177
Onuň düýbi, diwarlary ýaşyl mermer daşlary bilen
bezelip, ýagtynyň, günüň şöhlesine öwşünlenip
görünýärdi (G. Kulyýew).
ÖWÜÇ,
at. Bir zadyň iň ýokary nokady, ýokary
başy, belentlik.
Ýigitlik öwjünde heniz hyýalym
(Magtymguly).
Öwüç almak,möwçalmak, barha güýjemek,
gitdigiçe batlanmak.
Ösdükçe öwüç alar dünýäniň
ýeli (Magtymguly).
ÖWÜÇLI [öwüşlü],
syp. Hyjuwly, joşgunly,
möwç alan.
Ak ýüzli, mele saçly, Işine ol öwüçli (N.
Pomma).
ÖWÜLMEK [öwülmök],
işl. Taryp edilmek,
öwgüsi ýetirilmek, taryplanmak, magtalmak.
Goý,
dostum toýda öwülsin.
ÖWÜNJEŇ [öwünjöň],
syp. Öwünmegi halaýan,
özüni özi öwýän, öwnüp gürleýän, güpleýän,
magtanjaň.
Beýleki ussalaram öwünjeňdir weli, olar
bu ussanyň öwnüşini görýärler-de, ümsüm ýanyndan
turuberýärler (A. Durdyýew).
ÖWÜNJEŇLIK [öwünjöňlük],
syp. Öwünjeňiň
ýagdaýy, öwünmegi halaýjylyk, magtanjaňlyk.
Onuň
öwünjeňligi Orazyň keýpini büs-bütin bozdy (B.
Kerbabaýew).
Do'stlaringiz bilan baham: