Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet333/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   329   330   331   332   333   334   335   336   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PARAHATLANMA [para:hatlanma], iş ady. 
Parahatlanmak ýagdaýy. 
PARAHATLANMAK [para:hatlanmak], işl. 
Rahatlanmak, asuda ýagdaýa geçmek, ynjalmak, 
rahatlyk tapmak, köşeşmek. Görogly Agaýunusyň bu 
sözünden soň biraz parahatlandy (

Görogly

). 
PARAHATLYK [para:hatlyk], at. 1. Uruşsyz,
asuda, 
dawa-jenjelsiz, 
ylalaşykly 
ýaşaýyş, 
parahatçylyk. 2. Ümsümlik, asudalyk, dynçlyk. 
Mukaddes 
daragt, 
bütin 
töwerek 
dym-dyrs 
parahatlykdy (B. Kerbabaýew). 3. göç.m. Rahatlyk, 
arkaýynlyk. Jar çekilensoň, märekä parahatlyk 
aralaşdy (H. Garabaýew).
PARAHOR [pa:raho:r], syp. Para alýan (adam).
PARAHORLYK [pa:raho:rluk], at. Kanun 
tarapyndan jenaýat jogapkärçiligine çekilýän para 
almak hereketi (ser. Para 1.); para almak bilen 
meşgullanmak gylygy, parahor bolmaklyk, para 
almaklyk.
PARALAMA [pa:ralama], iş ady. Paralamak 
ýagdaýy. 
PARALAMAK [pa:ralamak], işl. 1. Bölek-bölek 
etmek, tike-tike etmek. Öldür meni hanjar birle 
paralap (

Melike – Dilaram

). Magtymguly, ilden-ile 
aralar, Hijran tygy bilen bagrym paralar 
(Magtymguly). Döşüni paralap duşman güllesi, 
Watan howp astynda durýan pillesi, Merdem bol, ene 
jan, bes et ahy
ňy, Men halkyň perzendi, düsün ahyry 
(G. Ezizow). 

Janyny paralamak janygyp aýtmak, janyndan 
syzdyrmak, tüýs ýürekden aýtmak. Ejegül janyny 
paralap aýtdy (A. Durdyýew).  
PARALAMAKLYK [pa:ralamaklyk], iş ady. 
Paralamak ýagdaýy.  
PARALANMAK [pa:ralanmak], işl., ser. Bölek-
bölek bolmak. Dert baryny çeken agyryly ýürek, ýene 
paralandy öňküden beter (A. Kekilow). 
PARALATMAK [pa:ralatmak], işl., ser. Bölek-
bölek etdirmek, parçalatmak. 
PARALAÝYŞ [pa:ralaýyş], iş ady. Paralamak 
ýagdaýy. 
PARALLEL [paralle:l], at. 1. geom. Şol bir
tekizlikde ýatan we biri-biri bilen hiç haçan 
kesişmeýän göni çyzyklaryň her haýsysy. Seniň ýoluň 
/ ýolumyza parallel! Paralleller kesişmeýär hiç haçan 
(G. Ezizow). Parallel çyzyklar. 2. geogr. Ýer 
togalagynyň üstüniň ekwatora parallel bolan tekizlik 
bilen kesişme çyzygy (bir parallelde ýatan nokatlaryň 
hemmesi meňzeş geografik giňişlige degişlidir).
PARAMA [pa:rama], iş ady. Paramak ýagdaýy. 
PARAMAK [pa:ramak], işl. Düýtmek. Saňa 
paran zat bolarmyka? Aýagy edil aranly ýaly, oňa 
köwüş paran däldir. 
PARAMAZLYK 
[pa:ramazlyk], 
iş 
ady. 
Çydamazlyk, düýtmezlik. Saňa-da eşik paranok. 
PARA-PARA [pa:ra-pa:ra], hal. Birnäçe bölek, 
bölek-bölek; kesim-kesim. Gara-gara bulutlar, 


189 
Para-para bolupdyr
(G.Ezizow). 
PARA-PEŞGEŞ [pa:ra-peşğeş], at, ser. Para I,1
PARASAT [parasa:t], at. Aň düşünje, pähim-
paýhas, akyl. Parasat kyl bakyp akla, Goç ýigidiň 
sözün hakla (Magtymguly). 
PARASATLY [parasa:tly], syp. Aňrybaş derejede 
paýhasly, akylly, giň düşünjeli, pähimli, bilimli we 
tejribeli. 
Aýak däl-de, parasatly baş bilen Ýeňse 
ogul 
– 
gözüň 
rahat 
ýumup 
git 
(K.Gurbannepesow).
PARASATLYLYK [parasa:tlylyk], at. Parasatly 
bolmaklyk, 
sagdyn 
düşünjelilik, 
akyllylyk, 
paýhaslylyk, pähimlilik. Her bir zatda parasatlylyk 
gerek. 
PARAWUZ,
at. Don, çäkmen, içmek ýaly 
eşikleriň daş ýa-da iç ýakasyna, gyrasyna, etegine 
owadanlyk üçin tutulýan insizje donluk ýa-da 
çepbetow mata. Içmege parawuz tutmak. 
PARAWUZLAMA [parowuzlomo], iş ady. 
Parawuzlamak ýagdaýy.
PARAWUZLAMAK [parowuzlomok], işl. Käbir 
daşky 
eşiklere 
parawuz 
tutmak. 
Içmegi 
parawuzlamak. 
PARAWUZLANMAK
 
[parowuzlonmok], işl. 
Käbir daşky eşikleriň gyrasyna parawuz tutulmak. 
Märekäniň bir tarapynda gyrasy parawuzlanan 
bagana içmegi egnine ýasgynjak alan, gysga boýly, 
emma gapak ýaly ýasy döşli, agras gara ýüz, gür 
sakgally bir adam durdy (A. Gowşudow).
PARAWUZLAŞMAK [parowuzloşmok], işl. 1
Parawuzlamaga kömekleşmek. Gyzy ejesine çäkmen 
parawuzlaşdy. 
2
Birnäçe 
bolup 
bilelikde 
parawuzlamak (parawuzla- ýasama işligine hal 
işliginiň -yp goşulmasy goşulandan soň otur- 
kömekçi işligi getirilip ulanylýar). Eneli gyz bazara 
çykarylmaly çäkmenleri parawuzlaşyp otyrdy. 
PARAWUZLATMAK [parowuzlotmok], işl
Parawuzlamak işini başga birine etdirmek. Ýaşuly 
tiken içmegini gyzyna parawuzlatdy.  
PARAWUZLAÝYŞ [parowuzloýuş], iş ady. 
Parawuzlamak ýagdaýy. 
PARAWUZLYK [parowuzluk], syp. Parawuz 
etmek üçin niýetlenen, parawuz eder ýaly (donluk 
mata, çepbetow mata).
PARAÝYŞ [pa:raýyş], iş ady. Paramak ýagdaýy. 
PARÇ: parç bolmak boý alyp ösmek, pajarlap 
ösmek. Parç gülli al-ýaşyl, gök öwüsýän ösümlik
şekili çekilen gülli (mata hakynda). 
PARÇA I, at. 1. Bitewi zatdan kesilip ýa-da 
bölünip alnan bölek, bitin, tutuş zadyň bölegi. Durdy 
çopan sürä baryp, ozaldan et üçin niýetlenip ýörlen 
goýunlardan birini tutup soýupdyr we möjekler bilen 
dişleşen itleriň her haýsyna bir parça guýruk beripdir 
(A. Gowşudow). 2. Gyza dakylýan at. 
PARÇA IIat. Owadan gülli ýüpek mata. Parça 
geýse, gyz-oglana syn bolar (Magtymguly). 
Sandyklaryň 
ýüpek 
parçadan 
doly 
(K. 
Gurbannepesow). 
PARÇALAMAiş ady. Parçalamak ýagdaýy. 
PARÇALAMAK, işl. 1. Böleklere bölmek, 
bölek-bölek etmek, tike-tike etmek, böleklemek. 
Tenimi parçalan ol gara penjäň / Eýesi / Kimdigin 
bilebilmändim. Ortasynda gök pürçükli ýorunjaň 
Ýüzin 
ýazlyp, 
gaýdyp 
galabilmändim 
(K.Gurbannepesow).
Ýabany doňuzlar bişip ugran 
gawunlarymyzy parçalap çykypdyr. 2. Çapawullyk 
edip gyrmak, öldürmek. 
PARÇALAMAKLYK, iş ady. Parçalamak 
ýagdaýy. 
PARÇALANMAK, işl. 1. Bölek-bölek edilmek, 
tike-tike edilmek, böleklenmek. 2. Öldürilmek, 
gyrylmak. 
PARÇALAŞDYRMAK, işl. Bir ýanyndan 
parçalap çykmak. 
PARÇALAŞMAK, işl. 1. Parça-parça, bölek-
bölek, tike-tike edişmek, bölekleşmek. 
PARÇALATMAK, işl. Parçalamaga mejbur 
etmek; parçalamaga ýol bermek, parçalamaga 
mümkinçilik döretmek. 
PARÇA-PARÇA, syp. Bölek-bölek, tike-tike. 
Ýapraklaryň parça-parça, Ygşyldaşar ak jöwenim 
(M. Garryýew).
PARH [paryh], at. Iki zadyň arasyndaky tapawut, 
meňzeş dällik, hil, sypat, görnüş we ş.m. taýdan 
üýtgeşiklik, tapawutly alamat.

Parh etmezlik tapawutlanmazlyk. Bu ýolda 
parh etmez begler, soltanlar, Ýa gaýyplar – dogry 
ýola eltenler (Magtymguly). Parhyna dällik 
azaryna dällik, piňine dällik, gaýgysy dällik. Onuň 
hiç zat parhyna däldi. 
PARHLANDYRMAK [paryhlannyrmak], işl. Hil 
taýdan 
tapawutlandyrmak, 
parhyny, 
üýtgeşik 
alamatyny, meňzeş däl ýerini anyklamak, parh 
goýmak. 
PARHLANMAK [paryhlanmak], işl. Hil taýdan 
tapawutlanmak, parh etmek. 
PARHLANMAZLYK [paryhlanmazlyk], iş ady. 
Parh etmezlik, tapawut etmezlik. 
PARHLY [paryhly], syp1. Hil, baha, agram we 
ş.m. taýdan parhy bolan, tapawutly. 2. Akyl, pähim, 
gylyk we ş.m. taýdan tapawutly, paýhasly, pähimli; 
artykmaç, geçirimli. Özüň parhly bolup, günäsini 
geçäýmeli ekeniň-dä. 
PARHLYLYK [paryhlylyk], at.1. Biri-birinden 
parhy, tapawudy barlyk (zat hakynda). 2. Akyl, 
pähim, gylyk we ş.m. taýdan tapawutlylyk; 
geçirimlilik. 
Güljahan 
onuň 
näme 
diýjek 
bolýandygyna dodagy gymyldanda düşünse hem 
parhlylyk edip dymdy (N. Pomma). 
PARHSYZ [paryhsyz], syp. 1. Tapawutsyz. 2
Perwaýsyz, biperwaý. Melike töweregine parhsyz göz 
gezdirdi (G. Kulyýew).
PARHSYZLYK [paryhsyzlyk], at. 1. Parhy 
ýokluk, 
tapawutsyzlyk. 
2
Perwaýsyzlyk, 
biperwaýlyk. Ol sowuk-salalygy, parhsyzlygy halanok 
(

Edebiýat we sungat

). 
PARK Iat. 1. Dürli güller, agaçlar ekilen hem-de 
dynç alar, gezelenç eder ýaly seýil bagy.  


190 
PARK IIs.ş.aňl.söz. Bir zat parkyldanda çykýan 
ses. 
PARK-PARK, s.ş.aňl.söz. Yzly-yzyna çykýan 
parkyldyly sesler. Kimisi işikde eli paltaly park-park 
edip, odun aýyrýardy (A. Durdyýew). 
PARKET [parke:t], at. Ýörite ýasalan kiçijik berk 
tagta bölejiklerinden gurnalyp ýa-da ýelmenip nagyş 
görnüşli edilip düşelen pol. 
PARKYLDAMA 
[parkyllama], 
iş 
ady. 
Parkyldamak ýagdaýy. 
PARKYLDAMAK 
[parkyllamak], 
işl. 
1
Parkyldyly ses çykmak, parkyldyly seslenmek. 2
Atylyp gitmek, ýarylmak. 
PARKYLDAMAKLYK [parkyllamaklyk], iş 
ady. Parkyldamak ýagdaýy. 
PARKYLDAŞMAK [parkyllaşmak], işl. Yzly-
yzyna parkyldyly ses çykaryp ýarylmak. Daňdanlar 
ter waharmanlar parkyldaşýardylar. 
PARKYLDATMAK [parkyllatmak], işl. 1
Parkyldyly ses çykartmak, parkyldyly ses etdirmek. 
2. Atyp goýbermek, ýarmak. Ol elindäki şarlaryny 
yzly-yzyna parkyldatdy. 
PARKYLDAÝYŞ 
[parkyllaýyş], 
iş 
ady. 
Parkyldamak ýagdaýy. 
PARKYLDY [parkylly], at. Bir zadyň (köplenç, 
çüýşäniň, çyra çüýşesiniň, bulguryň) birbada
ýarylmagyndan, döwülmeginden we ş.m. döreýän 
zarply sesiň ady. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   329   330   331   332   333   334   335   336   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling