Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PARLAK, syp. Ýalpyldap nuruny saçýan, ýagty  yşyk berýän, parlap duran. Parlak Gün. Parlak  ýyldyz.  PARLAMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet334/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   330   331   332   333   334   335   336   337   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PARLAK, syp. Ýalpyldap nuruny saçýan, ýagty 
yşyk berýän, parlap duran. Parlak Gün. Parlak 
ýyldyz. 
PARLAMAK, işl. 1. Ýalpyldap nur saçmak, 
ýagty yşyk bermek. Onuň ak ýüzünde balkyldaýan 
gara gözleri parlap duran bagt ýyldyzy ýaly duýuldy 
(B. Kerbabaýew). 2. Öwşün atyp durmak. Ebedilik ot 
şol gahrymanlaryň janly ýadygärligi bolup parlaýar 
(

Edebiýat we sungat

). 3. Şemala, ýele galgamak, 
pasyrdamak, pasyrdyly seslenmek. 4. Giň gerim 
almak, ýaýbaňlanmak, ösmek. Ýurdumyz gün-günden 
parlap ösýär. 
PARLAŞMAKişl. 1. Ýalpyldaşyp, nur saçyşyp 
durmak, ýagty berşip durmak, öwşün atyşyp durmak. 
Gyzyl güller, gülälekler parlaşyp, açylyşyp dur. 2
Şemalyň, ýeliň ugruna pasyrdaşmak, ses edişmek. 
PARLATMAK, işl. 1. Ýalpyldadyp nur 
saçdyrmak, ýagty yşyk berdirmek, öwşün atdyrmak. 
2. Şemalyň, ýeliň ugruna pasyrdyly seslendirmek. 
PAR-PAR, s.ş. aňl.söz. Bir zat parryldan 
wagtynda çykýan ses. Onuň par-par hor çekişi 
gowagyň içinde ýatanlaryň horruldysyna goşulyp 
gidýär (S. Annasähedow).
PARRAN [parra:n], hal. Gös-göni, içinden 
böwsüp, deşip (geçme). Maşynyň ýiti çyrasy tümlügi 
parran kesip geçýär. 
PARRYKLATMAKişl., ser. ParryldatmakOl 
tanapyny süýräp, burnuny parrykladyp, ondan-oňa 
dazyrdap ýördi (B. Kerbabaýew).
PARRYLDAMA 
[parryllama], 
iş 
ady. 
Parryldamak ýagdaýy. 
PARRYLDAMAK [parryllamak], işl. Parryldyly 
ses etmek, parryldyly ses çykmak. Onsuz-da 
daşardan eşidilip duran horruldy has açygrak 
parryldady (B. Kerbabaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   330   331   332   333   334   335   336   337   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling