Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet324/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   320   321   322   323   324   325   326   327   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

başyňy (özüň) çaramak.  Keliň iň 
ýuwaşy hem köpriniň aşagynda ýatyp, düýe ürküzýär 
welin, biziň kelimiz bolsa, özüni oňarman, aşyk ýaly 
oýnadyp ýörýär (A. Gowşudow). Özüňi raslamak 
ser.Özüňi dürsemek. Orazsoltan eje biçäre, 
çalajadan demini alyp, kem-kemden özüni rastlady 
(H. Derýaýew). Özüňi tutmak 1) güýç ýygnamak, 
kuwwatlanmak, güýç-kuwwatyň artmak, berkemek. 
Ertir, agşam iými näçe iýse, gaýgyrman beriň. Goý, 
ol basym özüni tutsun (B. Kerbabaýew).2
gurplanmak, 
ykdysady 
taýdan 
berkleşmek, 
baýlaşmak. Özüňi tutup bilmezlik rahatlygyňy 
ýitirip, sandyr-sandyr edip durmak. Özüňi uly 
tutmak ulumsylyk etmek, özüňden başgalara
göwnüýetmezçilik etmek. Bolup barşy nähili? Uly 
tutýar özüni (A. Alamyşow). Özüňi ýitirmek 
aljyramak. Ol az salym özüni ýitirip durandan soň, 
Pälwan aga bir zat diýjek ýaly çenendi-de, ýene 
sesini çykarmady (T. Taganow). Özüňi ýokary 
tutmak ser. Özüňi uly tutmak. Ol özüni bizden 
ýokary tutýar ahyry (N. Saryhanow). Bir özi serBir: 
bir öziToýa öýlerinden bir özi barypdyrÝeke özi. 
serÝeke: ýeke özi.Gorkman ýeke özüň geldiňmi? 
ÖZ [ö:z] IIat. Bugdaýda, unda bolýan süýjümtik 
tagam, süýji şire, özleşik. 
ÖZAKYMLAÝYN [ö:zakymlaýyn], syp. Öz 
akymy 
boýunça, 
özbaşdak, 
guramaçylyksyz, 
dolandyrylmaýan.
ÖZAKYMLY 
[ö:zakymly], 
syp.
ser. 
Özakymlaýyn
ÖZAKYMLYLYK 
[ö:zakymlylyk], 
at. 
Özakymly halda bolmaklyk.  
ÖZARA [ö:za:ra], syp. Özleriniň arasynda bolup 
geçýän, biri-birleriniň arasynda, biri-birleri bilen. 
Özara gürrüňÖzara duşuşyklar
ÖZBAŞDAK [ö:zvaşdak], syp., hal. 1. Hiç kim 
bilen bile däl-de, bir özi, ýeke özi, diňe özi, aýratyn. 
Özbaşdak ýaşamak.Biz halyny özbaşdak hem dokap 
bilerdik. 2. Aýry, özbaşyna gurlan. Özbaşdak oturan 
tam3. syp. Hususy, şahsy. Özbaşdak mellek ýeri. 
ÖZBAŞDAKLYK [ö:zvaşdaklyk], at. 1. Hiç 
kime bagly dällik, özgelerden aýrylyk, özbaşyna 
bolmaklyk, 
garaşsyzlyk. 
Magtymguly 
öz 
goşgularynda erkinlik, özbaşdaklyk ýaly pikirleri öňe 
sürüpdir. 2. Özüçe hereket edijilik, özüňçe iş 
görmeklik, özdiýenlilik, öz pikirine eýerijilik.  
ÖZBAŞYNA [ö:zvaşyna], hal. 1. Aýratynlykda, 
ýeke özi. 2. Özbaşdak, aýratyn özi. Ýaşulular belent 
alaňyň üstünde özbaşlaryna söhbet gurap otyrdylar. 
ÖZBEK [özvök], at, ser. Özbekler
ÖZBEKÇE [özvökçö], hal. Özbek dilinde. 
ÖZBEKLER [özvöklör], at. Özbegistanyň esasy 
ilatyny düzýän halk. 
ÖZBOLUŞLY [ö:zvoluşly], syp. Aýratyn bir 
häsiýetli; özüne mahsus gylykly.
ÖZBOLUŞLYLYK 
[ö:zvoluşluluk], 
at. 
Özboluşly häsiýetlilik; özüne mahsus gylyklylyk.
ÖZDIÝENLI [ö:zziýenli], Öz diýenini edýän; 
diýeninden dänmeýän, özgeleriň diýenini hasaba 
almaýan, özbaşdaklyk edýän. Ol örän özdiýenli ýigit. 
ÖZDIÝENLILIK [ö:zdiýenlilik],at. Öz diýenini 
edijilik, diýeninden dänmeýän häsiýetli bolmaklyk. 
ÖZDIÝENLIRÄK [ö:zdlýenlirä:k], syp. Azda-
kände özdiýenli. 
ÖZELENDIRMEK [özölönnürmök], işl. Birine 
janygyp soratdyrmak, ýürekden haýyş etdirmek, 
ýalbartmak. Çagany beýle özelendirip oturma! 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   320   321   322   323   324   325   326   327   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling