ÖŇALDY [öňally], at. 1. Takyrda suw
ýygnanmagy üçin, onuň akyp gitjek ugruna basylan
bent. 2. Oba ady.
ÖŇATLY, at. Gelin alynmaga gidilende we
gaýdylanda gelnalyjylaryň öňünden gelýän atlylar,
atbaşçy. Sona zatdan bihabar, Muňa öňatly geldi (A.
Alamyşow).
Öňatly gidiljek ýeriniň goňşy
obamyzdadygyny eşiden dessimize gürrüňiň agramy
şol ýana agdy (R. Gelenow).
ÖŇBARAK
[öňmarak],
at.
Gelin
toýundabellenen pellehana
öň gelmeşek
edilip
gurulýan çapyşyk.– Öňbaragyň bir semiz toklusy bar
– diýip, jar çekdirdi (B. Kerbabaýew).
ÖŇBAŞÇY [öňmaşşy], at. 1. Bir hereketiň,
akymyň, guramanyň, edaranyň we ş.m. başynda
durup, oňa ýolbaşçylyk edýän adam. 2. Öz yzy bilen
alyp baryjy (köplenç, haýwanlar hakynda). Goýunçy
köpek okdurylyp barşyna çöpleriň düýbüne
bukdaklaşyp gelýän möjekleriň öňbaşçysynyň üstüne
özüni oklady (A. Gowşudow). 3. Öňdebaryjy. Olar
tutuş ýurdumyz boýunça ýygymda öňbaşçy bolmagyň
hötdesinden gelýärler (
Nesil
).
ÖŇBAŞÇYLYK [öňmaşşylyk], hal. Öňbaşçy
bolmaklyk, ýolbaşçylyk etmeklik. Ýaşlar toparynyň
öňbaşçylyk hyzmatyny ýokarlandyrmaly.
ÖŇBAÝRAK [öňmaýrak], at. At çapyşygynda
toýhana ilki gelene berilýän serpaý.
ÖŇDEBARYJY [öňdövaryjy], at. Önümçilikde
zähmet
öndürijiligi
bilen
beýlekilerden
tapawutlanýan adam.
ÖŇDELIK [öňdölük], at. Öňde baryjylyk, öňde
bolmaklyk, öňe gidijilik. Gaýratam ederis,
pagtanam ýygarys, öňdeligi-de elde saklarys.
ÖŇDE-SOŇDA [öňdö-soňdo], hal. 1. Iru-giç,
haçan hem bolsa, bir wagt, ahyrsoňy. Öňde-soňda
bilinmän galjak zat bolmaz. 2. Hiç haçan, hiç wagt.
Men öňde-soňda şondan başga ýalan sözlemedim (A.
Gowşudow).
ÖŇI-ARDY [öňü-a:rdy], at. Öňi we yzy, başy-
aýagy.
Çyksa
goşun
öňi-ardy
bilinmez
(Magtymguly).
Do'stlaringiz bilan baham: |