ÖÇÜGRÄK [öçüğrä:k], syp. 1. Yşygy, şöhlesi
bolmalysyndan pesräk. 2. Reňki pesräk. Onuň
egninde öçügräk reňkli köýnegi bardy.
ÖÇÜGSI [öçüğsü], syp. 1. Nury, şöhlesi az bolan,
çala yşyk, ýagty berýän. Öçügsi köz. 2. Soluk, solgun,
reňki gaçan. Ýapraklar adatdaky ýaly göwün göteriji
ýaşyl reňkli däldi, olaryň öçügsi kül reňki bardy,
soluk görünýärdi (B. Seýtäkow).
ÖÇÜGSILENDIRMEK [öçüğsülönnürmök], işl.
Ýitiligini gaçyrtmak, ähmiýetini peseltmek.
ÖÇÜGSILENMEK [öçüğsülönmök], işl.1. Nury,
şöhlesi gaçmak, öçügsi bolmak. 2. Ýitiligi, ähmiýeti
peselmek.
ÖÇÜGSILIK [öçüğsülük], at. 1. Nury, şöhlesi
azlyk, ýagtylygy peslik. 2. Soluklyk, solgunlyk, reňki
gaçan halda bolmaklyk. Maňa matanyň öçügsiligi
ýaramady. 3. Ýitiligi, ähmiýeti peslik.
ÖÇÜGSIRÄK [öçüğsürä:k], syp. Nury, şöhlesi
azrak, ýagtysy, yşygy pesräk.
ÖÇÜK, syp. 1. Öçen, sönen; yşygy, şöhlesi ýiten.
Içki jaýdaky çyra öçük duran eken. 2. Reňki solgun,
ýiti reňkli däl. Bu matanyň reňki öçük. 3. göç.m.
Reňki gaçan, gany giden, gan-pet galmadyk.Onuň
ozaldan öçük ýüzi öňküsinden-de agardy.
ÖÇÜKLIK [öçüklük], syp. 1. Öçük ýagdaýda
bolmaklyk, yşygy, şöhlesi ýiten ýagdaýda bolmaklyk.
2. Reňki soluklyk, solgunlyk.
ÖÇÜRIBERMEK [öçürüvermek], işl. Bir
ýanyndan oçürip başlamak.Indi çyralary öçüriber.
ÖÇÜRILMEK [öçürülmök], işl. 1. Öçer ýaly
edilmek, öçmek derejesine ýetirilmek, söndürilmek.
Çyralar öçürildi. 2. Bozulyp aýrylmak, üstünden
çyzylmak. Bu goşgynyň soňky iki setiri öçürilipdir. 3.
Togtadylmak, ýatyrylmak (işläp duran ulag hakynda).
Do'stlaringiz bilan baham: |