PAHAÝ, üml., ser. Päheý. Pahaý, ejemiň
aýdýanyna sered-ä! (A. Durdyýew).
PAHNA, at. 1. Owratmagy kyn bolan töňňeleri
jaýyrmak üçin ulanylýan bir tarapy ýogyn, beýleki
tarapy inçelip gidýän demir ýa-da agaç bölegi, şine.
2. Çekijiň, paltanyň sapy gymyldamaz ýaly berklik
üçin kakylýan bir ujy inçeldilen ýasyja agaç bölegi
ýa-da demir, şine. Paltanyň sapyna pahna kakmak. 3.
Sütüniň üstünden goýulýan agaç ýassyk. 4. Serhet
ýakasyndaky sürlen ýer.
Pahna urmak agzalalyk döretmek, närazylyk
döretmek.
PAHNALAMA,iş ady. Pahnalamak ýagdaýy.
PAHNALAMAK, işl. 1. Pahna kakmak, pahna
kakyp jaýyrmak, ýarmak. 2. Çekijiň, paltanyň sapyna
pahna, şine urmak, kakmak.
PAHNALAMAZLYK, işl. Pahna kakylmazlyk.
PAHNALANMAK, işl. Pahna kakylmak, şine
urulmak.
PAHNALAŞMAK,
işl.
Pahnalamaga
kömekleşmek, şine kakyşmak.
PAHNALATMAK, işl. Pahnalamak işini başga
birine etdirmek.
PAHYR [pahy:r], syp. 1. Barly däl, eli ýuka,
gurpsuz, garyp, pukara. Ol pahyr ýarlykly garypdy
(
Türkmen halk ertekileri
). 2. Biçäre, görgüli,
betbagt, ejiz. Hesel pahyr näme etjegini bilmän,
gyrgyň eline düşen guş ýaly çugutdyryp otyr
(
Edebiýat we sungat
). 3. Ölen, ýogalan, aradan
çykan.
Pahyr bolmak ölmek, ýogalmak, aradan
çykmak.
PAHYRLYK [pahy:rlyk], at. 1. Barly dällik, eli
ýukalyk, gurpsuzlyk, garyplyk. 2. Biçärelik,
betbagtlyk, ejizlik.
PAHYR-PUKARA [pahy:r-pukora:], syp.,ser.
Pahyr.
Do'stlaringiz bilan baham: |