Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PAGTAÇYLYK [pağtaçylyk], at. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet327/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   323   324   325   326   327   328   329   330   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PAGTAÇYLYK [pağtaçylyk], at. 1. Oba 
hojalygynyň gowaça ösdürip, pagta hasylyny alýan 
pudagy. Pagtaçylykda-da gowy netijeler gazanan 
kärendeçiler az bolmady (

Türkmenistan

). 2.
Gowaça ekilen meýdan, giden pagta meýdany, 
pagtalyk. Biz pagtaçylyga aýlanyp gördük. 
PAGTALY [pağtaly], syp. 1. Içine pagta salnan, 
dykylan. Olar pagtaly ganaryň üstünde oturyp, bir 
salym gürrüň etdiler (B. Kerbabaýew). 2. Pagta 
salnyp tikilen. Gylyç Mergen gyşyna pagtaly don 
geýerdi (A. Gowşudow). 
PAGTALYK [pağtalyk], at. 1. ser. Pagtaçylyk. 
Pagtalyk meýdan. 2. Bahasyny pagta ýetişeninden 
soň üzülişmek şerti bilen nesýe alynýan zat; soňra 
gaýtarylyp berilýän bergi. Seniň dükanyňdan zat 
alsak, pagtalyk diýip aldyk (A. Gowşudow).
PAGTAZARLYK [pağtaza:rlyk], at, Gowaça 
ekilen meýdan, giden pagta meýdany, pagtalyk 
(dabaraly ýokary äheň bilen aýdylýan söz). Biziň 
alnymyzda ýene bir pagtazarlyk göründi (

Edebiýat 
we sungat

). 
PAGYŞ-PAGYŞ [pağyş-pağyş], s.ş.aňl.söz.Yzly-
yzyna çykýan pagşyldyly sesler. Nawyň kütek burny 
tolkuna degip, pagyş-pagyş edip suwy bölýärdi (Ş. 
Borjakow). 
PAGYŞ-PARA 
[pağyş-pa:ra]: 
pagyş-para 
bolmak çym-pytrak bolmak, çym-pytrak bolup 
dagamak, döwülmek. Çüýşe pagyş-para bolup 
pytrady. Pagyş-para eremek (eretmek) 1) eremek, 
suwuklyga öwrülmek, suw bolup akmak. Şeýdip 
lowlap gelýärkä okeanyň deňinden, Doňup ýatan 
okean bugarypdyr deminden.Ýuwaş-ýuwaş bugaryp, 


185 
pagyş-para eräpdir. Şeýdip dünýäň ýüzünde birden 
Tomus döräpdir (K.Gurbannepesow). Gar gün 
çogunyň astynda pagyş-para eredi. 2) özüni 
ýitirmek, süňňi gowşap, ygtyýary gitmek. Öz eziziniň 
dilinden aýdylan bu sözler Göwheri pagyş-para 
eretdi (A. Gurbanow). 
PAHüml. Haýran bolmagy, geň galmagy, ahmyr 
etmegi we ş.m. aňlatmak üçin aýdylýar. Pah, munuň 
bilijiligine bir seretsene! (A. Gowşudow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   323   324   325   326   327   328   329   330   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling