Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet321/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   317   318   319   320   321   322   323   324   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

palta urmak (salmak) özüňe, öz derejäňe, öz 
mertebäňe özüň zyýan ýetirmek. Beýle adamlary öýe 
golaýlaşdyrmaweri, öz aýagyňa özüň palta 
salmaweri. Öz aýdanyňy (diýeniňi) tutmak 
diýeniňden, diýen-aýdanyňdan dänmän durmak. – 
Onyň dogry-la welin, ýöne mundan hiç bir çykjak 
netije ýok-da! – diýip, öz aýdanyny tutdy (T. 
Taganow). Öz başyňy (özüň) çaramak öz güýjüň 
bilen oňup bilmek; öz-özüňi oňarmak, öz günüňi 
özüň görüp bilmek (serBaş: başyny çaramak). Öz 
bitiňi özüň iýmek gaty gysganç bolmak, husyt 
bolmak. Öz diýenini etmek öz aýdyşy ýaly etmek, 
öz ýüregindäkini etmek, öz pikiri boýunça hereket 
etmek. Öz diýeniňi gögertmek öz islegiňe görä 
amala aşyrtmak, etdirmek. Öz diýenli öz diýenini 
edýän, aýdany – aýdany, diýeni – diýeni. Ol öz 
diýenli adamdy.Öz eliň – öz ýakaň erk-ygtyýaryň öz 
eliňde. Öz emeliňe özüň çolaşmak ser. Öz gazan 
çukuryňa özüň düşmek. Öz eňegiňe tutmak öz 
pikiriňden dänmän durmak. Birisi bilen tilpunda 
gürleşýär, öz eňegine tutup, onuň bilenem 
heçjikleşýär (A. Gowşudow). Öz gabryňy özüň 
gazmak öz kysmatyň ters çözülmegine özüň ýardam 
etmek, özüň şoňa sebäpkär bolmak. Birine çawuş 
çakyp, birini dürtüp, Hem özgäniň, hem öz gabryň 
gazýarsyň (B. Kerbabaýew). Öz gamyňy özüň 
iýmek ser. Öz başyňy özüň çaramak.Göroglynyň 
özi bir är, Öz gamyny özi iýer (

Görogly

). Öz 
garyňa görä ölçemek özüňçe düşünmek, baha 
bermek. Her kim bir hili düşünýär, her kim öz 
garysyna görä ölçeýär (B. Kerbabaýew).Öz gazan 
çukuryňa özüň düşmek (ýykylmak) öz eden 
emeliňe özüň çolaşmak, öz pyssy-pyjurlygyň üçin 
özüň kösenmek. Öz göbegiňi özüň kesmek öz 
ykbalyňy özüň çözmek, öz güýjüňe daýanyp iş 
etmek. Olaryň ikisi-de ýetimlik bilen kemala gelip, öz 
göbegini özleri kesipdiler. Öz gününe goýmazlyk 
birine azar berip durmak, gün bermezlik. Gezip ýören 
adamyny berin öz gününe goýsana – diýip, Häsiýet 
eje meniň tarapymy çaldy (S. Ataýew). Öz günüňi 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   317   318   319   320   321   322   323   324   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling