Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


buýurmak özüňe erk edip bilmek. Özüňe çekmek 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet323/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   319   320   321   322   323   324   325   326   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

buýurmak özüňe erk edip bilmek. Özüňe çekmek 1
aýdylýan her bir söz özüňe degişlidir öýtmek, hasap 
etmek. Her bir sözi özüňe çekip durmazlar. 2) ser. 
Özüňe ýesir etmek. Altynyň bu görnüşi ony özüne 
çekdi (A. Durdyýew). Özüňi osmak özi ýalydyr 
öýtmek. Ogram özüni osar – orramsam (Nakyl). 
Özüňe ýer tapmazlyk aljyraňňy halda bolup, näme 
etjegiňi bilmezlik. Sorama dogan jan! Şu gün 
ertirden bäri birsyhly içim gysyp, özüme ýer tapamok 
(T. Taganow). Özüňi ak guş saýmak özüňi günäsiz 
hasaplamak, özüňde günä goýmazlyk. Ýalňyşmaz 
adam bolmaz, men özümi ak guş hasap edemok (B. 
Kerbabaýew). 
Özüňi 
aldyrmak 
hemmeleriň 
hormatyna eýe bolmak, hemmelere özüňi halatmak, 
gowy gördürmek. Ol uly-kiçä özüni aldyryp 
ugrapdyr. Özüňi alyp bilmezlik essiňe gelip 
bilmezlik, haldan düşmeklik, aýňalmazlyk.Özüňi 
atmak (oklamak) bir ýere zordan ýetmek, kynlyk 
bilen ýetmek. Özüňi bilmek 1) öz bähbidiňi göz 
öňünde tutmak, öz haýryňa çapmak. 2) kemala 
gelmek, durmuşa düşünip başlamak, agy-garany 
saýgaryp başlamak. Özüňi bilmezlik bihuş (beýhuş) 
bolup ýatmaklyk, akylyňy ýitirmeklik. Özüňi 
dürsemek özüňe gelmek, özüňi ele almak, ynjalmak. 
Özüňi ele almak özüňe erk edip ugramak. Özüňi 
elden bermek erkini gidermek, özüňe erk edip 
bilmezlik. Kebzäm gyzyp, ragbat galman bu tende, 
Erkim gidip, elden berdim özümi (Ý. Pirgulyýew). 
Özüňi görkezmek belli bir tarapdan özüňi tanatmak. 
Özüňi oda urmak kynlygyna garamazdan,bir zadyň 
ugrunda jan çekmek, hereket etmek. Özüňi 
oňarmak. ser.
 
Ö


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   319   320   321   322   323   324   325   326   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling