Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet293/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   289   290   291   292   293   294   295   296   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖNDÜM [ö:nnüm], at. Iş öndürijiligi, işi öndürip 
biliş derejesi. Yhlasly, tutanýerli işlense,öndümi köp 
bolýar. 
ÖNDÜMLI [ö:nnümlü], hal, ser. Öndürijilikli
Maldarçylygy ösdürmek üçin mundan beýläk-de 
öndümli işläris. 
ÖNDÜMLILIK 
[ö:nnümlülük], 
syp., ser. 
Öndürijiliklilik. 
ÖNDÜMSIZ 
[ö:nnümsüz], 
syp
ser. 
Öndürijiliksiz
ÖNDÜRIBERMEK [ö:nnürüvermek], işl. 1
Önüm öndürip başlamak; önüm öndürmegi dowam 
etdirmek. – Siz köpräk pagta öndüriberiň diýdi 
(

Nesil

). 2. Çaga ösdürip ýetişdiribermek. 
ÖNDÜRIJI [ö:nnürüjü], syp. Önüm işläp 
çykaryjy, önüm beriji. Öndüriji güýçler. 
ÖNDÜRIJILIK 
[ö:nnürüjülük], 
at. 
Belli 
mukdarda önüm işläp çykaryjylyk, önüm berijilik
öndümlilik. Kärhananyň öndürijiligi pes ýagdaýda. 
ÖNDÜRIJILIKLI [ö:nnürüjülüklü], syp. Önüm 
köp işläp çykarýan, köp önüm berýän, öndümli. 
Öndürijilikli işlemek.
ÖNDÜRIJILIKSIZ 
[ö:nnürüjülüksüz], 
syp. 
Gerekli mukdarda önüm işläp çykarmazlyk, 
öndümsiz. Öndürijiliksiz işlemek. 
ÖNDÜRILMEK [ö:nnürülmök], işl. Haýsydyr 
bir önüm ýasalmak, taýýarlanmak. Öndürilen galla 
önümleri
ÖNDÜRIP-ÖSDÜRMEK [ö:nnürüv-össürmök], 
işl. Dünýä indirip, ekläp-saklamak, terbiýeläp 
ýetişdirmek, bakyp-bejerip ulaltmak. Ony öz süýdi, 
maňlaýynyň deri bilen öndürip-ösdüren mähriban 
ene hany? (B. Kerbabaýew). 
ÖNDÜRIŞ [ö:nnürüş], iş ady. Öndürmek
ýagdaýy. 
ÖNDÜRIŞMEK [ö:nnürüşmök], işl. Birine 
önümi işläp çykarmaga, hasyl almaga kömekleşmek. 
ÖNDÜRME [ö:nnürmö], iş ady. Öndürmek 
ýagdaýy. 
ÖNDÜRMEK [ö:nnürmök], işl. 1. Önüm işläp 
çykarmak, önüm bermek, hasyl almak. Önüm 
öndürýänler we telekeçiler yzygiderli höweslendiriler 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, 
Garaşsyzlyga 
guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). 2. Çaga 
dogurmak, dünýä indirmek. Ýöne, her zadam bolsa
olam ene-dä, garabagyr, öndüripdir, ekläpdir-
saklapdyr, onsoň oňa-da maslahat salaýaly diýýäs-dä 
(H. Derýaýew).
ÖNDÜRMEKLIK [ö:nnürmöklük], iş ady. 
Öndürmek ýagdaýy. Ilki bilen, kärhanada gant 
öndürmekligi ýola goýmaly
ÖNDÜRMEZLIK [ö:nnürmözlük], iş ady. Önüm 
öndürmek işi amal edilmezlik, ýerine ýetirilmezlik. 
ÖNDÜRTMEK [ö:nnürtmök], işl. Önümi işläp 
çykarmak işini başga birine etdirmek. 
ÖNELGE [ö:nölğö], at. 1. Çaga öndürip bilijilik. 
2. Ene-atasyndan önen çaga. 
ÖNELGELI [ö:nölğölü], syp. Önelgesi bolan. 
ÖNELGESIZ [ö:nölğösüz], syp. Çaga öndürip 
bilmeýän, göwresinde çaga galmaýan. Önelgesiz 
aýallaryň 
50-60 

jyns 
organlarynyň 
sowuklamasyndan ejir çekýär (M. Annamow). 
ÖNELGESIZLIK 
[ö:nölğösüzlük], 
syp.  
Önelgesi ýokluk, önelgesi bolmazlyk. Ol bir ýa 
birnäçe keseliň organizme ýetiren zeperi (M. 
Annamow). 
ÖNJEÝLI [ö:njöýlü], syp. Esli, ep-esli, netijeli, 
degerli, ugurly. Durmuşymyzyň öňe gitmegine önjeýli 
goşant goşmaly. 
ÖNJEÝLILIK [ö:njöýlülük], at. Netijelilik. 
Meniň häzirki iş önjeýliligimize göwnüm ýetenok (A. 
Gowşudow). 


166 
ÖNME [ö:nmö], iş ady. Önmek ýagdaýy. 
ÖNMEK [ö:nmök], işl. 1. Iş kadaly barmak, iş 
ýöremek, iş bitmek, edilýän işiň netijesi görnüp 
durmak. Iş önýän bolsa, oňa ýetesi näme bar?! 2
Hasyl bermek, önüm bermek, bitmek. Mele suwdan 
ganan ýerden egsilmez ak pagta önýär. 3. Nesil 
döremek, perzent bolmak, dogmak. Ondan öňde-
soňda ýeke perzent öndi. Her kim özünden önen 
çaganyň ýamanlygyny görmek islemeýär. 
ÖNMEKLIK [ö:nmöklük], iş ady. Önmek 
ýagdaýy. 
ÖNMEZLIK [ö:nmözlük], işl. Önüp durmazlyk. 
ÖNÜBERMEK 
[ö:nüvermek], 
işl. 
Önüp 
başlamak, köpelibermek. 
ÖNÜM [ö:nüm], at. 1. Belli bir wagt içinde 
kärhananyň, senagatyň belli bir pudagynyň ýa-da 
ýurduň halk hojalygy tarapyndan öndürilýän zatlaryň 
jemi, önümçilikde öndürilýän zatlar. 2. Akyl 
zähmetiniň döredýän zatlary. Ýazyjy öz önümini 
halkyň arasynda giňden ýaýradýar. 
ÖNÜMÇILIK [ö:nümçülük], at. 1. Senagatyň, 
oba hojalygyň önüm öndürilýän pudagy. Şunda diňe 
biriçerki islegiň üpjün edilmegi we eksportyň 
artdyrylmagy däl, eýsem täze nebit-himiýa 
önümçiliklerini ösdürmegiň ugurlary hem nazarda 
tutulýar (

Türkmenistan

). 2. Jemgyýetiň ýaşamagy 
we ösmegi üçin zerur maddy baýlyklary döretmek 
işi. Önümçilik ösdügiçe, adamlaryň islegleri artýar 
(

Edebiýat we sungat

). 
ÖNÜMÇILIKÇI 
[ö:nümçülükçü], 
at. 
Önümçilige gönüden göni gatnaşýan, önümçilikde 
işleýän adam. Gowy önümçilikçi, janypkeş, 
zamanabap, ak ýürekli adamlar gerek (

Edebiýat we 
sungat

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   289   290   291   292   293   294   295   296   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling