, men gaty razy bolardym (H. 
Derýaýew). 2. Ýerini tutmak, çykan harajatyň we 
ş.m. öwezini doldurmak. Kim ödäp bilmese, berilen 
nany, Çekelesin ony goý öz wyždany (A. Kekilow). 
Satyn alan harytlarym özüni ödärmikä ýa-da alan 
ýerime geçse-de oňaýmaly bolarmyka?  
ÖDEMEKLIK [ö:dömöklük], iş ady. Ödemek 
ýagdaýy. Ynamy ödemeklik bu ullakan zat. Ol 
seniň iş başarjaňlygyňa kepil geçýär. 
ÖDEMEZLIK 
[ö:dömözlük], 
işl. 
Ödäp 
bilmezlik. 
ÖDEŞMEK [ö:döşmök], işl. Çykan harajatyň 
öwezini doluşmak, birnäçe bolup ödemek. 
ÖDETMEK [ö:dötmök], işl. Ýerini tutdurmak, 
çykan harajatyň öwezini doldurtmak, ödemäge 
mejbur etmek. Ol hut öz ulagynyň hem bökdençsiz 
işlemegini talap etdi we özüniň şol talabyny oňa 
ödedip bildi (B. Gurbanow). 
ÖDEÝIŞ [ö:döýüş], iş ady. Ödemek ýagdaýy. 
ÖGEME 
[ö:ğömö], 
iş 
ady. 
Ögemek 
ýagdaýy.Ögeme 
ýüregiň 
bulanyp, 
gaýtarjak 
bolmagyň esasy alamatlarynyň biridir. 
ÖGEMEK [ö:ğömök], işl. Ýüregiň bulanyp, 
gusjak, gaýtarjak bolmak.Onuň ýüregi agdar-düňder 
bolup, yzly-yzyna ögedi (Ý. Mämmediýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   279   280   281   282   283   284   285   286   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling