Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet296/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   292   293   294   295   296   297   298   299   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Öňi-ardy gelmezlik bir işiň gutarýan wagty, 
netijesi belli bolmazlyk. Seniň bu başlan işiň öňi-
ardy gelmedi-le. 
ÖŇINÇÄ [öňüýnçä:], hal. 1. Öňi bilen, ilki, öň, 
öňürti. Öňinçä jaý salynjak ýere kerpiç çekeliň. 2Öň 
ýany, biraz öň, öňüsyrasy. Ol ýygnak başlanmazdan 
öňinçä geldi. 
ÖŇI-SOŇY [öňü-soňy], hal. 1serÖňde-soňda. 
2ser. Öňi-ardy


167 
ÖŇKI [öňkü], syp. 1. Öten döwürdäki, geçenki, 
owalky, ozalky. Öňki adamlar sada bolupdyrlar. 2
Öňde barýan, öňde gelýän, öňde duran, öňdäki. 
Goşunyň öňki hatary baýdaklydy. 3. Öten agşam, 
öten gije däl-de, ondan aňyrdaky (agşam, gije). 
Bagşy aga, seniň täze düzen aýdymyňy höwes bilen 
diňlänimiz öňki agşam dälmidi?! (B. Kerbabaýew).
ÖŇKI-ÖŇKÜLIK [öňk(ü)-öňkülük], at. Üýtgän 
zat ýok,şol bir ýagdaý, öňki ýagdaý, öňküsi ýaly, 
hemişekisi ýaly, öňkülik. Birnäçe wagt geçenden soň, 
ýene-de öwrenişip gitdiler, ýene-de öňki-öňkülik 
boldy (B. Seýtäkow). 
ÖŇKI-SOŇKY 
[öňkü-soňky]: 
öňki-soňky 
görmedigini görkezmek kynçylyklara sezewar 
etmek, kösemek. Wagtlaýyn başlyk diýip bellediler 
weli, 
başlyksyrap, 
işgärlerine 
öňki-soňky 
görmedigini görkezdi. 
ÖŇKÜLIK [öňkülük], at. 1. Biriniň özüni öňki 
duýuşýagdaýy.Onuň öňküligi bolmady, ...gaşlary 
çytyldy (B. Gurbanow). 2serÖňki-öňkülik
ÖŇKÜSI [öňküsü] I: öňküsi gün geçenbelli bir 
günüň öňünden gelýän gün. Ol şäherden öňňun däl-
de, öňküsi gün geldi. 
ÖŇKÜSI [öňküsü] II, çal. 1.Öň nähili bolsaň, 
şonuň ýaly boluş (I, II, III şahslaryň goşulmasyny
kabul eden halatynda ulanylýar: öňkim, öňkiň, öňküsi 
we ş.m.). Öňküsi ýaly bolsun-da gezibersin. 2
gepl.d. Biriniň öňki aýaly ýa-da adamsy. Onuň 
öňküsi biziň obadaşymyzdy. 
ÖŇLI-SOŇLY [öňlü-soňly], hal. 1. Başdan-aýak, 
öňde-soňda, jikme-jik, takyk. Dilewarlyk edip-etmän, 
biziň hem öňli-soňly bilýän zadymyz ýok! (G. 
Kulyýew). 2Ymykly, hemişelik. Don biçerler ýeňli-
ýanly, dost tutarlar öňli-soňly (Nakyl).  
ÖŇLIN-SOŇLYN [öňlin-soňlyn], hal. Birde 
öňünden, bir-de soňundan, käwagt biri, ygym-sagym. 
Çakylyga öňlüýn-soňluýn gelmek bu obanyň 
adamlarynyň endik eden gylygydy. 
ÖŇLÜK, at. Geýen eşigiň öň ýüzüni hapadan 
goramak üçin öňe tutulýan ýörite tikilen eşiklik. 
Sähragül elini öňlügine süpürip, bärki otaga girip 
gelşine seslendi (N. Jumaýew). 
ÖŇLÜKLIK [öňlüklük], syp. Öňlük eder ýaly 
(mata we ş.m.). 
ÖŇŇE [öňňö], çal., serÖzgeBirniçe adam bar, 
ýygar teňňäni, Özüne taý görmän, gezer öňňäni 
(Magtymguly).Gün 
düşende 
ýalkym 
salýar 
maňlaýynyň egmesi, Bir seni gördüm jahanda, sençe 
ýokdur öňňesi (Baýly şahyr). Ertir oýansam, 
öýümdäkileriň birinden öňňesi işe giden eken (H. 
Garabaýew).  
ÖŇŇEREKLEMEK [öňňöröklömök] işl.,gepl.d. 
1. ser. Öňürdiklemek. Eşek öňňerekläp çapyp 
barýardy. 2. göç.m.Ýaranjak bolup, biriniň öňünde 
iki-baka ylgaşlamak, selpemek, ylgamanyň bäri ýany 
gaty-gaty ýöräp, hyzmatyny etmek. 
ÖŇŇIL [öňňüýl / öňňüýyl], hal. Geçen ýyl däl-
de, ondan öňki ýyl.Biziň öňňil gyssananymyz 
ýadyňda barmy? (B. Kerbabaýew). 
ÖŇŇILKI [öňňüýlkü / öňňüýylky], hal.Geçen 
ýylky däl-de, ondan öňki ýylky. Onsoň-a mallarymyz 
sowukda öňňilki ýaly heläk bolaýmasa gerek (N. 
Pomma). 
 ÖŇŇIN [öňňüýn / öňňu:n], hal. Düýn däl-de, 
ondan öňki gün. Bilýämiň, meni düýn däl, öňňin 
goşunçylyga çagyrdylar (A. Durdyýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   292   293   294   295   296   297   298   299   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling