ÖWÜNJEŇRÄK [öwünjöňürä:k], syp. Birneme
öwünjeň.
ÖWÜNMEK [öwünmök], işl. Öz-özüňi öwmek,
öz-özüňi taryp etmek, magtanmak. Aman, umuman,
öň hem buýruk bermegi, güpüläp öwünmegi ýaman
görmeýärdi (G. Gurbansähedow).
ÖWÜR-ÇÖWÜR: öwür-çöwür etmek alyş-
çalyş etmek, zat alyp, zat satmak, söwda etmek,
öwrüp-çöwürmek.
ÖWÜRME [öwürmö], iş ady. Öwürmek ýagdaýy.
ÖWÜRMEK [öwürmök], işl. 1. Kelläňi, ýüzüňi
bir tarapa aýlamak. Ogrynça kellesini öwrüp, onuň
ýüzüne assyrynlyk bilen seretdi (H. Ysmaýylow). 2.
Bir ugra, tarapa gönükdirmek, ýoluny üýtgetmek.
Sürüji maşyny saga öwürdi (
Edebiýat we sungat
).
3. Bir ýagdaýdan başga bir ýagdaýa geçirmek, öňki
görnüşini üýtgedip, täze görnüşe salmak. Dostluk,
doganlyk, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýoly
bilen ýöräp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany
kuwwatly, beýik döwlete öwürmekde mähriban
halkyma
bil
baglaýaryn
(Gurbanguly
Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany,
halky söýmek bagtdyr). Suwy buga öwürmek. 4.
Beýleki tarapyna agdarmak; bir ýüzünden beýleki
ýüzüne geçirmek. Ol kagyzy beýleki ýüzüne öwürdi-
de, nämedir bir zatlary okady. 5. gepl.d. Alyş-çalyş,
söwda-satyk bilen meşgullanmak, söwda etmek, alyş-
çalyş etmek. Mallary pula öwürmek.
ÖWÜRMEKLIK
[öwürmöklük],
iş
ady.
Öwürmek ýagdaýy.
ÖWÜRMEZLIK
[öwürmözlük],
iş
ady.
Öwürmek hereketi, işi amal edilmezlik.
ÖWÜRTMEK [öwürtmök], işl. 1. Öwürmek
işinibaşga birine etdirmek. Maşyny saga öwürtmek.
Do'stlaringiz bilan baham: |