Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet319/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   315   316   317   318   319   320   321   322   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖÝLI-IŞIKLILIK [öýl(ü)-i:şiklilik], at. Öýli-
işikli ýagdaýda bolmak, öýlenenlik, maşgalalylyk. 
ÖÝME [öýmö] Iat. Aýal hem gelinleriň başyna 
atynýan hem daňynýan gülli ýuka ýüpek gyňajy. Otyr 
ýarym, syýa zülpün daranyp, Darap boldy, başa öýme 
oranyp 
(Mollanepes). 
Ol 
börügini 
ykjam 
daňyp,...öýmesini onuň üstünden goýberdi (B. 
Kerbabaýew). Ýaşyl öýmeGyzyl öýme

Çilleli öýme içinden dürli sapaklar geçirilip 
dokalan öýme. Pişik öýme adatça, ýerligi ýuka gyzyl 
ýa-da sary öýme. 
ÖÝME [öýmö] IIiş ady. Öýmek ýagdaýy. 
ÖÝMEK[öýmök], işl. Hamyr bölegini kendirigiň 
üstünde, eliň aýasynda togalap eýlemek. Hamyry 
öýmek. 

Gan oýmek ser. Gan. 
ÖÝMEKLIK [öýmöklük], iş ady. Öýmek 
ýagdaýy. 
ÖÝMELI [öýmölü], at. Başy öýme bilen daňlan, 
başyna öýme atynan. Gireninde üç-dört sany adam 
bilen egni keteni köýnekli, başy ýüpek öýmeli, saçy 
guşaklygyna düşüp duran gyza gözi düşdi (A. 
Durdyýew). 


181 
ÖÝME-ÖÝ [öýmö-öý], hal. Bir ýanyndan 
başlap, öýleriň hemmesini; öýin-öýin. Özüniň önüp-
ösen obasyny hut şu gün birinji gezek görýän ýaly, 
ony öýme-öý gözden geçirdi (B. Gurbanow).
ÖÝMEZLIK [öýmözlük], iş ady. Hamyry 
eýlemezlik. 
ÖÝ-ÖWSELE [öý-öwsölö], at, ser. Öý-öwzar
ÖÝ-ÖWZAR [öý-öwza:r], at. Ýaşaýyş jaýy we 
içeriniň ähli goş-golamy, öý üçin gerekli zatlary. Olar 
gijelerini gündiz edip, ahyr soňy öý-öwzar edinipdiler 
(B. Seýtäkow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   315   316   317   318   319   320   321   322   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling