Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet292/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   288   289   290   291   292   293   294   295   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖMÜR, at. 1. Biriniň ýaşaýyş döwri, mütdeti. 
Ömür öwreder, zähmet baýadar (Nakyl). Atanazar 
aga ömrüniň köpüsini miraplykda geçirdi (H. 
Ysmaýylow). 2hal,göç.m. Hiç haçan, asla. Olar sen 
diýip gelmeýärler, olar men diýip gelýärler, olar 
ömürem seniň gapyňdan garajak adamlar däl (H. 
Derýaýew). 3. hal, gepl.d. Hemişe, mydama, 
elmydama. Ol ömür maňa geňeşip iş edenok. Arça 
ömür gök öwsüp oturýar. 4. Ulanmak möhleti. Şu 
matadan tikilen köýnegiň ömri uzak eken. 

Ömrüňe bereket! Harman alyp duran adama 

çäjiňe bereket!

diýlende, onuň minnetdarlyk 
bildirip aýdýan jogaby. Ömrüňi kül etmek biri ýa-da 
bir zat üçin köp azap çekmek. Ömrüň uzak bolsun! 
Biriniň uzak ömür sürmegi arzuw edilip aýdylýan 
alkyş. Ömür sürmek ýaşamak, ýaşamagy dowam 
etmek. Adam ogly dünýä gelen, Ömür sürse rahat 
bilen (Mätäji). Ömür tanapy kesilmek (üzülmek, 
gyrylmak) ýogalmak, aradan çykmak. 
ÖMÜR-AHYR 
[ömür-a:hyr], 
hal, 
ser. 
Ömürbaky. Yşkyň bilen men dat eýläp, Öwrenip 
men, adat eýläp, Ömür-ahyr perýat eýläp, Ýetmez 
lahat boýlaryňa (Magtymguly). 
ÖMÜRBAKY 
[ömürva:ky], 
hal. 
Hemişe, 
elmydama, ömürlik, ebedi; ömürboýy. Seniň bu eden 
ýagşylygyňy ömürbaky unutman. 
ÖMÜRBOÝY [ömürvoýy], hal, ser. Ömürbaky
ÖMÜRLIK [ömürlük], hal1ser. Ömürbaky2
Ömürlik mülk. 2. göç.m. Berk, pugta. Ökde ussanyň 
elinden çykan zat ömürlikdir. 

Ömürlik uka gitmek ölmek, dünýäden ötmek, 
ýogalmak. Ömürlik ýoldaş är bilen aýalyň ömrüniň 
ahyryna çenli bile ýaşaşmak ýagdaýy. Mollanepes 
Bossantäç atly gyzy söýüpdir we onuň bilen ömürlik 
ýoldaş bolupdyr. 
ÖMÜR-ÖTE, hal. Hiç haçan, asla, ömür. Hany 
äber, saç bagymyň ujuna pugta daňaryn, ömür-öte 
gaçasy ýok (A. Durdyýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   288   289   290   291   292   293   294   295   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling