Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PALASLYK [pala:slyk], syp. Palas dokamak üçin  gerekli. Palaslyk ýüp.  PALAW


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet332/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   328   329   330   331   332   333   334   335   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PALASLYK [pala:slyk], syp. Palas dokamak üçin 
gerekli. Palaslyk ýüp. 
PALAW [palow], at. Ýagda gowrulan etiň üstüne 
sogan, käşir dograp, suw guýlup, tüwi atylyp, 
buglanyp bişirilýän nahar. Gury sözden palaw 
bolmaz, ýag bilen tüwüsi bolmasa (Nakyl). Boşapdy 
bäş sany palawly çanak... (K. Gurbannepesow).
PALÇY 
[pa:lçy], 
at. 
Pal atmak bilen 
meşgullanýan adam. Palçy – ýalançy (Nakyl). 
PALÇYK, at. 1. Ýagşyň ýa-da suwuň täsiri 
netijesinde emele gelen laý. Şykgy palçyk ýöremegi 
kynlaşdyrýar (A. Durdyýew). 2. Toprak bilen suw 
garylyp, gurluşyk işlerinde peýdalanylýan laý. Onuň 
howlusynyň 
daş-töweregine 
aýlanan 
diwary 
palçykdan galdyrylan galyň haýatdy (A. Gowşudow).
PALÇYKLAMAiş ady. Palçyklamak ýagdaýy. 
PALÇYKLAMAK, işl. Palçyk çalmak; daş-
töweregi palçyk etmek. Arynyň öýüni palçyklamak. 
Aýagyňyz bilen palçyk getirip, eýwany palçyklap 
durmaň! 
PALÇYKLAMAKLYK, iş ady. Palçyklamak 
ýagdaýy. 
PALÇYKLANMAKişl. Palçyk çalynmak. 
PALÇYKLAÝYŞiş ady. Palçyklamak ýagdaýy. 
PALÇYKLYK, 1at. Ýagşyň ýa-da suwuň täsiri 
netijesinde palçyga öwrülen ýer. 2syp. Palçyk etmek 
üçin gerek bolan. Palçyklyk gum. 


187 
PALÇYLDAMA 
[palçyllama], 
iş 
ady. 
Palçyldamak ýagdaýy. 
PALÇYLDAMAK [palçyllamak], işl. Ýere batly 
gaçmak, gaty ýykylmak, palçyldyly ses çykmak. 
Garpyz gaty ýere palçyldap gaçyp, çym-pytrak boldy. 
PALÇYLDAMAKLYK [palçyllamaklyk], iş ady. 
Palçyldamak ýagdaýy. 
PALÇYLDAŞMAK [palçyllaşmak], işl. Yzly-
yzyna ýere gaçmak. 
PALÇYLDATMAK [palçyllatmak], işl. 1. Ýere 
batly gaçyrmak, taşlamak, eliňden gaçyryp, kül-uşak 
etmek. 2. göç.m. Ýumruk salmak, eliň bilen urmak. 
Elini salgap, ýüzüne palçyldadyp goýberdi
PALÇYLDAÝYŞ 
[palçyllaýyş], 
iş 
ady. 
Palçyldamak ýagdaýy. 
PALÇYLDY [palçylly], at. Ýere gaty ýykylmak, 
ýere batly gaçmak we ş.m. sebäpli çykýan sesiň ady. 
PALÇYLYK [pa:lçylyk], at. Palçynyň käri, 
ýagdaýy. 
PALLAMA [pa:llama], iş ady. Pallamak 
ýagdaýy. 
PALLAMAK [pa:llamak], işl. Ýadawlykdan ýa-
da ukyň tutmagy sebäpli agzyňy giň açyp, ilki 
howany içiňe sorup, soňundan hem daşyňa 
çykarmak. Çagajyk uludan pallady. 
PALLAMAKLYK [pa:llamaklyk], iş ady. 
Pallamak ýagdaýy. 
PALLAŞMAK [pa:llaşmak], işl. Birnäçe bolup 
pallap oturmak. Çagalar pallaşyp başlady. 
PALLATMAK [pa:llatmak], işl. Pallamak 
derejesine ýetirmek. Çagalary wagtynda ýatyraýsaň 
bolmaýarmy, ýöne palladyp otyrsyň. 
PALLAÝYŞ [pa:llaýyş], iş ady. Pallamak 
ýagdaýy. 
PALMAN [pa:lma:n], at, kön.s., ser. Palçy. 
Gurrandazlar gurra saldy, müneçjimler kitap açdy, 
palmanlar pal garady (

Görogly

). 
PALTA, at. 1. Çapmak üçin taplanyp ýasalan, 
kesýän tarapy ýasy, çüwdeli, ýiti ýüzli, saply gural;
sowuk ýarag. Maňa bir palta ýasap bermegi 
ýadyňdan çykarma (A. Gowşudow). 2. Oglana 
dakylýan at. 

Paltaň daşa degmek bir işi amala aşyrmakda 
uly garşylyga duçar bolmak, etjek işiň başa 
barmazlyk. 
PALTALAMAiş ady. Paltalamak ýagdaýy. 
PALTALAMAKişl. Palta bilen çapmak. 
PALTALAMAKLYK,iş 
ady. 
Paltalamak
ýagdaýy. 
PALTALANMAKişl. Palta bilen çapylmak.
PALTALAŞDYRMAK, işl. Birnäçe zady palta 
bilen çapyp çykmak. 
PALTALAŞMAK, işl. 1. Paltalamaga kömek 
etmek. Kakama goparyp aýyrmak üçin guran erigiň 
köküni paltalaşdym. 2. Biri-biriňi paltalamak, biri-
biriňe palta salmak. Öjügişmäňem çeni-çaky bardyr, 
indi bes etmejek bolsaňyz, size indi diňe 
paltalaşaýmak galýar. 
PALTALATMAK, işl. Palta bilen çapdyrmak, 
bölekletmek.
PALTALAÝYŞiş ady. Paltalamak ýagdaýy. 
PALTATUMŞUK
at. 
Guşlaryň 
serçeler 
bölümine degişli, kellesiniň üsti, boýun, arka we döş 
ýelekleri gara, garny we guýruk ýelekleri gögümtil-
sary, ganat ýelekleri goňras-gara reňkli guş. 
PALTUN [paltu:n], at. Etegi dyzyňa ýetip ýa-da 
dyzyňdan geçip duran ýyly gyş eşigi, palto. 
PAMYK [pa:myk], at. 1. Işlenip taýýarlanan
pagta süýümi. 2. Gyza dakylýan at. 
PANARat. Agaçdan kesilip alnan ýukajyk gatlar 
biri-birine atanaklaýyn ýelimlenip ýasalan gurluşyk 
materialy. 
PANUS [pa:nu:s / pa:nys], at. Çüýşeli çyranyň 
elde göterilýän görnüşi. 
PANY [pa:ny], syp. Hemişelik däl, ýalançy, 
wagtlaýyn (şu dünýä hakynda). Magtymguly, dünýä 
panydyr, pany (Magtymguly). Käsi sessiz-üýnsüz 
gidipdir uka, Käsi ýüz tutupdyr panydan baka (A. 
Kekilow).

Panydan geçmek (ötmek) aradan çykmak, 
wepat bolmak, ölmek. Dosty-ýaran, deňim-duşum, 
Bu panydan ötüp barmyş (Magtymguly). Panydan 
gaýtmak (ötmek) ölmek. 
PANYLYK [pa:nylyk], at. Pany bolmaklyk, baky 
dällik (dünýä hakynda).
PANYÝET [pa:nyýet], at. Dünýä, bu dünýä. Gök 
çaýyň başynda gyzyşdy gürrüň, Gürlendi panyýet, 
bakyýet hakda (K. Gurbannepesow).
PAŇ, syp. Paňlap ýören, öwünjeň, güplemegi 
gowy görýän. Ol-a bir barypýatan paňdyr
PAŇK, s.ş.aňl.söz. Paňkyldawuk oýnunda eliň 
bilen ýere batly urlan palçykdan çykýan ses. 
PAŇKARMAiş ady. Paňkarmak ýagdaýy. 
PAŇKARMAKişl., serPaňlamak
PAŇKARMAKLYK
iş 
ady. 
Paňkarmak 
ýagdaýy. 
PAŇKARYŞiş ady. Paňkarmak ýagdaýy. 
PAŇKARYŞMAKser. Paňlaşmak
PAŇKELLEsyp. Boş kelle, samsyk, akmak. Bu 
sandan galan paňkellä serediň! (A. Gowşudow).
PAŇKELLELIK, at. Paňkellä mahsus bolan 
gylyk-häsiýet, samsyklyk, akmaklyk. Paňkellelik 
etmek. 
PAŇKYLDAMA 
[paňkyllama], 
iş 
ady. 
Paňkyldamak ýagdaýy. 
PAŇKYLDAMAK 
[paňkyllamak], 
işl. 
Paňkyldyly ses çykarmak, paňkyldyly ses döretmek.  
PAŇKYLDAWUK 
[paňkyllowuk], 
at. 
Çagalaryň palçygy tegeläp, ortasyny çukurrak edip 
ýukaldyp, ony ýere uranda, ýer bilen palçygyň 
arasynda galan howa ýarylyp, paňkyldyly ses 
çykarýan oýnunyň ady. Olar palçykdan paňkyldawuk 
oýnaýardylar (K. Jumaýew).
PAŇKYLDAÝYŞ 
[paňkyllaýyş], 
iş 
ady. 
Paňkyldamak ýagdaýy. 
PAŇKYLDY [paňkylly], at.Ýer bilen palçygyň 
arasynda galan howa ýarylanda çykýan sesiň ady.  
PAŇLAMA, iş ady. Paňlamak ýagdaýy. 


188 
PAŇLAMAK, işl. Öwnüp batly-batly gürlemek, 
çişmek. Sähel bir zat bolsa, men-menlik satyp, paňlar 
eken (

Türkmen halk ertekileri

). 
PAŇLAMAKLYKiş ady. Paňlamak ýagdaýy. 
PAŇLAŞMAK, işl. Birnäçe bolup, bilelikde 
paňlamak. Paňlaşyp oturmaň-da, işiňiz bilen boluň. 
PAŇLAÝYŞiş ady. Paňlamak ýagdaýy. 
PAŇ-PAŇ: 
paň-paň 
etmek 
ser. 
Paňlamak.Sözüňe gulak salyndygy paň-paň edip 
başlaýaň? 
PAPA [pa:pa], at. Rim katolik ybadathanasynyň 
iň ýokary derejeli baştutany. Rim papasy.
PAPAK, at. Ýerligi, köplenç, matadan bolup
maňlaýyna gaş oturdylyp tikilýän we erkek adamlar 
tarapyndan geýilýän başgap. 
PAPAKÇY
at. 
Papak 
tikmek 
bilen
mesgullanýan ussa.
PAPAKLYKsyp. Papak tikmek üçin niýetlenen, 
gerekli (mata we ş.m. zatlar). Papaklyk mata.
PAPIROS  [papiro:s / papyru:s], at. Uç tarapynyň 
içine temmäki dykylan ýukajyk kagyz turbajykly 
çilim.
PAPKA [pa:pka], at. Içine kagyz salmak üçin 
gaty kagyzdan ýa-da gaýyşdan edilen daşlyk. Perman 
papkany açdy-da, hemme zatdan öňürti onuň 
terjimehalyny okamaga durdy (T. Taganow).
PAR, syp. Öňki ýyl sürlüp, üstünden ýyl aşan (ýer 
hakynda). Güýzde däne ekilmedik ýer juda bir köpem 
däldi. Esasan, täze açylan ak ýerlerdi, kiçeňräk 
hemem suw çykmasy kynrak par pellerdi (Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Döwlet guşy).
PARA [pa:ra] I, at. 1. Bölek. Ystyhanym altmyş 
para etdiler (Magtymguly). Aýyň parasy ýaly gyz. 2
kön.s. Şaýylyk pul. 3. zergärç. Ortasy güberçek 
gaşly, töweregi nokat-nokat, çybyk nagyşly, dört 
tarapy gulpluja, süýnmegräk bezeg şaý. 4. Bikanun 
edilen işiň, hereketiň üstüni ýapmak ýa-da bikanun iş 
etdirmek niýeti bilen berilýän ýa-da alynýan pul, zat, 
berim, para-peşgeş. 5. Oglanlaryň tegelejik gurşuny 
ýüňi seçelenip duran deri bölejiginiň aşagyna 
berkidip oýnaýan oýny.
PARAGRAF [para:ğyraf], at.Babyň, bölümiň 
içinde § belgisi bilen aňladylýan belgi we şol 
belginiň ady. 
PARAHAT [para:hat], syp. 1. Uruşsyz, dawasyz, 
asuda, dynç. Parahat durmuş. Parahat ýaşaýyş.
2. Ýuwaş, ümsüm. Deňiz parahatka synla bir meýdan 
– Ruhuň deňiz bilen hezil ediner (G.Ezizow.)  
3. Rahat, arkaýyn, erkin. Iňrik garaldy-da, ýyldyzlar 
ýandy, Hemme zat parahat dem alýar indi (G. 
Ezizow). 4. Adam ady. 
PARAHATÇYLYK [para:hatçylyk], at, ser
Parahatlyk. 1. Dostluk, doganlyk, agzybirlik, 
adalatlylyk, parahatçylyk ýoly bilen ýöräp, Garaşsyz, 
baky Bitarap Türkmenistany kuwwatly, beýik döwlete 
öwürmekde mähriban halkyma bil baglaýaryn 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, 
Garaşsyzlyga 
guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr).  
PARAHATÇYLYKLY [para:hatçylykly], syp.
Parahatçylygy ileri tutýan, parahatçylyga esaslanýan. 
Parahatçylykly syýasat. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   328   329   330   331   332   333   334   335   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling