ÖWRÜM, at. 1.Göni ýoluň gyşaryp, ugruny
üýtgedýän ýeri, aýlawy. Oklaw ýaly gönüdir, bolmaz
onuň öwrümi, Ýüregmiz dek bu köçäň gaty giňdir
göwrümi (M. Seýidow). 2. Dolanyşyk, aýlaw, yzly-
yzyna geçip duran ýagdaý, waka. Ondan bäri ýyllar
gör näçe gezek öwrüm edipdir. 3. göç.m. Tär, ýol.
Indi ol sazyň ähli öwrümini öwrendim diýsemem
boljak.
Öwrüm etmek bir ýere aýlanyp, dolanyp
gelmek. Uçar obamyzyň üstünden bir gezek öwrüm
edip, derrew gonmak üçin gyýalap, aşaklygyna
gaýdyp başlady.
ÖWRÜMLI [öwrümlü], syp. 1. Öwrümi bar
bolan. Öwrümli köçe. 2. göç.m. Syrly, aýlawly. Men
erşimi egrip, mäşirigimi bükdürýänçäm, ol beg
beslenýänçä, batyr basarlaryny edip oturyberdi –
diýip, öwrümli jogap berdi (N. Pomma).
ÖWRÜMLILIK [öwrümlülük], at. 1. Birnäçe
öwrümi barlyk, egrem-bugramlyk. 2. Syrlylyk,
tilsimlilik; aýlawlylyk. Men onuň gürrüňiniň
öwrümliligine düşündim.
ÖWRÜMLIRÄK [öwrümlürä:k], syp. 1. Öwrümi
azrak, öňküden öwrümi kemräk. Ol öwrümliräk
köçelerden haýdap barýardy. 2. göç.m. Syrlyrak,
azrak tilsimli.
ÖWRÜM-ÖWRÜM, syp. Birnäçe öwrümli,
aýlawly, aýlaw-aýlaw, egrem-bugram. Derýanyň bu
goşandy birnäçe öwrüm-öwrüm şahajyklara bölünip,
adajyklary emele getirýärdi.
ÖWRÜP-ÇÖWÜRMEK
[öwrüp-çöwürmök],
işl. 1. Mazalyja oýlanyp görmek, oýlanyp saldarlap
görmek. Ol düýnki myhman dostunyň ýarygijä çenli
beren gürrüňlerini içinden öwrüp-çöwrüp gördi
(
Edebiýat we sungat
). 2. gepl.d.Peýda görmek,
gazanç etmek maksady bilen arzan haryt alyp,
gymmat satmak, söwda etmek, söwda-satyk etmek.
Senem, bolmasa, söwda-satyk et, iller-ä ony-muny
öwrüp-çöwrüp, gurplanýar gidiberýär.
Do'stlaringiz bilan baham: |