Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÖLÇEMEKLIK [ölçömöklük], iş ady. Ölçemek  ýagdaýy.  ÖLÇEMEZLIK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet288/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   284   285   286   287   288   289   290   291   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖLÇEMEKLIK [ölçömöklük], iş ady. Ölçemek 
ýagdaýy. 
ÖLÇEMEZLIK [ölçömözlük], işl. Bir zadyň 
agramyny çekip görmezlik, uzynlygyny uzynlyk 
ölçeg birliginiň kömegi bilen kesgitlemezlik. 
ÖLÇENMEK [ölçönmök], işl. 1. Özi üçin 
ölçemek, ölçäp almak. Duran top matanyň ujundan 
özüme iki köýneklik ölçendim. 2. ser. ÖlçelmekHer 
bir sahna oýunlary döredijilik işiniň gymmaty bilen 
ölçenýän bolsa gerek. 
ÖLÇERIBERMEK [ölçörüvermek], işl. Ölçerip 
ugramak (ölçermek sözüniň 1-nji we 2-nji manylary 
boýunça). 
ÖLÇERILMEK [ölçörülmök], işl. 1. Çala 
ýanýan agaç bölekleri kesewi bilen gorsalyp, gowy 
ýanar ýaly edilmek. Ot gowy ýanyp bolandan soň, 
onuň közi bir ýerik ölçerildi (B. Annageldiýew). 2
göç.m. Derdiň täzelenmek. 3. göç.m. Bir zady 
hyýalyňda saldarlap ölçäp-biçmek. Ähli işler ölçerilip 
görülýärdi. 
ÖLÇERIP-DÖKMEK [ölçörüp-dökmök], işl. 
Pikirlenip, oýlanyp görmek, bir meseläniň aňyrsyna-
bärsine göz ýetirjek bolmak 
ÖLÇERIŞ [ölçörüş], iş ady. Ölçermek ýagdaýy. 
ÖLÇERIŞMEK [ölçörüşmök], işl. 1. Ölçermäge 
kömek etmek. Gyzym, ody ölçermäni bilmeseň, getir, 
men ölçerişeýin. 2. Birnäçe bolup, birnäçe ýerde 
ölçermek. Toýuň naharyny bişirýän naharçylar 
atarylgy gazanlaryň aşagynyň oduny ölçerişip 
ýördüler
ÖLÇERME [ölçörmö], iş ady. Ölçermek 
ýagdaýy. 
ÖLÇERMEK [ölçörmök], işl. 1. Gowy ýanmagy 
üçin ody gozgaşdyrmak, çala ýanýan agaç böleklerini 
gowy ýanar ýaly etmek. Bireýýäm nowany suwdan 
dolduryp goýan Ýazly çoluk gaýnamy synyşan 
tüňçeleriniň oduny ölçerdi (B. Gurbanow). 2göç. m., 
ser. Ölçemek 2Görogly öz içinden bir salym ölçerdi, 
dönderdi, ugur tapmady (

Görogly

). Ýoldaşlary 
dürli tarapdan ölçerip, iň soňunda oňladylar (H. 
Derýaýew). 
ÖLÇERMEKLIK 
[ölçörmöklük], 
iş 
ady. 
Ölçermek ýagdaýy. Adamyň derdini täzeläp, oduny 
ölçermeklig-ä gowy däl. 
ÖLÇERMEZLIK 
[ölçörmözlük], 
iş 
ady.
Ölçermek işi ýerine ýetirilmezlik. 
ÖLÇERTMEK [ölçörtmök], işl. Ölçermek işini 
başga birine etdirmek. 
ÖLÇEŞMEK [ölçöşmök], işl. 1. Ölçemäge 
kömek etmek. 2. Bilelikde ölçemek. Olar mellek 
ýerelerini ölçeşip ýördüler. 
ÖLÇETMEK [ölçötmök], işl. 1. Ölçemek işini 
başga birine etdirmek. Jaýyň düýbi tutuljak ýeri 
ussalara ölçetmek. 2. Ölçemäge mümkinçilik 
bermek. Razy bolmazmyka diýýärdim weli, olam 
depen ýerlerini ölçetdi. 
ÖLÇEÝJI [ölçöýjü], at. Bir zady ölçemek bilen 
meşgullanýan adam. Edarada bar bolan kärleriň 
atlaryny birin-birin sanaşdyryp çykdy: operator, 
ölçeýji, elektrik bilen kebşirleýji (Ş. Borjakow).
ÖLÇEÝIŞ [ölçöýüş], iş ady. Ölçemek ýagdaýy. 
Ölçeýşiň-ä bolanok
ÖLÇÄBERMEK [ölçä:vermek], işl. Ölçäp 
başlamak. 
ÖLÇÄP-BIÇMEK 
[ölçä:p-biçmek], 
işl. 
Hertaraplaýyn pikirlenip, oýlanyp görmek, öňli-
soňly ölçerip görmek. Ol hemme zady oýlanyp, 
ölçäp-biçip görenden soň, şeýle şertleri goýupdyr (B. 
Seýtäkow).


163 
ÖLDÜREK [öllürök], at, ösüml.d. Boýy 20-30 
sm ýetýän köpýyllyk ýarym gyrymsy zäherli 
ösümlik. 
ÖLDÜRIBERMEK [öllürüvermek], işl. Bir 
ýanyndan öldürip başlamak. 
ÖLDÜRILMEK 
[öllürülmek], 
işl. 
1
Ýaşaýyşdan mahrum edilmek, ölüme sezewar 
edilmek. 2. Mal soýulmak. Daşarda bolsa söwüş 
öldürilýärdi, gazanlar atarylýardy (A. Gowşudow). 
ÖLDÜRIŞ [öllürüş], iş ady. Öldürmek ýagdaýy. 
ÖLDÜRIŞMEK [öllürüşmök], işl. 1. Öldürmäge 
kömek etmek. Birnäçe bolup mal soýmak. Adamlar 
goýun öldürişip durdular.  
ÖLDÜRMEK [öllürmök], işl. 1. Janyny almak
ölüme sezewar etmek, ýaşaýyşdan mahrum etmek.
Zynhar düşmäň namartlaryň goluna, Öldürseň-de 
nähak ganyna degmez (Magtymguly). 2. Mal 
kesmek. 3. göç.m. Halys etmek, horlamak. Meni 
garaşdyryp öldürdiň. 
ÖLDÜRMEKLIK [öllürmöklük], iş ady. 
Öldürmek ýagdaýy. 
ÖLDÜRMEZLIK [öllürmözlük], işl. Janyny 
almazlyk, ölüme sezewar etmezlik; mal soýmazlyk. 
ÖLDÜRTMEK [öllürtmök], işl. 1. Öldürmek 
işini başga birine etdirmek. Gassaba goýun 
öldürtmek. 2. Ölüme sezewar etmek, ölüme 
uçratmak. Her ýetene baýtal berip, ony öldürdip 
bolmaz (B. Kerbabaýew). 
ÖLEMEN [ölömön], syp. Barypýatan, tüýs, bir 
zadyň yşgyna düşüp, ölüp-öçüp barýan. Ol agaç 
ussasydy hem ölemen awçydy (H. Ysmaýylow). Ol 
aýdym-sazyň ölemen aşygydy (

Edebiýat we 
sungat

).
ÖLEN [ölön], syp. Hiç zat elinden gelmeýän, 
sansyz, nalajedeýin. Sen-ä bir ölen ekeniň. 
ÖLEN-ÝITEN [ölön-ýiten], 1. syp. Ölüme, ýitgä 
sezewar bolan. Ikinji biri: 

Ölen-ýiten bolmadyk 
bolsa ýagşy

diýip, sorag hökmünde gürledi (A. 
Gowşudow). 2. at. Ölen ýa-da ýiten adam. Bu gün 
kyrk sekiziň ýer titremesinde ölen-ýitenleriň 
hatyrasyna sadaka berilýär. 
ÖLEŇ [ölöň] I, at. 1. Otluk meýdan, çemenlik 
ýer; ýaýla. Ter öleňli, gyzyl gülli, Bilbilli, bossanly 
daglar (

Görogly

). Illeri bar, diňli-diňli, Sowuk 
suwly, ter öleňli (Magtymguly). 2. k.d. Batgalykda 
bitýän ot. Öleň özün bag saýar (Magtymguly). 
ÖLEŇ [ölöň] II, at.Halk döredijiliginiň dört 
setirli goşgy görnüşi, toý aýdymy. Haý-haý, öleň, 
haý, öleň, Haýdyr bu gün ýar-ýar, Agy-gyzyl reňbe-
reň, Toýdur bu gün ýar-ýar (Öleňlerden). 
ÖLEŇLIK [ölöňlük], at. Gök otluk, giden öleňli 
meýdan.
ÖLERMEN [ölörmön], syp.ser. ÖlemenOnuň 
bir goňşusy ölermen awçydy (N. Jumaýew).
ÖLI [ölü], syp. 1. Jany çykan, diri däl, ölen, 
jansyz. Öli arslandan diri syçan (Nakyl). 2
Merhum. Öli aýatdan doýmaz, diri hezzetden 
(Nakyl). 3. göç.m. Hereketsiz, jansyz. Enjamy ele 
alan adamlar bolmasa, enjam ölüdir.

 Öli diller gepleşikde ulanylmadan galan, ýazuw 
ýadygärliklerinde 
duş 
gelýän 
diller. 
Öliň 
sargydynysargamak köp zat sargamak. Men oňa 
öliň sargydyny sargadym, atanyň ogla bolan mähri 
bilen ýalbardym (B. Kerbabaýew). Öliň soragyny 
soramak (bermek) köp zat soramak, bir zat hakynda 
çintgäp-çintgäp soramak, ýok soraglary bermek. 
Ýüzune öliň reňkiurmak ýüzüne öli adamyň reňki 
çykmak, ýüzi ak tam bolmak, ýüzüniň gany gaçyp, 
gaty agarmak.
ÖLINÇÄ [ölüýnçä:], hal. Tä dünýäden ötýänçä; 
tä ölüm pillesi tutýança, ömür boýy. Ýaryndan 
aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan – ölinçä 
(Nakyl). Tä ölinçä hak ýolunda ýat edem, Seni 
görüp, gamly göwnüm şat edem (

Görogly

). 
ÖLJERIBERMEK [ö:ljörüvermek], işl. Öljerip 
ugramak. 
ÖLJERIŞ [ö:ljörüş], iş ady. Öljermek ýagdaýy. 
ÖLJERIŞMEK [ö:ljörüşmök], işl. Bir zadyň 
birnäçe ýeri öl bolmak birnäçe ýerinde öl görünmek. 
Içine gök önümler salnan gabyň aşagy öljerişip dur. 
ÖLJERME [ö:ljörmö], iş ady. Öljermek 
ýagdaýy. 
ÖLJERMEK [ö:ljörmök], işl. Çala öl bolmak, 
sähel öl görünmek. Gaty kesekleriň arasy ilki öljerip, 
birdenem şildiräp akmaga durdy (

Edebiýat we 
sungat

). 
ÖLJERMEKLIK [ö:ljörmöklük], iş ady. 
Öljermek ýagdaýy. 
ÖLJERMEZLIK [ö:ljörmözlük], iş ady. Öljerip 
durmazlyk. 
ÖLJERTMEK [ö:ljörtmök], işl. Çala öl etmek.
ÖLJÜMEK [ö:ljümök], syp. Çala öl, ölräk. 
Öljümek çage. 
ÖLLEME [ö:llömö], iş ady. Öllemek ýagdaýy. 
ÖLLEMEK [ö:llömök], işl. 1. Öl etmek, suw 
degirmek. Üstünde köp oýnamakdan kä ýerleri 
süzülen matany suwa ölläp ýere ýazýarlar (A. 
Gowşudow). 2. gepl.d. Çalarak suwarmak, suw 
çaýdyrmak, suw bermek. Elim degmänsoň, ekin eken 
kölçelerimi ölläbem bilemok.

Eliňi öllemek gepl.d. Eliňi çalak-çulak 
ýuwmak. Nahar äberilýänça elimi ölläp geleýin
ÖLLEMEKLIK [ö:llömöklük], iş ady. Öllemek 
ýagdaýy. 
ÖLLEMEZLIK [ö:llömözlük], iş ady. Öl 
etmezlik, suw degirmezlik. 
ÖLLENMEK [ö:llönmök], işl. 1. Öl edilmek, 
suw degrilmek; suwa sokulyp çykarylmak. Mekdep 
jaýy okuw gutaran dessine arassalanmalydyr
esbaplar her gün irden öllenen esgi bilen 
süpürilmelidir (

Mugallymlar gazeti

). 2. Çala suw 
içip, ýer öl bolmak, çala çaýdyrylyp suwarylmak. 
Ekinli kölçe öllenen bolsa bolýa-la. 
ÖLLEŞMEK [ö:llöşmök], işl. Bilelikde öllemek.. 
ÖLLETMEK [ö:llötmök], işl. Öllemek işini 
başga birine etdirmek, öllemäge mejbur etmek
öllemäge mümkinçilik döretmek. Ol hasany maňa 
ölletdi. 
ÖLLEÝIŞ [ö:llöýüş], iş ady. Öllemek ýagdaýy. 


164 
ÖLLÄBERMEK [ö:llä:vermek], işl. Ölläp 
ugramak, öl edibermek. 
ÖLLÜGINE [öllüğünö], hal. Öl görnüşinde. 
Onda hem onuň üstüne suw guýup söndürýärler we 
öllügine eltip gowaça dökýärdiler (B. Gurbanow).  
ÖLLÜK [ö:llük], syp. Öl görnüşinde bolmaklyk, 
öli barlyk, gury dällik. 
ÖLME [ölmö], iş ady. Ölmek ýagdaýy. 
ÖLMEK [ölmök], işl. 1. Jany çykmak, dünýäden 
ötmek, aradan çykmak, ýogalmak, gaýtmak, 
aýrylmak, amanadyny tabşyrmak. Iki at depişer, 
arasynda eşek öler (Nakyl). 2. Ýok bolup gitmek, 
dowam etmegini bes etmek, ýitip gitmek. Näme üçin 
biziň käbirlerimiz bir eýýäm ölüp giden adaty 
süýreýäris (N. Pomma). 3. gepl.d.Solmak, guramak 
(ösümlik hakynda).


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   284   285   286   287   288   289   290   291   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling