Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Pal atmak geçeni we geljegi bilmek üçin täleýe  garamak.  PALAÇ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet331/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   327   328   329   330   331   332   333   334   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Pal atmak geçeni we geljegi bilmek üçin täleýe 
garamak. 
PALAÇ, at. Jöwen, mekgejöwen ýaly ekinleriň 
çiňrigi. Şeker palajynyň goşulyp ysy, Düşnüksiz bir 
tagam beýnime urdy (K. Gurbannepesow).

Palaç ýatyran ýaly etmek (ýatyrmak) bir ýan 
ujundan gyrmak, seljermän öldürişdirmek. 
PALAKsyp. Içi zaýalanan, içi düşen (ýumurtga 
hakynda). Palak ýumurtgadan jüýje çykmaz (H. 
Derýaýew). 
PALAN, at. 1. Gaňňa ýerine, köplenç, eşege 
salynýan, içi ýekenden, samandan doldurylan, daşy 
kilimden, keçeden edilen esbap. – Ýör, gideli! – diýip, 
ol eşeginiň palanyna ýapyşdy (B. Soltannyýazow). 2
Ýük daşamak üçin hammalyň arkasyna atýan esbaby. 
PALANA,at. Käriziň söwi ýykylmaz ýaly aýlaw 
edilip örülen agaç, egri guýma daş, beton. 
PALANÇAÝYR, at. Däneliler maşgalasyna 
degişli bolan süýri ýaprakly, penje gülli köpýyllyk 
ösümlik. 
PALANLAMAiş ady. Palanlamak ýagdaýy. 
PALANLAMAKişl. 1. Eşegiň üstüne palan atyp 
berkitmek, palan salmak. 2göç.m. Çykgynsyz güne 
salmak, birini garaşly etmek, özüňe boýun etmek. 
PALANLAMAKLYK, iş ady. Palanlamak 
ýagdaýy. 
PALANLANMAK, işl. Üstüne palan salynmak, 
palan atylmak. Ol palanlanan eşegi sütüne daňyp 
goýdy. 
PALANLAŞMAK, işl. Üstüne palan salmaga 
kömekleşmek. 
PALANLATMAK, işl. Üstüne palan saldyrmak, 
palan atdyrmak. 
PALANLAÝYŞiş ady. Palanlamak ýagdaýy. 
PALAN-PISMIDAN [pala:n-pismida:n], çal, 
gepl.d., ser. Pylan-pismidan. 
PALAS [pala:s], at. Reňkli ýüplerden nagyşlar 
salnyp, öýdelip dokalýan uly düşek. Gyzykly 
geçýändir türkmeniň toýy, Halydan, palasdan bezýär 
öýi (A. Kekilow). Süpürilip, arassalanyp hemme 
ýerine haly, palas, keçe düşelipdir (B. Seýtäkow).

Palas haky däp-dessura görä, çykjak gyzyň 
ýanynda oturanlary palasdan düşürmek üçin, köplenç, 
öýlenýän ýigidiň ýakyn hossarlarynyň palasa münen 
aýallara paýlaýan puly. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   327   328   329   330   331   332   333   334   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling