Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet300/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   296   297   298   299   300   301   302   303   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖRMEK [ö:rmök] II, işl. 1. Gögerip çykmak, 
gögermek. Men bolsa doguldym alabaharda
Dogupdyryn otlar ýaňy örende (B. Hudaýnazarow). 
Güýz ýagşyndan soň, depe-düzlere gök ot ördi. 2
Bedende, tende her hili düwürtik, örgün peýda 
bolmak. Çagajygyň bedenine örgün örüpdir. 3
Köpçülükleýin aýak üstüne galmak, ýerinden turmak, 
turup bir ýana gönükmek. Ýatan goýunlar 
şagallardan ürküp, tapyrdaşyp örýärdiler (

Edebiýat 
we sungat

). Toýa gelen adamlar nahar iýenlerinden 
soň agzybirlik bilen ördi. 4. Ukudan soň ýeriňden 
galmak, turmak, ýatyp turmak. Ine, şol gün obanyň 
çagalary öňküsinden hem ir ördüler (H. Ysmaýylow). 
Sag-aman ördüňizmi? 
ÖRMEKLIK [ö:rmöklük] I, II, iş ady. Örmek 
ýagdaýy. 
ÖRMEZLIK [ö:rmözlük], işl. Örmek hereketi 
amala aşmazlyk. 
ÖRŇEDILMEK [örňödülmök], işl. Köpeldilmek 
(mal hakynda). 
ÖRŇEME [örňömö], iş ady. Örňemek ýagdaýy. 
ÖRŇEMEK [örňömök], işl. Sany köpelmek; 
sany artmak. Maldarçylyk ösýär bizde, Goýun-guzy 
örňäp düzde (A. Salyh). Meniň malym hem örňäp 
başlapdyr (H. Derýaýew). 
ÖRŇEMEZLIK 
[örňömözlük], 
iş 
ady. 
Köpelmezlik. 


170 
ÖRŇETMEK 
[örňötmök], 
işl. 
Sanyny 
köpeltmek, artdyrmak. Toklularymyzyň galanjalaryny 
bolsa örňederis (B. Öwezow). 
ÖRŇEÝIŞ [örňöýüş], iş ady. Örňemek ýagdaýy. 
ÖRŇÄBERMEK [örňä:vermek], işl. Örňäp 
başlamak, köpelip ugramak. 
ÖRTÜNJEK [örtünjök], at. 1Aýallaryň başyna 
atýan uly gyňajy, örtünje, ýapynja. 2. Howut 
ýyrtylmazlyk üçin onuň üstünden atylýan deri ýa-da 
keçe bölegi. 
ÖRT: ört almak oda çawlanyp ýanmak,
köýmek. Ört alan gamşyň ýalny onuň arasyndaky 
çygar gyzganyň hem pudaklaryny köýdürjekdi (B. 
Kerbabaýew). Ört bermek oda çawlap ýakmak, 
köýdürmek. Bütin töweregi ört berlen ýaly garaldyp 
taşlady. Gara ört bolmak gara ýanyk bolmak. 
Günüň aşagynda işlänsoň, onuň ýüz-gözi gara ört 
bolupdyr. 
ÖRTDÜRMEK [örtdürmök], işl. Örtmek işini 
başga birine etdirmek. 
ÖRTEME [örtömö], iş ady. Örtemek ýagdaýy. 
ÖRTEMEK [örtömök], işl. Gaty gynandyrmak, 
bagryny ýakmak, janyny ýakmak, ýakmak. Serwi 
daragt boýly peri, Seni hijran örtedi (Magtymguly). 
ÖRTEMEKLIK [örtömöklük], iş ady. Örtemek 
ýagdaýy. 
ÖRTEMEZLIK [örtömözlük], iş ady. Gaty 
gynandyrmazlyk, bagryny ýakmazlyk, janyny 
ýakmazlyk, ýakmazlyk. 
ÖRTENDIRMEK [örtönnürmök], işl. Gaty 
gynandyrmak, janyny ýakmak, ýakmak. 
ÖRTENIŞMEK [örtönüşmök], işl. Birnäçe bolup 
bilelikde örtenmek. 
ÖRTENMEK [örtönmök], işl. Gaty gynanmak, 
ýanmak, janyňy ýakmak. Pyrakyňda örtenip, geldim 
zybana, dilber (Mollanepes). Derdim güýçli, men 
örtenmän nädeýin, Gowga köpdür syna-başyň içinde 
(Zelili). 
ÖRTEÝIŞ [örtöýüş], iş ady. Örtemek ýagdaýy. 
ÖRTÄBERMEK [örtä:vermek], işl. Birini örtäp 
başlamak. 
ÖRTGI [örtgü], at. 1. Aýal-gyzlaryň başyna 
örtünmek, bürenmek üçin niýetlenen ýaglyk. 2. Bir 
zadyň üstüni, ýüzüni, daşyny örtmek, ýapmak üçin 
ulanylýan zat. Otaga giren ýeriňde üsti ak örtgi 
ýapylan stol dur (A. Gowşudow).
ÖRTGÜLI [örtgülü], syp. Örtgüsi bolan, örtgi 
atylan, örtgi çekilen. 
ÖRTGÜLIK [örtgülük], syp. Örtgi üçin 
niýetlenen, ulanylýan ( mata we ş.m. zat). 
ÖRTGÜNat, kön.s. Arpa-bugdaý gabygy. 
ÖRTI [örtü], at, ser. Örtgi. Çep böwürde örtüsi 
ýyrtylyşan köne kürsi durdy (G. Kulyýew). 
ÖRTME [örtmö], iş ady. Örtmek ýagdaýy. 
ÖRTMEK [örtmök], işl. 1. Üstüni ýapmak, 
üstüni büremek. Çagajyk süýtli küýzäniň agzyny akja 
mata bilen örtdi. 2. Ýüzüne ýazylyp ýatmak, üstüni 
basyrmak, ýüzüni tutmak. Depe-düzi gar örtüpdir. 3
Öňüni tutmak, öňüne gabat bolmak, ýüzüne perde 
bolmak. Lemmer-lemmer gara bulutlar tutaşyp, 
asmanyň ýüzüni örtüpdi (

Edebiýat we sungat

).4
göç.m. Ýaşyrmak, gizlemek, bassyr-bussur etmek. 
Hakykatyň üstüni örtmek ýagşy däl. 
ÖRTMEKLIK [örtmöklük], iş ady. Örtmek 
ýagdaýy. 
ÖRTMEN [örtmön] at. 1. Ýüke ýapmak, ýüküň 
üstüni örtmek, dula germek üçin öýdelip dokalýan 
haly önümi. 2. Gelinleriň gyňaç daňynmagyň ýerine 
başyna atynýan ýaglygynyň, gyňajynyň umumy ady, 
örtgi. 
ÖRTMEZLIK 
[örtmözlük], 
işl. 
Üstüni 
ýapmazlyk, büremezlik, öňüni tutmazlyk. 
ÖRTÜBERMEK [örtüvermek], işl. Üstüni 
ýapmaga, büremäge, öňüni tutmaga başlamak. 
ÖRTÜK, at, ser. Örtgi 1, 2. Örtügi ýaşyldyr, 
geýdigi ala, Boýy Selbä meňzär, kamaty tala 
(

Saýatly – Hemra

). Tamyň demir örtügine degýän 
ýagyş damjalary onuň beýnisinde şatyrdaýana döndi 
(B. Kerbabaýew). 
ÖRTÜKLI [örtüklü], syp., ser. Örtgüli. Ol öýe 
girip, üsti örtükli stoluň başyna geçip oturdy (B. 
Soltannyýazow).  
ÖRTÜLGI [örtülğü], syp. Üsti bir zat bilen 
ýapylan, üstüne bir zat bürelen, örtülen. Onuň gözüne 
ak mata bilen örtülgi tegelek stoluň üstünde duran 
owadan güldandaky bir desse çemen seçelenip 
göründi (N. Pomma). 
ÖRTÜLI [örtülü], syp., ser. ÖrtgüliOtaga giren 
ýeriňde üsti ak örtüli kürsi dur (A. Gowşudow).
ÖRTÜLIK [örtülük], syp. Örti, örtgi üçin 
ulanylýan (mata we ş.m. zat). 
ÖRTÜLMEK [örtülmök], işl. 1. Üsti ýapylmak, 
bürelmek. Ýeke depeler däl, meýdanlaryň hemme ýeri 
hem gar bilen örtülipdi. Ýol taýgançak buz bilen 
örtüldi. 2Öňi tutulmak, öňüne gabat bolmak, ýüzüne 
perde bolmak. Duýdansyzlykda ýel turdy, bütin 
asman hem bulut bilen örtüldi. 3. Ýaşyrylmak, 
bassyr-bussur edilmek, gizlenilmek. 
ÖRTÜNJE [örtünjö], at. Örtünmek, ýapynmak 
üçin örtgi, ýaglyk, gyňaç, ýapynja. Adamlar 
örtünjelerini başlaryna bürenişip, yklaryny bakyşyp, 
döwüm-dişlem çörek iýdiler (A. Gowşudow). 
ÖRTÜNMEK [örtünmök], işl. Öz üstüňi 
ýapmak; 
başyňa 
atmak,bürenmek. 
Uklapdyr 
düýürlenip ikijigi-de, Üstlerine örtünip köne jiltge (A. 
Atajanow). 
ÖRTÜŞiş ady. Örtmek ýagdaýy. 
ÖRTÜŞDIRMEK [örtüşdürmök], işl. Köp zadyň 
üstüni örtüp çykmak, hemmesini örtmek. 
ÖRTÜŞMEK [örtüşmök], işl. 1. Bir zadyň üstüni 
örtmäge kömekleşmek. Ol öýüň töründe duran 
gapyrjaklaryň üstüni örtüşdi2. Bilelikde örtmek.
ÖRÜBERMEK 
[ö:rüvermek], 
işl. 
Örüp 
başlamak, örüp ugramak. 
ÖRÜJI [ö:rüjü], at. Örmek işini ýerine ýetirýän 
adam. Obada kerpiç örüjileri, agaç ussalaryny 
taýýarlamak örän möhümdir. 
ÖRÜJILIK [ö:rüjülük], at. Örmek arkaly önüm 
taýýarlaýyş käri, hünäri. 
ÖRÜLEME [ö:rülömö], iş ady. Örülemek 
ýagdaýy. 


171 
ÖRÜLEMEK [ö:rülömök], işl. Örüde gezmek, 
örüde otlamak. Aşyň içen derlesin, Süriň gumda 
örülesin (Halk döredijiliginden). 
ÖRÜLEMEZLIK [ö:rülömözlük], iş ady. Örüde 
otlamazlyk, örä goýberilmezlik. 
ÖRÜLEÝIŞ [ö:rülöýüş], iş ady. Örülemek 
ýagdaýy. 
ÖRÜLETMEK [ö:rülötmök], işl. Mallary örüde 
gezdirmek, bakdyrmak. Gyş aýlarynda sürini şolar 
ýaly oýlukda örüledýärin. 
ÖRÜLMEK [ö:rülmök] işl. 1. Aýak üstüne 
galynmak. Tomusda ir örülip, yssy düşmänkä ähli 
işlerden dynylýar. 2.Ýatyp turulmak. 
ÖRÜM [ö:rüm], at1. Örmek şekili. Goşa örüm 
saç. Jorabyň örümi. 2. Guýy gazylanda diwary 
opurylmazlyk üçin iç ýüzüne örülen sözen, ýylgyn. 
ÖRÜMLIK [ö:rümlük], syp. Guýa örüm etmek 
üçin niýetlenen (sözen, ýylgyn we ş.m. zat) 
ÖRÜNMEK [ö:rünmek], işl. Özüň üçin örmek. 
Gelnejem özüne düýe ýüňünden ýeňsiz örünýär
ÖRÜŞ [ö:rüş], iş ady. Örmek ýagdaýy. 
ÖRÜŞMEK [ö:rüşmök] I, işl. 1. Örmäge 
kömekleşmek. 2. Bilelikde örmek (jorap, saç 
hakynda). Men ejeme jorap örüşýärin. Gyzlar 
saçlaryny örüşip otyrdylar. 
ÖRÜŞMEK [ö:rüşmök] II, işl. 1. Endamyňa, 
teniňe her hili düwürtikler örüp başlamak. 2
Köpçülikleýin aýak üstüne galmak, yzly-yzyna turup 
başlamak. Ýatan goýunlar örüşdi. 
ÖRÜZIBERMEK [ö:rüzüvermek], işl. Örüzip 
başlamak. Sen goýunlaryňy örüziber, onýança menem 
süýdi basyraýyn. 
ÖRÜZILMEK [ö:rüzülmök], işl. 1. Biynjalyk 
edilmek, gozgalaňa salynmak. Bimahal eşidilen at 
aýaklarynyň sesine bütin oba örüzildi. 2. Ukudan 
oýarylmak, ýatanlar turzulmak. 
ÖRÜZIŞMEK [ö:rüzüşmök], işl. Örüzmäge 
kömek etmek, ukudan oýaryşmak. Sen ataňa sürini 
örüziş, ynha menem bararyn. 
ÖRÜZME [ö:rüzmö], iş ady. Örüzmek ýagdaýy. 
ÖRÜZMEK [ö:rüzmök], işl. 1. Aýak üstüne 
galdyrmak. Ýöne, çykanyňyzdan at salyp, obany 
örüzäýmäň! 2Ukudan oýarmak, ýatanlary turuzmak. 
Ol daňdanyň ümüş-tamşynda örüzen sürüsine gözüni 
aýlady (

Edebiýat we sungat

). 3. Üstüne goýbermek, 
küşgürmek. Ýaşuly hem itleri örüzip goýberdi. 
ÖRÜZMEKLIK [ö:rüzmöklük], iş ady. Örüzmek 
ýagdaýy. Atam maňa sürini daň atan badyna 
örüzmekligi tabşyryp gitdi. 
ÖRÜZMEZLIK [ö:rüzmözlük], iş ady. Aýak 
üstüne galdyrmazlyk, turuzmazlyk. 
ÖSDÜRIBERMEK [össürüvermek], işl. 1
Ösdürip başlamak, ösdürip ugramak. 2. Ösdürmegi 
şu terzde dowam etdirmek. Saýaly hem miweli 
agaçlary şeýdip ösdüriberseň, iliň alkyşyny alarsyň. 
ÖSDÜRILMEK [össürulmök], işl. 1. Ekin, agaç 
we ş.m. ekilip ýetişdirilmek. 2. Ekläp-saklanylmak, 
terbiýelenmek, kemala getirilmek. 3. Köpeldilmek, 
artdyrylmak. 
Maldarçylyk 
ösdürilýär. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   296   297   298   299   300   301   302   303   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling