Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÖWDAÝ [öwda:ý], at, ser. Öwzaý


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet306/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   302   303   304   305   306   307   308   309   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖWDAÝ [öwda:ý], at, ser. Öwzaý. Myrat jan, 
gaty seresap bolaweri, onuň öwdaýy bozukmyş (B. 
Seýtäkow). 
ÖWDÜRMEK [öwdürmök], işl. Öwmäge 
mejbur etmek, başga biriniň öwmegini gazanmak, 
magtatmak. 
ÖWEÇ [öwöç], at. Üç ýaşyna giden, üç ýaşyň 
içindäki goýun. Men seniň üçin iki sany semiz öweç 
daňyp goýdum (T. Taganow). 
ÖWEÇLEDILMEK 
[öwöşlödülmök], 
işl., 
gepl.d. Dowaryň art aýagy galdyrylyp, iki öň 
aýagynyň üstünde ýöredilip alnyp gidilmek. 
ÖWEÇLEME [öwöşlömö], iş ady. Öweçlemek 
ýagdaýy. 


174 
ÖWEÇLEMEK [öwöşlömök], işl., gepl.d. 
Dowary art aýagyny galdyryp, ony iki öň 
aýaklarynyň üstünde ýöredip alyp gitmek. Işşegi 
öweçläp alyp gitmek. 
ÖWEÇLETMEK [öwöşlötmök], işl. Öweçlemek 
işini birine etdirmek. Ol goýunlary öweçledip alyp 
gitdi. 
ÖWEÇLEÝIŞ [öwöşlöýüş], iş ady. Öweçlemek 
ýagdaýy. 
ÖWELEK [öwölök], syp. 1. Agzyny öweldip 
ýören. Öwelek oglan. 2Oglana dakylýan at. 
ÖWELIBERMEK [öwölüvermek], işl. Öwelip 
başlamak. 
ÖWELIŞ [öwölüş], iş ady. Öwelmek ýagdaýy. 
ÖWELIŞMEK [öwölüşmök], işl. Birnäçe bolup,
bilelikde öwelmek. Maşynyň töwereginde öwelişip 
duranlar bize bir laý göz gezdirdi (R. Gelenow).
ÖWELME [öwölmö], iş ady. Öwelmek ýagdaýy. 
ÖWELMEK [öwölmök], işl. Geňirgenmek bilen 
birine ýa-da bir zada aňkarylyp durmak. Owelip 
durmaň nämäň alamaty? 
ÖWELMEZLIK 
[öwölmözlük] 
iş 
ady. 
Aňkarylyp seretmezlik. 
ÖWELTMEK [öwöltmök]: agzyňy öweltmek 
haýran galmak, aňkarmak. Ol çaga ýaly agzyny 
öweldýärdi (N. Jumaýew). 
ÖWERLI [öwörlü], syp., ser. Öwerlik. Haçan 
berseňem bolardy welin, şu mahal meniňem 
ýagdaýym öwerli däl (T. Gurbanow). 
ÖWERLIK [öwörlük], syp. Öwgä mynasyp, 
taryp ederlik, öwerlikli, öwerli, öwer ýaly. Onuň 
ýüzüniň hyýrsyz bolşy ýaly, häsiýeti hem öwerlik 
däldi (G. Gurbansähedow).
ÖWERLIKLI [öwörlüklü], syp. Öwerlik, öwer 
ýaly, öwgä mynasyp. Sen öwerlikli iş ýazmansyň. 
ÖWEÝ [öwöý], syp. 1. Hakyky enesi, atasy däl-
de, enelik, atalyk edýän. Men sowugy bilmedim, 
yssyny bilmedim, enesi öweý diýdirmejek bolup, ody 
özüme basdym (B. Kerbabaýew). 2. Ogullyga, 
gyzlyga alnan. Öweý ogul. Öweý dogan.. 
ÖWEÝLIK 
[öwöýlük], 
syp. 
Maşgala 
gatnaşygynda öweýiň ýagdaýy. 
ÖWEZ [öwöz], hal. 1ser. Öwezine2. Oglana 
dakylýan at. 

Öwezini dolmakalan zadyň ýerine şonça 
gymmaty bolan başga zat bermek, ýerinde goýmak.
Näsazlyklary aradan aýyrmak üçin, çykdajylaryň 
öwezini dolmak boýunça borçnamany öz üstüne 
alýar (

Türkmenistan

). Öwezini çykarmak hutma-
hut bolmak, ýerine salmak, haklaşmak. Olar göýä 
aýralyk günleriniň öwezini çykarmak isleýän ýaly, 
kän wagtlap bir jan, bir ten bolup, aýak üstünde 
gujaklaşyp durdular (B. Seýtäkow). Öwez ogluny 
bersin! ýaş çaga aradan çykanda, onuň deregine 

