Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÖZLEŞDIRIŞ [ö:zlöşdürüş], iş ady. Özleşdirmek  ýagdaýy.  ÖZLEŞDIRME


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet326/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   322   323   324   325   326   327   328   329   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖZLEŞDIRIŞ [ö:zlöşdürüş], iş ady. Özleşdirmek 
ýagdaýy. 
ÖZLEŞDIRME 
[ö:zlöşdürmö], 
iş 
ady. 
Özleşdirmek ýagdaýy. Biziň herimiz bir ýazyjynyň 
eserini okap özleşdirmeli, soňra bolsa biri-birimize 
gürrüň bermeli edipdik. 
ÖZLEŞDIRMEK [ö:zlöşdürmök], işl. 1. Bir 
zady öwrenip, oňat bilmek, doly derejede bilmek; 
tärini ele almak. Iňlis dilini özleşdirmek okuwçylara 
agyr düşmeýär. 2. Işläp, bejerip peýdaly etmek, 
ulanar ýaly etmek, dolanyşyga girizmek, ýaramly 
etmek.
ÖZLEŞDIRMEZLIK [ö:zlöşdürmözlük], iş ady. 
Özleşdirmek işi amal edilmezlik. 
ÖZLI [ö:zlü], syp. Kynlyk bilen ýolunýan hamyr. 
Özli hamyr. 
ÖZLI-ÖZI [ö:zl(ü)-ö:zü], çal., ser. Öz-özleri
ÖZLÜLIK [ö:zlülük], syp. Özli bolmaklyk, özi 
barlyk, özsüz dällik, özleşiklilik (hamyr hakynda). 
ÖZ-ÖZI [ö:z-ö:zü], çal. 1. Diňe özi, bir özi. 
Onuň öz-özi hiňlenýärdi. 2Özbaşdak, başga güýjüň 
täsiri ýetmezden. Öz-özi işlemek.  
ÖZ-ÖZÜNDEN 
[ö:z-ö:zünnön], 
çal. 
1
Guradylman basylan bede öz-özünden ot alyp bilýär
2. Ýöne ýerden, tötänden, duýdansyz. Üstünligiň öz-
özünden gelmeýändigi düşnüklidir. 
ÖZSÜZ [ö:ssüz], syp. Özli däl, özlülik häsiýeti 
bolmadyk, özi ýok (hamyr hakynda). Özsüz hamyr. 
ÖZSÜZLIK [ö:ssüzlük], syp. Özli dällik, özlülik 
häsiýeti bolmazlyk, özi ýokluk. 
ÖZÜÇE [ö:züçö], hal. Öz pikiri boýunça, öz 
düşünişine görä, öz çaklamasy boýunça. Oňa her kim 
özüçe düşünýärdi. 
ÖZYGTYÝARLY 
[ö:zyğtyýa:rly], 
syp. 
Özbaşdak hereket edýän, garaşsyz, ygtyýary öz 
elinde bolan. Özygtyýarly döwlet. 
ÖZYGTYÝARLYLYK [ö:zyğtyýa:rlylyk], at. 
Özbaşdaklyk, 
garaşsyzlyk. 
Türkmen 
halky 
özygtyýarlýlygyny 
we 
garaşsyzlygyny 
gorap 
saklamagy başardy. 
 

 
 
 
P, Türkmen elipbiýiniň ýigriminji harpy. 
PAÇ [pa:ç], at. Bir ýurda getirilýän ýa-da başga 
ýurda äkidilýän harytlardan alynýan salgyt, hyraç, 
gümrük haky.
PAÇAK, at. Gawun, garpyz we ş.m. bakja 
ekinleriniň daşky gaty gabygy. Paçagy gatamadyk 
terne. 
PAÇ-HYRAÇ [pa:ç-hyra:ç], at, ser. Paç.
PADA [pa:da], at, gepl.d. Sygyr sürüsi.
PADYMAN [pa:dyma:n], at. Sygyr çopany. 
Sygyr bakar padyman, Tüýdük çalar şadyman (Halk 


184 
döredijiliginden). Padymanyň gyzyna gün ýaşansoň 
iş geler (Atalar sözi).
PADYMANLYK [pa:dyma:nlyk], at. Sygyr 
çopanynyň, padymanyň käri, ýagdaýy.
PAG [pağ], s.ş. aňl.söz. 1. Suwuklygyň birbada 
zogdurylyp akmagy netijesinde çykýan ses. 2
gepl.d. Şowly, şowuna; işiň ugruna. Dört bolsaň 
pag-da (Aýtgy). 
PAGGYLDAMA 
[pağğyllama], 
iş 
ady. 
Paggyldamak ýagdaýy. 
PAGGYLDAMAK [pağğyllamak], işl. Suwuklyk 
paggyldyly ses çykaryp, batly akyp durmak. 
PAGGYLDAŞMAK [pağğyllaşmak], işl. Birnäçe 
ýerde paggyldyly ses çykaryp batly akmak. Çeşme-
bulaklar paggyldaşyp akyp dur. 
PAGGYLDATMAK 
[pağğyllatmak], 
işl. 
Suwuklygy birden batly guýmak, akdyrmak, 
paglatmak. Olar suwy palçygyň üstüne paggyldadyp 
guýdular. 
PAGGYLDAÝYŞ 
[pağğyllaýyş], 
iş 
ady. 
Paggyldamak ýagdaýy. Suwuň paggyldaýyşy. 
PAGGYLDY [pağğylly], at. Suwuklyk dowamly, 
batly, çalt akanda çykýan sesiň ady. 
PAGLAMA [pağlama], iş ady. Paglamak 
ýagdaýy. 
PAGLAMAK [pağlamak], işl. Birden batly 
akmak, guýulmak, dökülmek. Bedredäki süýt paglap 
gitdi (

Edebiýat we sungat

). 
PAGLAŞMAK [pağlaşmak], işl. Birbada birnäçe 
ýerden paglap akmak, dökülmek. 
PAGLATDYRMAK 
[pağlatdyrmak], 
işl. 
Pagladyp guýdurmak, dökdürmek (suw hakda).
PAGLATMAK [pağlatmak], işl. Gapdaky suwy 
köp möçberde akdyrmak, birden batly akdyrmak
dökmek, guýmak. Onsoň deňziň şor suwuny bedre 
bilen 
üstünden 
pagladyp 
guýýarlar 
(S. 
Annasähedow).
PAGSA [pağsa], at. Palçykdan salnan tamlaryň, 
haýatlaryň beýikligi 60-70 santimetr möçberindäki 
her aýlawy, gory. Dokuz pagsa gala, üç dört pagsa 
ýykylan bir gädigi bar eken (

Görogly

). 
PAGŞYLDAMA 
[pağşyllama], 
iş 
ady. 
Pagşyldamak ýagdaýy. 
PAGŞYLDAMAK [pağşyllamak], işl. 1. Bir zat 
suwa batly urlanda, suw çar tarapa syçrap, pagşyldyly 
ses çykmak. Ol pagşyldap, suwuň içine düşüpdir 
(

Türkmen halk ertekileri

). 2. Çym-pytrak bolup 
döwülmek, bir ýere batly urlup ýa-da degip, bölek-
bölek bolmak (çüýşe, aýna, jäjem, küýze gaplar 
hakynda).Pagşyldap çym-pytrak bolmak. 
PAGŞYLDAMAKLYK [pağşyllamaklyk], iş 
ady. Pagşyldamak ýagdaýy. 
PAGŞYLDAŞMAK [pağşyllaşmak], işl. 1
Birnäçe bolup suwy pagşyldadyp düşmek. Çagalar 
suwly ýabyň içinde pagşyldaşyp, suwa düşýärdiler.
2.Birnäçe ýerden pagşyldyly ses çykmak (köplenç
batly zyňlyp, gaty zada urlup degen aýna, çüýşe 
hakynda). 
PAGŞYLDATMAK [pağşyllatmak], işl. 1
Köplenç, eliň, aýagyň bilen suwa batly urup ýa-da 
oňa başga bir zady degrip, sesli syçratmak. 2. Bir 
ýere batly urup ýa-da degrip bölek-bölek etmek, kül-
uşak etmek. 
PAGŞYLDY [pağşylly], at. Suwuň güýçli 
tolkunyndan ýa-da bir zadyň çym-pytrak bolup 
döwülmeginden, kül-uşak bolmagyndan döreýän ses. 
PAGTA [pağta], at. 1. Gowaçanyň hasyly, pamyk. 
Daýhan birleşiginde pagta arassalaýjy, söwda-
önümçilik kärhanalary hem halkyň hyzmatynda 
(

Türkmenistan

). 2. gepl.d. Gowaça. Pagta ekmek
Pagta meýdany.

Pagta bilen damagyny çalmak birini 
sypaýyçylykly, mylaýym, süýji dil bilen öz diýeniňe 
boýun etmek, razy etmek. Pagta ýaly ýumşak. 
PAGTABAŞ 
[pağtavaş], 
at. 
Kösükliler 
maşgalasyna degişli köpýyllyk ösümlik. 
PAGTABENT [pağtavent], at. 1. Seçme, gülle 
deregine däriniň üstünden pagta, keçe, esgi bölekleri 
dykylan peşeň.  

Pagtabent atylan ýaly bolmak boş ýaňran 
ýaly bolmak, güplän ýaly bolmak. Meniňki bolsa 
pagtabent atylan ýaly gury ses bolýa galyberýär (B. 
Seýtäkow).
PAGTAÇY [pağtaçy], at. Gowaça ösdürip 
ýetişdirmek bilen meşgul bolýan daýhan, gowaça 
ösdürip ýetişdirmek boýunça hünärmen. Ýurdumyzyň 
pagtaçylary 
ýygymyň 
depginini 
günsaýyn 
güýçlendirýärler. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   322   323   324   325   326   327   328   329   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling