PARRYLDAŞMAK
[parryllaşmak],
işl.
Köpçülik bolup, parryldyly ses çykaryşmak.
PARRYLDATMAK
[parryllatmak],
işl.
Parryldyly ses çykarmak, parryldyly seslenmek.
PARRYLDY [parrylly], at. Burnuňdan batly
dem alyp, dem çykarylanda, burun boşlugynda
döreýän sesiň ady. Atlaryň burunlarynyň parryldysy
eşidildi.
PARS [pa:rs], at, ser. Parslar.
PARSAH, at, k.d. 6,5-7,5 kilometre barabar
uzynlyk ölçeg birligi. Leýli ýoly maňa müň parsah
erdi, Hak munça müşgilim asan eýledi (
Leýli –
Mejnun
).
PARSLAR [pa:rslar], at. Eýranyň esasy ilaty.
PARSY [pa:rsy], syp. Parsça. Baý-baý, onuň
parlaýşyny, Parsy bilen sözläýşini (Tapmaçanyň
manysy: dutar)
PARSYLAMAK [pa:rsylamak], işl., gepl.d. 1.
Pars dilinde geplemek, parsça, parsy geplemek.
Perman gaýtadan:– Benişin!– diýip, parsylady (G.
Kulyýew). 2. göç.m. Düşnüksiz dilde geplemek. Ýeri,
parsylan kişi bolup, diliňi aýnatma-da, gönülesene!
(B. Kerbabaýew).
PARSYLATMAK [pa:rsylatmak], işl., gepl.d.
Başga birini parsça gürletmek, gepletmek.
PARSYLDAMAK [parsyllamak], işl. Parsyldap
ýarylmak, parsyldyly seslenmek.
PARSYLDAŞMAK [parsyllaşmak], işl. Pars-
pars edip, yzly-yzyna ýarylmak.
PARSYLDATMAK
[parsyllatmak],
işl.
Parsyldyly ses çykarmak, parsyldyly ses etmek.
PARSYLDY [parsylly], at. Ýel berlen zat birden
ýarylanda döreýän sesiň ady.
PARTA, at. Oturgyjy bilen birleşdirilen üsti
ýapgyt mekdep stoly. Synp otagynda ýigrimi parta
goýlupdyr.
Do'stlaringiz bilan baham: |