Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÖWRÜŞ, iş ady. Öwürmek ýagdaýy. Maşyny  öwrüşiň-ä bolanok, seresabrak bolmaly bor-da.  ÖWRÜŞMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet309/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   305   306   307   308   309   310   311   312   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖWRÜŞ, iş ady. Öwürmek ýagdaýy. Maşyny 
öwrüşiň-ä bolanok, seresabrak bolmaly bor-da
ÖWRÜŞMEK [öwrüşmök], işl. Birine bir zady 
öwürmäge kömek etmek.
ÖWSAÝY [öwsa:ýy], syp. Hiç zatdan habarsyz 
ýaly, hiç zat bilmeýän ýaly. Ata özüni örän öwsaýy 
görnüşde görkezip, salam berip geldi (B. Gurbanow). 
ÖWSELE [öwsölö], at. Öý goşlary; hojalykda 
gerek bolan senetler, enjamlar, abzallar, öwzar. 
...Öýünde öwselesi bolmasa-da, elmydama öýi uly 
üýşmeleň eken, şorta söz aýdyşar, ýomak atyşar, 
gülşer-oýnaşar ekenler (A.Gowşudow).
ÖWSER [öwsör], at. Dänäni gylçygyndan 
aýyrmak, ýelejiredip, öwsüp saplamak üçin agaç ýa-
da galaýydan ýasalan telper gap. Häkim bolsaň, halky 
gün kibi çoýgul, Akarda suw, ýa öwserde ýel bolgun 
(Magtymguly). 
ÖWSÜBERMEK [öwsüvermek], işl. Öwsüp 
başlamak. 
ÖWSÜLMEK 
[öwsülmök], 
işl. 
Öwsüp 
arassalanmak. 
ÖWSÜMat. 1. Telper gapda öwsülip arassalanan 
gallanyň belli bir mukdary. Bir öwsüm jöwen. 2. Bir 
gezek seçerlik toý pişmesi. – Saçagy her hili 
nygmatlardan dolduryp toýuna bardym, ýöne ol bir 
öwsüm toý pişmesinem saçagyma salmandyr – diýip, 
orta ýaşly aýal toý eden goňşusyndan zeýrendi. – 
Özüne aýtsaňam, wah, men gura, ýadymdan 
çykaraýandyryn – diýer. 3. Bir goşawuç, bir gysym 
däne, tohum. 
ÖWSÜNat, serÖwşün we Öwüşgin

Öwsün atmak serÖwşün atmak.Bagana her 
hili reňkde öwsün atýar. 
ÖWSÜNÇE [öwsünçö], at. Suwa gelýän guşlary 
awlamak üçin suwuň başynda çöp-çalamdan 
gurulýan buky, öýsün. 
ÖWSÜNMEK [öwsünmök], işl. Meýil etmek, 
hyýallanmak, hyjuwlanmak. Akgül eje aýak üstüne 
galdy-da, özüne baka öwsünip, böküp duran çagajygy 
gujagyna aldy (A. Gowşudow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   305   306   307   308   309   310   311   312   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling