Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÖÝKÜNME [öýkünmö], iş ady. Öýkünmek  ýagdaýy.  ÖÝKÜNMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet317/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   313   314   315   316   317   318   319   320   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖÝKÜNME [öýkünmö], iş ady. Öýkünmek 
ýagdaýy. 
ÖÝKÜNMEK [öýkünmök], işl. 1. Biriniň eden 
zadyna meňzetjek bolmak. 2. Biriniň bolşuny, 
hereketini, sözüni we ş.m. meňzedip gaýtalamak. Ol 
agzyna öýkünýändir öýdüp hiňlenmesin tapba goýdy 
(A. Gowşudow). 3. Öňden bar bolan nusga öýkünip 
her hili eser döretmek, aýdym aýtmak. Kompozitor 
halk sazlaryna öýkünip bir saz eserini döredipdir. 
ÖÝKÜNMEKLIK [öýkünmöklük], iş ady. 
Öýkünmek ýagdaýy. 
ÖÝKÜNMEZLIK [öýkünmözlük], iş ady. 
Öýkünmek hereketini etmezlik. 
ÖÝLE [öýlö], at1. Gün ortadan agandan soňky 
wagtyň ady. Olar gün öýleden agyp, çala salkynlyk 
aralaşandan soň, giň bir aýtymda pökgi oýnaýardylar 
(B. Kerbabaýew). Gün öýle boldy2. Yslam dininde 
parz hasaplanýan bäş wagt namazyň ikinjisiniň 
okalýan wagtynyň we şol namazyň ady. Ýaşulular 
öýle namazyna durdular. Ol öýlesini okady.  
ÖÝLENDIRMEK [öýlönnürmök], işl. Birini 
maşgalaly etmek, gelin alyp bermek, öýermek. 
Görogly, seni öýlendiris, illendiris, gaýgy etme 
(

Görogly

). 
ÖÝLENIBERMEK [öýlönüvermek], işl. Gelin 
alyp, öýli-işikli bolubermek. 
ÖÝLENIŞ,iş ady. Öýlenmek ýagdaýy. Maksadyň 
öýleniş toýy gaty gyzykly geçdi. 
ÖÝLENME 
[öýlönmö], 
iş 
ady. 
Öýlenmekýagdaýy. Gyz çykman, ýigit öýlenmän 
galmaz. 
ÖÝLENMEK [öýlönmök], işl. Gelin alyp, öýli-
işikli bolmak, maşgala durmuşyny gurmak. Men-ä 
öýlenjek, söýleseň meniň bilen bol, söýlemeseň 
gapdalymda otur (A. Durdyýew). 

Tomus öýlenen gul ýaly tomus wagty tomsuna 
geýilmeýän don, telpek we ş.m. geýen erkek adama 
aýdylýar.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   313   314   315   316   317   318   319   320   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling