Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet316/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   312   313   314   315   316   317   318   319   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖÝKENLEMEK [öýkönlömök], işl. Öýken 
keseli bilen kesellemek, öýken keseline uçramak, 
sezewar bolmak. Dowarlar öýkenläpdir. 
ÖÝKENLI [öýkönlü], syp. 1. Öýken keseli bilen 
kesellän, öýken keselinden dert çekýän, öýken 
keseline uçran. Öýkenli geçi. 2. gepl.d.Inçekeselli. 
ÖÝKESIZ [öýkösüz], syp. Öýkesi bolmadyk
öýkeli däl, öýke-kine saklamaýan, kinesiz. Agysyz 
ölüm bolmaz, öýkesiz – toý (Nakyl). 
ÖÝKESIZLIK [öýkösüzlük], at. Öýke-kine 
ýokluk, öýke-kine saklamazlyk, kinesizlik. 
ÖÝKÜNDIRMEK [öýkünnürmök], işl. Biriniň 
bolşuna, hereketine, sözüne öýküner ýaly etmek. 
Bagşynyň agzyna öýkündirmek. 
ÖÝKÜNIBERMEK 
[öýkünüvermek], 
işl. 
Öýkünip başlamak. 


180 
ÖÝKÜNILMEK [öýkünülmök], işl. Biriniň 
bolşy, hereketi şoňuňka meňzedilip gaýtalanmak. 
ÖÝKÜNIŞ [öýkünüş], iş ady. Öýkünmek 
ýagdaýy. 
ÖÝKÜNIŞMEK [öýkünüşmök], işl. Biri-biriňe 
ýa-da birnäçe bolup bilelikde başga birine öýkünmek. 
Beýdişip, biri-birimiziň agzamyza öýkünişip dursak, 
biz oňly zadyň üstünden barmarys (B. Seýtäkow). 
ÖÝKÜNJEŇ [öýkünjöň], syp. Öýkünmäge endik 
bolan, başga biriniň bolşuny, hereketini hut özüne 
meňzedip öýkünegen.  Ol ýomakçylygynyň daşyndan 
hem gaty öýkünjeň adamdy. 
ÖÝKÜNJEŇLIK 
[öýkünjöňlük], 
syp. 
1
Öýkünjeň 
bolmaklyk, 
öýkünjeňhäsiýetlilik. 
Öýkünjeňlik gowygörülýän gylyk däl. 3. Öňden bar 
bolan nusga öýkünmeklik, şoňa meňzedip eser 
döretmeklik. Çagalar üçin ýazan ilkinji eserlerinde 
öýkünjeňlik äheňi göz-görtele duýulýar (

Edebiýat 
we sungat

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   312   313   314   315   316   317   318   319   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling