Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÖWÜSMEKLIK  [öwüsmöklük],  iş  ady.  Öwüsmek ýagdaýy.  ÖWÜSMEZLIK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet313/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   309   310   311   312   313   314   315   316   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖWÜSMEKLIK 
[öwüsmöklük], 
iş 
ady. 
Öwüsmek ýagdaýy. 
ÖWÜSMEZLIK [öwüsmözlük], iş ady. Öwsüp 
durmazlyk. 
ÖWÜŞGIN [öwüşğün], at, ser. Öwşün. Munuň 
özi, türkmenleriň ajaýyp Altyn asyrynyň müň dürli 
gözel reňkiniň bir öwüşginidir (

Türkmenistan

). 
ÖWÜŞGINLI [öwüşğünlü], syp. Öwüşgin atýan, 
öwşün atýan, ýalpyldaýan. Ýöne türkmen halky 
köşklerde ýaşan döwürlerinde has köp dürli, köp 
öwüşginli geýnen bolmaly (

Nesil

). 
ÖWÜŞGINLIRÄK 
[öwüşğünlürä:k], 
syp
Öwüşgini çalarak, çala öwüşgin atýan. 
ÖWÜTat. Berilýän maslahat, nesihat. Öwüt ber 
öwüt alana, syr berme gybat çalana (Nakyl). Nesihat 
eder men kim gulak salsa, Çoh dertden gutular, 
öwüdim alsa (Seýdi). 
ÖWÜTÇI [öwütçü], at. Öwüt-nesihat beriji, 
öwüt-nesihat berýän adam. Polat hem çemesi 
gelende, öwütçä öwüt bermän saklanyp bilmedi (N. 
Jumaýew). 
ÖWÜTLI [öwütlü], syp. Öwüt beriji, nesihat 
ediji. Şahyryň öwütli sözleri adamlary oýlandyrýar. 
ÖWÜT-NESIHAT [öwüt-nesi:hat], at, ser. 
Öwüt.Ene özüniň perzendine öwüt-nesihat berdi. 
ÖWÜT-ÜNDEW [öwüt-ünnöw], at, ser. Öwüt-
nesihat. Onuň çuň manyly, öwüt-ündew bilen 
ýugrulan goşgy-gazallary tä Hywa, Buhara çenli 
külli türkmene meşhurdy (G. Kulyýew).


178 
ÖWZAR [öwza:r], at. 1. ser. Öwsele. Öýem 
gerek däl, öwzar hem (B. Kerbabaýew). 2. ser. Öý-
öwzar.
ÖWZAÝ [öwza:ý], at. Päl, niýet, hyýal, öwdaý. 
Içerdäkileriň öwzaýy bozuk görünýär (B. Seýtäkow). 
ÖÝ, at. 1. Esasan dört, alty ganatdan ybarat 
bolup, ýokarky bölegi uk we tüýnük arkaly birleşýän, 
üsti üzük bilen örtülýän tegelek görnüşli ýaşaýyş 
jaýy. Ýel garaja öýüň uklaryny şatyrdadyp çaýkap 
başlady (B. Kerbabaýew). 2. Ýaşaýyş jaýy, tam, 
otag. 3. gepl.d.Haýwanlaryň, mör-möjekleriň hini, 
süreni, ýaşaýan ýeri. Çybyk bilen arynyň öýüni 
gorjama. 4göç.m. Maşgala, hojalyk. 5göç.m. Bir 
hereketiň, aň-düşünjäniň, duýgynyň we ş.m. 
jümmüşi, içi. Sepil boldum, jümle jahany ýörüp, 
Gapyl galdym, gam öýünde sargaryp (Magtymguly). 
6. göç.m. Ýöriteleşdirilen jemgyýetçilik binasy; 
medeni-aň-bilim, ylmy, durmuşy we ş.m. döwlet 
edarasy we şol edaranyň ýerleşýän jaýy. Nebitçiler 
öýüniň öňündäki aýtymçada adam has hem kändi (B. 
Kerbabaýew). Medeniýet öýiDemirýolçular öýi

Öý eýesi öýe hojaýynlyk edýän adam, öý 
hojalygyny dolandyrýan, alyp barýan adam. Häzir öý 
eýesi geler. Öý hojalykçy aýal jemgyýetçilik işinde 
işlemän, diňe öý, hojalyk işi bilen meşgullanýan aýal. 
Öýi arkasynda, çemçesi bilinde mesgen tutmaýan, 
ykmanda, öýsüz-öwzarsyz. Onuň hemişe öýi 
arkasynda, çemçesi bilindedi. Öýi köýen öýi ýanan 
kezzap. Şondan peýdalanyp, öýi köýen, doýup galjak-
da (R. Allanazarow). Öý işi 1) hojalykda ýerine 
ýetirilýän dürli häsiýetli işler, hysyrdy. 2) öýde ýerine 
ýetirmek üçin mugallym tarapyndan okuwça 
tabşyrylýan ýumuş. Öýüni towuga ýükläýmeli 
zatsyz, malsyz, baryp ýatan garyp. Öý ýarmak 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   309   310   311   312   313   314   315   316   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling