Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet325/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   321   322   323   324   325   326   327   328   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖZELENIBERMEK 
[özölönüvermek], 
işl. 
Özelenip başlamak. 
ÖZELENIŞ [özölönüş], iş ady. Özelenmek 
ýagdaýy. 
ÖZELENIŞMEK [özölönüşmök], işl. Birnäçe 
bolup özelenmek. 
ÖZELENME [özölönmö], iş ady. Özelenmek 
ýagdaýy. 
ÖZELENMEK [özölönmök], işl. Birinden bir 
zat haýyş edilende, dilenende janygyp ýalbarmak.  
Ol gyzyny köşeşdirjek bolup özelendi. 
ÖZELENMEKLIK [özölönmöklük], iş ady. 
Özelenmek ýagdaýy. 
ÖZEN [özön], at. 1. Agajyň içki gaty bölegi. 
Miweli baglaryň özeni. 2. Dömüp çykýan ýaralaryň 
jerheti, içinden çykýan ganly iriň. 3göç.m. Bir zadyň 
düýp manysy, esasy bölegi, merkezi.
ÖZERKLI [ö:zerikli], syp. Öz erki, ygtyýary 
elinde bolan. 


183 
ÖZERKLILIK 
[ö:zeriklilik], 
at. 
Özerkli 
bolmaklyk, özerkli häsiýete eýe bolujylyk. 
ÖZERKLIRÄK [ö:zeriklirä:k], syp. Azda-kände 
özerkli. 
ÖZGE [özğö], hal. 1. Başga, aýry. Gögerse 
dyrnaklar, alarsa gözler, Imandan özgesi hiçdir, 
ýaranlar  (Magtymguly). 2. Keseki adam, başga kişi. 
Özgäň gapysynyň öňünde ýaýdanyp durmagam bir 
hili (

Edebiýat we sungat

). 
ÖZGERDIJI [özğördüjü], at. Bir zady öňki 
görnüşinden, bolşundan, ýagdaýyndan başga hala, 
has amatly, peýdaly görnüşe geçirýän adam. Çöli 
özgerdijiler. 
ÖZGERDILMEK [özğördülmök], işl. Bir 
görnüşden, boluşdan başga hala geçirilmek, görnüşi 
üýtgedilmek.  
ÖZGERIŞ 
[özğörüş], 
iş ady. 
Üýtgeýiş, 
üýtgeýişlik. Her işgär ýagşy niýet bilen işlese, ol öz 
işinde düýpli özgeriş döredip biler (B. Seýtäkow). 
ÖZGERIŞLIK [özğörüşlük], at. Bir görnüşden, 
boluşdan, ýagdaýdan başga bir hala geçişlik, 
üýtgeşiklik, täzelik. Bu özgerişlige ýetmek üçin köp 
zähmet çekildi. 
ÖZGERME [özğörmö], iş ady. Özgermek 
ýagdaýy. 
ÖZGERMEK [özğörmök], işl. Bir görnüşden, 
boluşdan, ýagdaýdan we ş.m. başga bir hala geçmek, 
öwrülmek; ozalky görnüşinden has gowy tarapa 
üýtgemek. 
ÖZGERMEKLIK [özğörmöklük], iş ady. 
Özgermek ýagdaýy. 
ÖZGERMEZLIK [özğörmözlük], iş ady. Bir 
görnüşden, boluşdan başga ýagdaýa geçmezlik, 
görnüşini üýtgetmezlik. 
ÖZGERTME [özğörtmö], iş ady. Özgertmek 
ýagdaýy. 2. at. Düýpli üýtgetme, reforma. Eger biz 
adamlara mynasyp durmuşy üpjün etmegi, olaryň 
maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmagy başarsak, 
munuň özi ähli ugurda özgertmelere has netijeli itergi 
berer (Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga 
guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr).  
ÖZGERTMEK 
[özğörtmök], 
işl. 
Ozalky 
bolşundan başga hala, ýagdaýa geçirmek, ozalky 
bolşundan has gowy tarapa üýtgetmek, düýpli 
üýtgeşiklik girizmek. Mekdeplerde dili öwrenmegiň 
meselelerini çözmekde bilim özgertmesiniň häzirki 
döwründe täzeçe çemeleşiş gerek diýip, döwlet 
baştutany öz çykyşynda aýratyn belläp geçipdi 
(

Türkmenistan

).
ÖZLEŞDIRIBERMEK [ö:zlöşdürüvermek], işl. 
Özleşdirip ugramak; özleşdirmegi dowam etdirmek, 
özleşdirmek 
işini 
tamamlamaga 
ýakynlamak. 
Daýhanlar täze ýerleri eýýäm özleşdiriberipdirler. 
ÖZLEŞDIRILMEK 
[ö:zlöşdürülmök], 
işl. 
Özleşdirmek işi durmuşa geçirilmek. Täze ýerler 
özleşdirilýär. Geçilen sapak özleşdirilipdir. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   321   322   323   324   325   326   327   328   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling