Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet320/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   316   317   318   319   320   321   322   323   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖÝSÜNat, ser. Öwsünçe
ÖÝSÜZ, syp. Öýi, maşgalasy ýok, öýli däl. 
Bujagaz günüňi bulama, öýlükäň öýsüz galarsyň (N. 
Pomma). 
ÖÝSÜZLIK [öýsüzlük], syp. Öýi, maşgalasy 
ýokluk. 
ÖÝSÜZ-ÖWZARSYZ [öýsüz-öwza:rsyz], syp. 
Öýi-öwzary ýok, öýli däl. Men bir eýesiz-idegsiz, 
öýsüz-öwzarsyz ýetim (

Türkmen halk ertekileri

). 
ÖÝSÜZ-ÖWZARSYZLYK 
[öýsüz-
öwza:rsyzlyk], at. Öýi-öwzary ýokluk, öýli dällik. 
ÖÝTME [öýtmö], iş ady. Öýtmek ýagdaýy. 
ÖÝTMEK [öýtmök], işl. Pylanydyr ýa-da bir 
zatdyr diýip pikir etmek; oý etmek, oýlamak.
ÖÝTMEKLIK [öýtmöklük], iş ady. Öýtmek 
ýagdaýy. 
ÖÝTMEZLIK [öýtmözlük], iş ady. Pylanydyr 
ýa-da bir zatdyr diýip pikir etmezlik. 
ÖÝÜBERMEK [öýüvermek], işl. Hamyryň 
bölegini kendirigiň üstünde, eliň aýasynda eýlemäge 
başlamak, eýlemek işini dowam etdirmek. Sen 
hamyry öýüber, menem tamdyra odun taýynlaýyn. 
ÖÝÜLMEK [öýülmök], işl. Eliň aýasy bilen 
togalanyp eýlenmek (hamyr hakynda). 
ÖÝÜŞ, iş ady. Öýmek ýagdaýy. 
ÖÝÜŞMEK [öýüşmök], işl. Birine hamyr 
bölegini eýleşmek. 
ÖÝÝÜP, at. Gara öýüň (oraçanyň) tüýnüginden 
asylýan ýüp. 
ÖZ [ö:z] I, Haýsydyr bir zadyň, hereketiň göz 
öňünde tutulýan adamyň hususylygyna degişlidigini 
aňladýan gaýdym çalyşmasy.

Öz agyňy aglamak najatyňy garamak, öz 
aladaňy özüň etmek. Öz agyran ýeriňi tutmak özüňi 
biynjalyk edýän zat hakynda aladalanmak, öz derdiň 
bilen bolmak. Öz arabaňy tigirlemek öz işiň, günüň 
we ş.m. bilen bolmak, öz günüňi özüň görmegi 
başarmak. Sen maňa gep öwretjek bolma, git-de öz 
arabaňy tigirläber (B. Gulow). Öz aýagyňa özüň 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   316   317   318   319   320   321   322   323   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling