Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet291/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   287   288   289   290   291   292   293   294   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ölüm jezasy iň ýokary jeza çäresi. Garaşsyz, 
hemişelik Bitarap Türkmenistan ölüm jezasy 
ulanylmaýan ýurtdur. Ölüm pillesi tutmak ölmeli 
bolmak, ölmek katdyna ýetmek. Ölüm ýassygynda 
ýatmak ölüm howply bolmak, agyr kesel zerarly 
ölümli halda bolmak. 
ÖLÜMLI [ölümlü], syp. Ölüm howply, ölüm 
howpy bolan. Ol derman ençeme gezek ölümli ýürek 
agyrydan halas edipdi (T. Gurbanow). 
ÖLÜMSIZ [ölümsüz], ser. Ölüm-ýitimsiz
Näme, siz uruş ölümsiz, ýitimsiz bolar öýdýärmidiňiz, 
näme, ol iberenleriňizi toýa ugradypmydyňyz? (A. 
Gowşudow).
ÖLÜM-ÝITIM,at. 
Heläkçilik, 
gyrgynçylyk 
zerarly ýüz berýän ölüm hem-de ýitgi. Mallary ölüm-
ýitimden goramaly. 
ÖLÜM-ÝITIMSIZ,syp.,hal. 
Ölüm-ýitimden 
halas, ýitgisiz. Mallary gyşdan ölüm-ýitimsiz 
çykararys. Ölüm-ýitimsiz ýagdaý. 
ÖLÜP-ÖÇMEK 
[ölüv-öçmök]: 
ölüp-öçüp 
barmak 1) aşa söýmek, örän gowy görmek. Onuň 
üstünde ölüp-öçüp barýardylar. 2) gaty howlukmak, 
örän alňasamak. Aý, turmaga rugsat edäýenlerinde-
de ölüp-öçüp barjak däl (

Edebiýat we sungat

). 
ÖLÜŞMEK [ölüşmök], işl. 1. Urşup biri-biriňi 
öldürmek. Ölşeris weli, şu tümmeg-ä bermeris (A. 
Durdyýew). 2. gepl.d. Köpçülik bolup basa-baslyk 
etmek, dawa-jenjel etmek. Seniň bilen deň durup, bir 


165 
ýerde ölüşjek (

Görogly

). 3. göç.m. Solmak, 
guramak (ösümlik hakynda). 
ÖMRÜZAÝA [ömrüza:ýa], at, asman j. Günorta 
tarapda ir dogup, günorta-günbatarda ir ýaşýan 
ýyldyz. Gül ýüzüni görmegenler, Ömrüzaýa 
meňzeýär, Kirpigi ok, gaşlary misli ýaýa meňzeýär 
(Halk aýdymyndan). 
ÖMRYLLA [ömrylla:], hal. Hiç haçan, hiç wagt, 
düýbünden. Sen biziň gören görgimizi birje gün gören 
bolsaňdyň, ömrülla agzyňa şerap almazdyň. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   287   288   289   290   291   292   293   294   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling