ÖRKÜÇLEK [örküşlök], syp. 1. Uly örküçli,
örküji uly. Örküçlek düýe. 2. Gerşi uly bolan, örküji
has belent bolan. Ol örküçlek gaýanyň ýüzünden
towsup, Sumbara düşdi (B. Soltannyýazow).
ÖRKÜÇLEME [örküşlömö], iş ady. Örküçlemek
ýagdaýy.
ÖRKÜÇLEMEK [örküşlömök], işl. Tolkun
sebäpli suwuň ýüzünde uly-uly geriş emele gelmek.
Şemal turup, örküçläp ugran gomlar birneme
howatyr etdirýärdi.
ÖRKÜÇLEÝIŞ
[örküşlöýüş],
iş
ady.
Örküçlemek ýagdaýy.
ÖRKÜÇLÄBERMEK [örküşlä:vermek], işl.
Örküçläp başlamak (tolkun hakynda)
ÖRKÜÇLI [örküşlü], syp. 1. Örküji bar bolan.
Iki örküçli düýe. 2. Tümmerip duran gerişli, beýgelip,
saýlanyp duran. Onuň örküçli burnunyň ýanyndaky
duluklary ýiti gözlerini has kiçeldip görkezýärdi.
ÖRLÜK [ö:rlük], at. Gäminiň ortasyndaky
ýelken çekilýän uzyn agaç.
ÖRME [ö:rme], 1. iş ady. Örmek ýagdaýy. 2. at,
ser. Örüm 1. Gözüňe sürme ýaraşar, Biliňe tirme
ýaraşar, Saçyňa örme ýaraşar, Saçlary şamar Hatyja
(Seýdi). 3. Örülip taýýarlanan, örülen. Beýle
gapdalymyzda çägesöw kenar boýunda örme kepbe
bardy.
ÖRMEGAMÇY [ö:rmöğamçy], at. Gaýyşdan
örülen gamçy. Bizde-de örme gamçy bardy.
ÖRMEGAPY [ö:rmöğapy], at. Gamyşdan,
hyşadan, teletinden örülip, yssyny, sowugy
geçirmeýän gapy. Güýçli ýel kaşaryň örmegapysynam
böwsüp taşlady (G. Şamyýew).
ÖRMEK [ö:rmök] I, işl. 1. Ýörite çişler ýa-da
örüji maşyn arkaly ýüplükden, ýüpden önüm
taýýarlamak. Gyzlar jorapdyr ellik örýärler. 2. Ilki
başdan örjek saçyňy, köplenç, üçe bölüp, her bölegini
barmaklaryň ujy bilen berk tutagada, beýleki
böleginiň üstüne atmak arkaly biri-biriniň içinden
geçirip, örüm görnüşine getirmek. 3. Sebet we ş.m.
ýasamak üçin ösümlik baldaklaryny biri-biriniň
arasyndan geçirip birleşdirmek. Sebet örmek. 4. Biri-
biriniň üstüne tertipli goýup galdyrmak. Çelekleri
üstü-üstüne örmek. Ýorgan-düşekleri sandygyň
üstünde örüp goýmak. 5. Daşdan, kerpiçden jaý
galdyrmak üçin arasyna palçyk guýup, kerpiçleri
biri-biriniň üstünde ýerleşdirmek, goýmak. Kerpiç
örmek.
Do'stlaringiz bilan baham: |