Allatagala ýene-de ogul bersin

diýlip aýdylýan 
dileg. 
ÖWEZALAMAN, at. Köne döwürde ýesir 
düşen adamlary, sürlüp äkidilen mallary yzyna 
gaýtarmak maksady bilen ýörite gurnalýan çozuş. 
ÖWEZINE[öwözünö], hal. Biriniň ýa-da bir 
zadyň deregine, ornuna, ýerine.  
ÖWGI [öwğü], at. Biri ýa-da bir zat hakyndaky 
magtanç, taryp, mahabatly söz. Öwgä mynasyp adam. 
Öwgüsini ýetirmek. 
ÖWGÜLI [öwğülü], syp. Öwgä mynasyp bolan, 
taryply. Öwgüli ýigit. Öwgüli söz. 
ÖWH, üml. 1. Endamyňa sowuk suw, sowuk 
howa birden, duýdansyz täsir edende aýdylýar. – 
Öwh-eý, daşaryň sowugy içiňden-bagryňdan geçip 
barýar (A. Durdyýew). 2. Gynanç, gam-gussa
ýadawlyk ýaly duýgular basmarlanda aýdylýar.
Akjagül 

öwh

çekip turanyny özi-de duýman 
galýardy (A. Gowşudow). 
ÖWHA [öwha:], üml., ser. Öwh. Öwez diýip, 
etdim öwhany, Aglama Gyrat, aglama! (

Görogly

). 
ÖWHÜLDEME 
[öwhüllömö], 
iş 
ady. 
Öwhüldemek ýagdaýy. Ol duýdansyz eşidilen 
öwhüldemä tisginip gitdi. 
ÖWHÜLDEMEK [öwhüllömök], işl. Öwh 
çekmek, 

öwh

edip dem almak, öwhüldemek 
ýagdaýy. Öwhüldäp dem alanda, agzyndan tütün 
çykdy (B. Kerbabaýew). 
ÖWHÜLDEMEZLIK [öwhüllömözlük], iş ady. 
Öwhüldäp dem almazlyk. 
ÖWHÜLDEŞMEK [öwhüllöşmök], işl. Birnäçe 
ýa-da köp bolup öwhüldemek. Sus oturan jemende 
birden öwhüldeşip ýerinden galdy 
ÖWHÜLDEÝIŞ 
[öwhüllöýüş], 
iş 
ady.
Öwhüldemekýagdaýy. 
Garry 
enäniň 
ahmyrly 
öwhüldeýşi bagryňy dilip barýardy. 
ÖWHÜLDÄBERMEK [öwhüllä:vermek], işl. 
Öwhüldäp dem alybermek. 
ÖWHÜLDI [öwhüllü], at. 

Öwh-öwh

edilende 
çykýan sesiň ady. Onuň öwhüldisi eşidilip durdy. 
ÖWHÜLDILI [öwhüllülü], syp. Öwhüldi bilen 
ýüze çykýan. Daň atýança onuň öwhüldili 
üsgülewügi ýatmady. 
ÖWLAT [öwla:t], at1. Köneden gelýän düşünjä 
görä, asly yslam dininiň keramatly wekillerinden 
gaýdýan etnik topar. 2. Nesil. Alla janlarym, bu oglan 
ýöne-möne kişiniň öwladyndan däl eken (

Görogly

). 
3. Çaga, perzent, ogul-gyz. Gyz-gözelden mahbup 
istär hem öwlat (Magtymguly). Öwladyň ýas tutar üç 
gün ýol garap, Tabydyň şaýlarlar sel-sele orap 
(Kemine).
ÖWLATLYK [öwla:tlyk], at. Öwlat bolmaklyk, 
öwlat nesline degişlilik. Garaçydan öwlatlyga 
ýetişse, seniň başga näme armanyň bar! (B. 
Kerbabaýew).
ÖWLÜÝÄ [öwlüýä:], at. 1. Ölen adamlaryň 
jaýlanýan ýeri, gonamçylyk, mazarystan. 2
Keramatly hasaplanýan ýer. – Wah, öýde näme günä 
bar, öý öwlüýä diýlenidir (A. Gowşudow). 3. k.d. 
Allatagala ýakyn adamlar. 

Öwlüýä kessin öz mamlalygyň subutnamasy 
hökmünde aýdylýan söz. 
ÖWLÜÝÄÇILIK 
[öwlüýä:çilik], 
at. 
Gonamçylyk, mazarçylyk, mazarystan. Salym geçip-
geçmän, olar öwlüýäçiligiň çetinden girdiler (G. 
Kulyýew). 
ÖWME [öwmö], iş ady.Öwmek ýagdaýy. 


175 
ÖWMEK [öwmök], işl.Birini, bir zady ýa-da
bir ýeri taryp etmek, magtamak, biriniň adyna öwgüli 
sözler aýtmak. Ökde senetkär diýip türkmenleriň 
gelini, Dagystanda öwdüler, läläm, seniň eliňi (M. 
Seýidow). 

Öwüp arşa çykarmak çendenaşa öwmek, gaty 
taryplamak. Ol ony öwüp arşa çykardy (N. 
Saryhanow). 
ÖWMEKLIK [öwmöklük], iş ady. Öwmek 
ýagdaýy. 
ÖWMEZLIK [öwmözlük], iş ady. Taryp 
etmezlik, öwgüli söz aýtmazlyk, 
ÖWNERLIK [öwnörlük], syp., at. Öwner ýaly, 
öwünmek üçin. Ol pahyryň-da öwnerlik ýagdaýy 
ýokdy (R. Alyýew).
ÖWNÜBERMEK [öwnüvermek], işl. Öwnüp 
ugramak; öwünmegi dowam etdirmek. Beýle-de bir 
öwnübermek bolarmy? 
ÖWNÜŞMEK [öwnüşmök], işl. Birnäçe bolup 
öwünmek. 
ÖWRANMA-ÖWRAN [öwra:nma-öwra:n], hal, 
ser. Öwran-öwran. Oturdy biz bilen ýaşajyk 
myhman, Öpdük ýaňagyndan öwranma-öwran (K. 
Gurbannepesow). 
ÖWRAN-ÖWRAN 
[öwra:n-öwra:n], 
hal. 
Hereketiň 
birnäçe 
gezek 
gaýtalanýandygyny 
aňladýan söz, gaýta-gaýta, yzly-yzyna, zol-zol, 
birnäçe gezek. Ol garry atasynyň: 

Illeriň ýygşyna 
syn ederler

 diýen sözlerini makullap, içinden öwran-
öwran gaýtalady (G. Gurbansähedow).
ÖWRE [öwrö], 1. syp. Ýoluň ugrunda däl-de, 
ýoldan sowarak ýerleşýän (jaý, öý, oba we ş.m. 
hakynda). Size barmak kynrak, ýaşaýan ýeriňiz öwre 
bolýar. 2hal. Öwran-öwran.Ol bujagaz haty üç-dört 
öwre okady (

Edebiýat we sungat

).
ÖWREDIBERMEK 
[öwrödüvermek], 
işl
Öwredip başlamak; öwretmegi dowam etdirmek. 
ÖWREDIŞ [öwrödüş], iş ady. Öwretmek 
ýagdaýy. Onuň dil öwredişi-hä gaty gowy
ÖWREDIŞMEK [öwrödüşmök], işl. Öwretmäge 
kömek bermek; bilelikde öwretmek. 
ÖWRENDEKLI [öwrönnöklü], syp. Bir zady 
endik edinen, endik bolup galan. Görüp otursak, ol 
janawar öwrendekli eken (T. Gurbanow). 
ÖWRENIBERMEK 
[öwrönüvermek], 
işl. 
Öwrenip başlamak, yzygiderli öwrenmek. Ilki sap 
ene dilinde gürlemäni oňarsyn, soň gerek bolsa özge 
halkyň on dilini öwrenibersin(

Türkmen dili

).
ÖWRENILMEK [öwrönülmök], işl. 1. Okamak 
arkaly göz ýetirilmek, okuw geçilip özleşdirilmek; 
elýeterli ýollaryň hemmesinden peýdalanylyp, 
başarnyk, endikler ele alynmak. Türkmen dili 
öwrenilmek. Senet öwrenilmek. 2. Ylmy derňew ýoly 
bilen barlanylmak. 3. Ünsli synlamak arkaly göz 
ýetirilmek. Ýagdaýlar öwrenilýärdi. 
ÖWRENIŞ [öwrönüş], iş ady. Öwrenmek 
ýagdaýy. Seniň daşary ýurt dilini öwrenişiň maňa 
ýarady. 
ÖWRENIŞDIRMEK [öwrönüşdürmök], işl. 1
Birini özüňe ysnyşdyrmak, öwrendekli etmek. 2
Endiklietdirmek. Ýekelik bilen-de öwrenişdi Gözel 
(A. Kekilow). 3. Täze ýagdaýa, durmuşa 
uýgunlaşdyrmak. Ony täze ýagdaýa öwrenişdirmek 
gaty bir kynam bolmady. 
ÖWRENIŞIBERMEK [öwrönüşüvermek], işl. 
Ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişip başlamak. Bular biri-
birine öwrenişiberipdirler. Ýat ýere öwrenişibermek 
bir bada aňsat düşmeýär. 
ÖWRENIŞILMEK [öwrönüşülmök], işl. 1. Bir 
zada öwrenişip, ysnyşyp gitmek. 2. Endik edilmek. 
Ýekelik bilenem öwrenişilip gidilipdir. 3. Täze 
ýagdaýa, durmuşa uýgunlaşmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   302   303   304   305   306   307   308   309   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling