Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


OÝURGANYŞ  [o:ýurğonuş],  iş  ady.  Oýurganmak ýagdaýy.  OÝUŞ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet281/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   277   278   279   280   281   282   283   284   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OÝURGANYŞ 
[o:ýurğonuş], 
iş 
ady. 
Oýurganmak ýagdaýy. 
OÝUŞ [o:ýuş], iş ady. Oýmak ýagdaýy. 
OÝUŞDYRMAK [o:ýuşdurmok], işl. Birnäçe 
ýeri oýup çykmak, köwläp oýuk-oýuk etmek, gazyp 
çykmak. Oýuşdyryp çykamsoň, Bir-birine sepläber 
(M. Garryýew). 
OÝUŞMAK [o:ýuşmok], işl. 1. Oýmaga 
kömekleşmek. 2. Bir zady bilelikde oýmak. 
OZA [ozo], syp., kön.s. Çendenaşa, öte, has. Oza 
saklyk – gorkaklyk (Nakyl). 
OZAK [ozok], syp. Çapyşykda, ylgaşykda, 
ýaryşda ozýan, hemişe öňe çykýan. Kimiň galak, 
kimiň ozakdygyny ýaryş görkezer. 
OZAKLYK [ozokluk], at. Ozak bolmak 
ýagdaýy. 
OZAL [ozol], hal. 1. Birnäçe wagt mundan öň, 
öňki wagtlar. 2. Ilki, ilki bilen, ilki başda.
OZAL-EBET [ozol-evet], ha l. Hemişe. 
OZALDAN [ozollon], hal. Öňden, su wagta 
çenli. Okajak bolsa, ozaldan aladasyny etmeli eken
OZALKY [ozolky], syp. Öň bolup geçen, owalky.
OZALY [ozoly]: ozaly bilen öňi bilen, ilki, 
öňürti.
OZALYNDA [ozolunno], hal. Aslynda, ilki 
başda, ozal başda, owal başda. 
OZAN [ozon], at. Sözlerini, sazyny özi düzüp, 
özi ýerine ýetirýän aýdymçy, bagşy. Ile döwlet geler 
bolsa, Bagşy bilen ozan geler (Magtymguly). 


159 
OZDURMAK [ozzurmok], işl. 1. Öňe geçirmek, 
öňe geçmäge ýol bermek, öňe düşürmek. Gyzym, ol 
nähili beýle boldy? Bu gün özüňden ozduraýdyňmy? 
(G. Gurbansähedow). 2. gepl.d. Güni gelmek, diýeni 
bolmak, islegi amala asmak. Ol bu wagtlar 
ozdurandyr, gözi ýer görmez. 
OZMA [ozmo], iş ady. Ozmak ýagdaýy. 
OZMAK [ozmok], işl. Işde, ýaryşda we ş.m. 
ýagdaýlarda birinden öňe geçmek.
OZMAKLYK [ozmokluk], iş ady. Ozmak 
ýagdaýy. 
OZMAZLYK [ozmozluk], işl. Öňe geçmezlik, 
ozup geçmezlik. 
OZUBERMEK 
[ozuvermek], 
işl. 
Ozup 
başlamak, öňe saýlanybermek, öňe geçibermek. 
OZUŞiş ady. Ozmak ýagdaýy. 
OZUŞMAK [ozuşmok], işl. Biri-birinden ozmak. 
Atlar kä ozuşyp, kä galyşyp, gözden ýitdiler. 
 
 
Ö 
 
Ö [ö:], Türkmen elipbiýiniň on dokuzynjy harpy.
ÖÇ [ö:ç], at. Birinde galan ar, birine bolan 
ahmyrly gahar-gazap duýgusy. 

Öç almak birinde köýen aryňy ýerine salmak 
üçin gazap bilen hereket etmek. Öç etmek öçli 
etmek. Aralykda bir şum rakyp bar bolsa, Ýagşy 
dostuň bilen öç eder seni (Magtymguly). 
ÖÇEŇKIRLEMEK 
[öçöňkürlömök], 
işl.
1
Öçmäge, 
sönmäge 
ýakynlaşmak, 
ýanyp 
gutaraňkyrlamak. Şem öçeňkirläp başlapdyr. 2. Öçüp 
başlamak, öçmäge ýakynlamak (hat hakynda). 
Kitabyň kagyzy saralyp, haty öçeňkirläpdir. 3. Nury, 
şöhlesi azalyp başlamak. 
ÖÇGÜN [öçğün], syp. Şöhlesi, ýalkymy onçakly 
ýiti bolmadyk, ölügsi, öçügsi. Häzir onuň gözlerinde 
ýigitlik çagynyň ýitiligi galmadyk bolsa hem, şöhlesi 
öçgün däldi (A. Gowşudow).
ÖÇGÜNLIK [öçğünlük], syp. Ölügsi, öçügsi 
ýagdaý.
ÖÇGÜNRÄK 
[öçğünürä:k], 
syp. 
Şöhlesi, 
ýalkymy bolmalysyndan öçgün, ölügsiräk, öçügsiräk. 
Şemiň öçgünräk şöhlesi ýylpyldap görünýärdi. 
ÖÇLI [ö:şlü], syp. 1. Birinde ary galan, ahmyrly. 
2. Gahar-gazaply, gaharly. Adama erjeşýän ýa-da 
gündizine aw aňtaýan gaplaň hökman öçli bolarmyş. 
ÖÇLÜLIK [ö:şlülük], syp. 1. Birinde aryň, 
ahmyryň bar bolmagy. Ýüregindäki hyjuwly öçlüligi 
basyp, özüni ýönekeý bir sypatda saklamaga jan 
edýärdi (A. Gowşudow). 2. Gahar-gazaplylyk, 
gaharlylyk. 
ÖÇME [öçmö], iş ady. Öçmek ýagdaýy. Gyzygyp 
kitap okap otyrkam çyranyň öçmesi keýpimi gaçyrdy
ÖÇMEK [öçmök], işl. 1. Sönüp galmak, ýanyp 
gutarmak, sönmek. Çyralar bir wagt öçüpdi (B. 
Pürliýew). 2. Görünmez ýaly bolmak, süpürilip 
aýrylmak. Ýazylan hat öçüpdir. 3. Motorynyň 
(hereketlendirijisiniň) işlemesi kesilip, ýatyp galmak, 
durmak, sönmek (ulag hakynda). Awtobus birden 
öçüp galdy. 4. Gözüň nury, şöhlesi öçmek, peselmek. 
Onuň hiç birine-de mejaly ýetmän, gözleriniň şöhlesi 
öçdi-de gabaklary örtülip galdy (B. Kerbabaýew). 5
gepl.d. Esasan, işligiň buýruk şekilinde ulanylyp, 

geplemäňi bes et, lal bol, sesiňi kes, sem bol

ýaly 
manyny aňladýar. Öç, gygyrma, aýryl, ýapyşma, 
gapyňy ýap! (A. Durdyýew). 
ÖÇMEKLIK [öçmöklük], iş ady. Öçmek 
ýagdaýy. 
ÖÇMEZ [öçmöz], syp. Hiç haçan öçmeýän, 
hemişe ýalkymyny, nuruny saçyp duran, parlak. 
ÖÇMEZLIK [öçmözlük], işl. Sönmezlik. 
ÖÇMEZ-ÝITMEZ [öçmöz-ýitmez], syp., ser. 
Ölmez-ýitmezÖçmez-ýitmez şöhrat. 
ÖÇÜBERMEK 
[öçüvermek], 
işl. 
Öçüp 
başlamak; öçeňkirlemek. Ojakdaky ot öçüberipdir. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   277   278   279   280   281   282   283   284   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling