Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet290/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   286   287   288   289   290   291   292   293   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖLÜGSI [ölüğsü], syp. 1. Ýagtysy, yşygy ýiti däl,
çala yşyk berýän, çala ýanýan. Ýek-tük ýyldyzlar 
ölügsi şöhle salýar. 2. Şöhlesi giden, nury gaçan, 
şöwketi giden, kütelişen (göz hakynda). Onuň ölügsi 
gözleri ýaldyrady, gowşan göwresi sandyrady, sesi 
garyljyk çykdy (B. Kerbabaýew). 3. Suwsuz 
sülleren, solgun (ösümlik hakynda). Tozanyň 
arasyndan ölügsi otlar ysgynsyz görünýärdi (Ý. 
Mämmediýew). 4. Çala çykýan, zordan eşidilýän, 
ysgynsyz (ses hakynda). Bu ölügsi sesiň çadyrdan 
çykýanyny oturanlaryň hemmesi aňladylar (A. 
Gowşudow). 
ÖLÜGSIJE [ölüğsüjö], syp. Tutuksyja, has 
öçügsi. Çyranyň ölügsije yşygy. 
ÖLÜGSILENIŞ 
[ölüğsülönüş], 
iş 
ady. 
Ölügsilenmek ýagdaýy. 
ÖLÜGSILENME 
[ölüğsülönmö], 
iş 
ady. 
Ölügsilenmek ýagdaýy. 
ÖLÜGSILENMEK [ölüğsülönmök], işl. 1
Ýagtysy azalyp başlamak, ölügsi bolup başlamak. 
Asmanyň ýiti ýyldyzlary kem-kemden ölügsilenip, 
gündogardan göterilen daň şapagy dünýä ýüzüne 
çalymtyk çäkmen bolup ýaýylýardy (B. Kerbabaýew). 
2. Dura-bara şöhlesi gitmek, nury gaçmak, şöwketi 
gitmek, kütelişmek (göz hakynda). 
ÖLÜGSILENMEZLIK [ölüğsülönmözlük], iş 
ady. Ýagtysy azalmazlyk, şöhlesi kütelmezlik. 
ÖLÜGSILIK [ölüğsülük], syp. Ölügsi ýagdaýda 
bolmaklyk, ýagtysy azlyk. 
ÖLÜLIK [ölülük], at. Diri dällik, öli halda 
bolmaklyk, jansyzlyk. 
ÖLÜM, at. Ýaşaýşyň gutarmagy, ömür tanapyň 
kesilmegi, wepat boluş. Bir ölüm, bir aýralyk, Hiç 
biri bolmasady (Halk döredijiliginden)  

Ölümiň gyrasy iş aňrybaş derejede adamy 
abraýdan düşürýän iş. Bu ölümiň gyrasy işdir, muňa 
näme diýip - näme aýdarsyň (A. Durdyýew). Ölümiň 
öýünde zordan, örän kynlyk bilen, köp horluklar 
görüp, azar ýamanyny görüp. Ol ýolda ýagşyň 
aşagynda galyp, ölümiň öýünde özüni oba atdy

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   286   287   288   289   290   291   292   293   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling